TÜRKMENISTAN — TÜRKIÝE RESPUBLIKASY: DOSTLUKLY WE ÖZARA BÄHBITLI GATNAŞYKLARY PUGTALANDYRYP

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyzyň ählumumy we sebitleýin geosyýasatda möhüm ähmiýete eýe bolan halkara abraýy dowamly pugtalandyrylýar. Türkmen döwleti dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilmegine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda Türkmenistan dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk we giň gerimli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegini daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitleýär.
Türkmenistan we Türkiýe baý taryhy we medeni mirasa eýe bolan ýurtlardyr. Türkmen hem-de türk halklarynyň öňden gelýän dostluk gatnaşyklary taryhy-medeni däpleriniň umumylyklary, köpasyrlyk söwda we ynsanperwer gatnaşyklary, häzirki döwürde bolsa garaýyşlarynyň meňzeşligi bilen baglanyşyklydyr. Şu günki günde döwletleriň ikisi-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýärler, özleriniň ählumumy asudalyk we howpsuzlyk ýörelgelerine, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşe berk ygrarlydyklaryny görkezýärler.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda ýola goýuldy. Netijeli hyzmatdaşlygyň geçen döwründe iki ýurduň arasynda giň gerimli özara hereketleriň baý hem oňyn tejribesi toplanyldy. Onuň esasyny döwletara, hökümetara we pudagara derejelerde gol çekilen hem-de hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny öz içine alýan ikitaraplaýyn şertnama-hukuk resminamalarynyň giň toplumy düzýär. 
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Liderleriniň arasyndaky özara ynanyşykly gatnaşyklar, ýokary derejedäki netijeli syýasy gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has hem berkitdi, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny we depginini kesgitledi. Şol bir wagtda döwletara gün tertibiniň, halkara we sebitleýin syýasatyň köp meseleleri boýunça özara düşünişmeklik ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilmegine ýardam edýän wajyp görkeziji bolup durýar. Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky diňe dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar strategik häsiýete eýedir.
Dürli derejelerdäki syýasy gepleşikler bilen bir hatarda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine we medeni-ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny görkezýärler. Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylyň 6-njy dekabrynda döredilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-türk hökümetara toparynyň alyp barýan işleri ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kadalaşdyrýan ulgam bolup hyzmat edýär. Köp ýyllaryň dowamynda Türkiýäniň Türkmenistanyň esasy syýasy-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny we haryt dolanyşygynyň möçberi babatda öňdebaryjy orny eýeleýändigini bellemek derwaýysdyr. Iki doganlyk döwlet söwda-ykdysady ulgamdaky giň gerimli işleriniň durmuşa geçirilmegi babatda ähmiýetli mümkinçiliklere eýedirler.
Türkmenistan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we işjeň halkara gatnaşyklar ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly Türkiýe bilen diňe ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde hem dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk hereketlerini üstünlikli ösdürýär.
Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hem netijeli özara hereket etmek arkaly, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň umumylygyny ýa-da meňzeşligini görkezýärler. Soňky ýyllarda türkmen döwleti dünýä syýasatynyň gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda global we energetiki howpsuzlygy üpjün etmek, ulag-logistik ulgamy ösdürmek, daşky gurşawy goramak, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça halkara başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistanyň syýasy başlangyçlary we pikirleri halkara giňişlikde uly goldaw tapýar. Biziň ýurdumyz üçin ýakyn hyzmatdaşlaryň goldawy aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan, öz gezeginde, Türkiýe Respublikasynyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamaga gönükdirilen daşary syýasy tagallalaryny goldaýar. 
Türkmenistanyň we Türkiýäniň sebitiň ösüşi bilen bagly meseleler boýunça hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şunda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) köptaraplaýyn diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň biri bolup çykyş edýär. Türkmenistan bolsa golaýda Geňeşde synçy derejesine eýe boldy. Işjeň türkmen-türk gatnaşyklarynyň mysaly hökmünde iki ýurduň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki özara hereketlerini hem görkezmek bolar.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi, çuňlaşdyrylmagy babatda uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandyklaryny bellemek gerek. Ilkinji nobatda, iki ýurduň halklarynyň taryhy we medeni umumylyklary hem-de olaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge bolan ymtylyşlary muňa oňyn şertleri döredýär.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmegi döwletara gatnaşyklary berkitmek ýolunda möhüm ädimleriň ýene biri bolup, türkmen-türk gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegine täze itergi berer.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.