«Ýylyň ykdysatçysy» bäsleşigi jemlendi

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň guramagynda «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynda yglan edilen «Ýylyň ykdysatçysy» atly ylmy makalalaryň bäsleşiginiň jemlerine bagyşlanan dabara geçirildi.
Halkara Bitaraplyk gününe, hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna bagyşlanan dabarada ykdysatçy alymlar, maliýe we ykdysadyýet toplumynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hakynda çykyş etdiler.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji oktýabry aralygynda geçirilen bäsleşige milli ykdysadyýetimiziň, maliýe-bank ulgamynyň dürli ugurlaryna, döwletimiziň ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine, sanly ykdysadyýetiň ösüşine, bu ugurda dünýä tejribesine bagyşlanan ylmy makalalaryň onlarçasy hödürlendi.
Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy Hangeldi Gurbangeldiýewe «Ýangyç-energetika toplumy: binýatlaýyn pudak, ösüşleriň gözbaşy» atly makalasy üçin baş baýrak gowşuryldy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş buhgalteri Allamyrat Keýmirow «Sanly ykdysadyýetde buhgalterçilik hasaba alyş syýasaty», «Býujet edaralarynda zähmet hakynyň buhgalterçilik hasaba alyş aýratynlyklary» atly makalalary bilen I orna, şol ministrligiň Ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşi we maliýesi müdirliginiň baş hünärmeni, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň magistranty Meýlis Döwletow «Maliýe durnuklylygy kärhananyň ykdysady howpsuzlygynyň binýadydyr» atly makalasy bilen II orna, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Işgärler syýasaty müdirliginiň daşary ýurt tejribesini özleşdirmek we hünärmenleri taýýarlamak bölüminiň baş hünärmeni Gülaýym Şükürowa «Işgärler syýasatynyň wajyp jähetleri» atly makalasy bilen III orna mynasyp boldy. «Milli ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy: ýetilen sepgitler we öňdebaryjy dünýä tejribesi» atly makalasy bilen bäsleşige gatnaşan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň öwreniji mugallymy Sähragül Ýamadowa höweslendiriji baýrak bilen sylaglandy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Hormat hatlary hem-de sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna-da tomaşa etdiler.
Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».