Taryhy tapyndylar muzeýe gowşuryldy

Ozal habar berlişi ýaly, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäklerindäki ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda türkmen arheologlary tarapyndan täze tapyndylaryň birnäçesi ýüze çykaryldy. Öňňin şol taryhy tapyndylaryň 40-a golaýy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşuryldy. Bu waka mynasybetli, muzeýde «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinden ýüze çykarylan arheologik gymmatlyklary muzeýleşdirmek» atly dabaraly çäre, şeýle hem ýurdumyzyň orta asyrlar taryhyna bagyşlanan sergi guraldy. Sergide, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikleriň fotosuratlary, suratkeşleriň çeken eserleri, Döwlet muzeýine gelip gowşan täze gymmatly tapyndylar görkezildi.
Hormatly Prezidentimiziň şöhratly taryhymyzy öwrenmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hoşallyk sözleri, «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barlan işleriň çäklerinde ýüze çykarylan täsin tapyndylaryň Döwlet muzeýiniň «Orta asyrlar taryhy» zallarynda Dehistandan, Nusaýdan, Merwden tapylan şular ýaly simap gaplar bilen bir hatarda möhüm orun eýelejekdigi, olaryň halkymyzyň taryhyny muzeýleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdy baradaky buýsançly sözler dabarada edilen çykyşlaryň özenini düzdi.
Elbetde, bu taryhy gymmatlyklar ata-babalarymyzyň baý taryhyny, ruhy dünýäsini, maddy medeniýetini öwrenmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat eder. Olaryň muzeýde ýerleşdirilmegi bu ýere gelýänlere taryhy gymmatlyklar bilen ýakyndan gyzyklanmaga mümkinçilik berer.
(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Ahmet TAŇRYGULYÝEW.