Bilelikde nurana geljege tarap

Möhüm wakanyň öňüsyrasyndaky oýlanmalar
Türkmenistan ýene sanlyja günden iri halkara çäräni — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitini geçirmäge taýýarlyk görýär. YHG-nyň güni bolan 28-nji noýabrda türkmen paýtagty bu gurama agza ýurtlaryň 9-syndan ýokary derejeli wekiliýetleri, köp sanly myhmanlary garşylar. Nobatdaky Aşgabat duşuşygynda bu düzümde Türkmenistanyň başlyklyk eden ýylynda bitirilen işlere syn berler, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, geljek üçin wezipeleri kesgitlemek babatda ýakyndan pikir alşylar, möhüm resminamalar kabul ediler. Hut şu sammit hem 14-nji sentýabrda resmi ýagdaýda öz işini tamamlap, türkmen diplomatiýasynyň taryhyna möhüm waka bolup ýazylan BMG-niň 75-nji ýubileý mejlisine gaýtadan dolanyp gelmäge esas berdi.

Ýeri gelende ýatlasak, şol mejlisiň tamamlanyp barýan günlerinde — 9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň öňbaşçylygynda biragyzdan goldanylan «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň üstüni ýetirip, ýurdumyzyň YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde alyp baran işiniň guwançly netijeleriniň birine öwrüldi.
Täze Kararnamanyň adyna seredip, ol diňe iki sany halkara guramanyň arasyndaky gatnaşyklary öz içine alýandyr öýdülmegi bolup biläýjek ýagdaý. Ýöne mazmuny bilen tanşanyňda, onuň öz içine alýan ugurlarynyň geriminiň örän giňdigine, esasy maksadynyň bu düzümleriň bilelikdäki tagallalary arkaly sebitde we tutuş dünýäde durnuklylygy hem-de abadançylygy üpjün etmäge goşant goşmak üçin halkara hukuk guralyny döretmekden ybaratdygyna anyk göz ýetirmek bolýar. Aslynda, Birleşen Milletler Guramasy bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hyzmatdaşlygyna degişli dürli ýyllarda kabul edilen Kararnamalar ozalam bar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Baş Assambleýanyň esasy komitetleriniň garamagyna berilmezden, biragyzdan tassyklanylan nobatdaky resminama olaryň logiki dowamy bolmak bilen, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly häzirki döwrüň öňe çykaran derwaýys ugurlarynda özara hereketleri hem öz içine alýar. Kararnama, hususan-da, şu şertlerde BMG-niň degişli ýöriteleşdirilen düzümlerini — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyny, Çagalar gaznasyny, Ilat gaznasyny, Ösüş maksatnamasyny Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlary tehniki we maliýe taýdan goldamaga çagyrýar.
Mälim bolşy ýaly, Eýran, Pakistan hem-de Türkiýe tarapyndan 1985-nji ýylda döredilip, XX asyryň ahyryndaky geosyýasy ýagdaýlar bilen baglylykda, 1992-nji ýylda düzümine 7 sany täze agzany — Azerbaýjany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Türkmenistany, Täjigistany, Owganystany we Özbegistany birleşdirip, iri sebitleýin hökümetara gurama öwrülen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy häzirki zaman halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary — söwda, ulag-aragatnaşyk, energetika, maýa goýumlar, syýahatçylyk, ykdysady ösüş, durmuş goraglylygy we daşky gurşawy goramak boýunça agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek ugrunda iş alyp barýar. Günbatar, Günorta we Merkezi Aziýanyň, Kawkaz sebitiniň ýurtlaryny öz içine alyp, umumylykda 8 million inedördül kilometre deň bolan çäkde ýaşaýan 528 milliondan gowrak ilaty bir bitewi giňişlikde jemleýän bu halkara düzüm geosyýasy we geoykdysady taýdan örän uly artykmaçlyklara eýedir. Hut şol artykmaçlyklardyr agza döwletleriň serişde, ykdysady, adam mümkinçilikleri hem YHG-nyň sebitiň çäginden çykyp, ählumumy tagallalara işjeň goşulyşmagyny şertlendirýär.
Kararnamada guramanyň binýatlaýyn resminamalarynda kesgitlenen ähli ugurlar boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen ýygjam hyzmatdaşlyk göz öňünde tutulyp, sebitde özara ykdysady gatnaşyklary ilerletmäge ýardam berýän ulag-kommunikasiýa we energetika taslamalaryny höweslendirmegiň, aýratyn-da, söwda ulgamynda bilelikdäki hereketleri giňeltmegiň zerurdygy bellenilýär. Sebäbi agza döwletleriň arasynda söwda amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi arkaly özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, goşmaça girdeji gazanmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, şonuň esasynda adamlaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmaga amatly mümkinçilikleri açýar. Ol ýurtlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň depginine hem oňaýly täsirini ýetirýär. Muny diňe Türkmenistanyň köpýyllyk ygtybarly hyzmatdaşlary hasaplanýan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň käbiri bilen haryt dolanyşygynyň görkezijileri babatda-da delillendirip bileris.
Statistiki maglumatlara görä, geçen ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 8 göterim ýokarlanyp, 2 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Şoňa görä-de, Türkiýe ýurdumyzyň söwda hyzmatdaşlarynyň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýär. Özbegistan bilen diňe şu ýylyň 7 aýynda bu görkeziji 230 million amerikan dollaryna barabar boldy. Türkmenistanyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girýän Gazagystan barada aýdylanda, geçen 8 aýda özara haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,6 göterim artdy. Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň Türki geňeş boýunça-da ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaşlarydygyny göz öňünde tutsak, häzirki wagtda bu döwletleriň özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň 21 milliard amerikan dollaryna golaýlaýandygyny hem nygtamaly...
Mysal getirilen diňe şu görkezijiler-de YHG-nyň çäginde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň näderejede bähbitli boljakdygyny doly aýan edýär. «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamada bu ugurda alnyp barlan işlere ýokary baha berlip, Bütindünýä Söwda Guramasyna hem-de beýleki düzümlere YHG-ä agza döwletlere söwdada özara hereketlere, şol sanda «Bir penjire» ulgamyny döretmäge, telekeçileriň işini ösdürmegiň bähbidine wiza amallaryny ýeňilleşdirmek bilen bagly meselelerde goldaw bermäge çagyryşyň beýan edilmegi bolsa sebit we halkara derejede ykdysady integrasiýany giňeltmek, göni maýa goýumlary çekmek üçin örän uly mümkinçilikdir. Ýeri gelende bellesek, geçen ýylda biziň ýurdumyz hem Bütindünýä Söwda Guramasynda synçynyň derejesine eýe boldy.
Täze Kararnamada 2014-nji ýylyň dekabrynda işe girizilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny döwrebap derejede ulanmak bilen bagly anyk ugurlar hem görkezilýär. Çünki ol Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda has amatly demir ýol gatnawyny üpjün edip, Pars aýlagynyň ýurtlaryna çykmak üçin iň gysga ýol hasaplanýar. Maglumatlara görä, diňe geçen ýylyň birinji çärýeginde bu ugur arkaly daşalan ýükleriň mukdary 272,960 tonna deň bolupdyr. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan we ondan aňry Pars aýlagyna demir ýol, multimodal, ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek, bu ugur boýunça daşalýan ýükleriň mukdaryny artdyrmak üçin hytaý tarapy bilen degişli işler alnyp barylýar. Bu bolsa ulag geçelgelerini giňeltmek arkaly diňe bir Aziýa sebitinde däl, eýsem, YHG-nyň giňişliginde hem durnukly ulag ulgamyny ösdürip, umumy abadançylygy pugtalandyrmak üçin goşmaça şertleri döreder.
Biz makalamyzda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamada bellenen ugurlaryň diňe käbirlerine ünsi çekdik. Aslynda, resminamada beýan edilen wezipeler söwda, ulag we energetika ýaly strategik ulgamlardan başlap, syýahatçylyk, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, saglygy goraýyş, tebigy betbagtçylyklara, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine yzygiderli goldaw bermek, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin zerur şertleri döretmek, statistika, ylym-bilim, medeniýet ýaly häzirki zaman gün tertibinde ileri tutulýan ugurlarda BMG-niň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň tehniki hem-de maddy ýagdaýlaryny özünde jemleýär. Agzalan Kararnamada-da şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilmegi biragyzdan goldanan YHG-nyň nobatdaky, XV sammitiniň gün tertibinde-de, ine, hut şu meseleler boýunça öňde durýan anyk wezipeleriň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Milli Liderimiz: «Häzirki döwürde YHG-nyň baş wezipesi ykdysady serişdeler arkaly sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekdir. Parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giňden netijeli hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri döretmekdir. Sebäbi YHG-da, diňe bir ählumumy we sebitdäki ykdysady işlere deňeçer gatnaşmak däl, eýsem, şolaryň ösüşine işjeň täsir etmäge hem zerur mümkinçilikler bar» diýip belleýär. Diýmek, agza ýurtlaryň arasynda ykdysady ösüşe ýardam bermek maksady bilen döredilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maksatdyr wezipeleri Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmegiň bähbidine iş alyp barýan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ynsanperwer ideýalary bilen doly gabat gelýär. Milletler Bileleşiginiň işine 1993-nji ýyldan bäri synçy derejede gatnaşýan YHG-nyň agzalaryny bolsa tebigatyň peşgeşi bolan geografik ýakynlyk, taryhyň we däp-dessurlaryň umumylygy, gadyrly gatnaşyklar, strategik hyzmatdaşlyk birek-birek bilen has-da ysnyşdyrýar. «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygaryny ýörelge edinen türkmen Lideriniň döredijilikli başlangyçlary bolsa Ýer ýüzüniň ähli döwletleridir halklarynyň arasynda özara ynamy pugtalandyrmaga, bütin adamzadyň ykbalyna dahylly işlerde tagallalary birleşdirmäge çagyrýar.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».