Ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlary sylaglanyldy

Öňňin — 16-njy noýabrda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda, şeýle-de ýurdumyzyň welaýatlarynda jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlary boýunça zähmetde we döredijilik işinde tapawutlanan öňdebaryjy ýaşlaryň 62-sine Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabaralary boldy. Olaryň arasynda talyplar, şeýle-de mekdep okuwçylary hem bar. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen dabara ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary bilen birlikde, Türkmenistanyň Gahrymany, halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň, şeýle-de Ýaşlar baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewa hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hormatly myhmanlar hökmünde gatnaşdylar.
Guramanyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelen aýdym-sazly dabaranyň başynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlaryň, şeýle-de ýokary okuw mekdeplerinde okaýan zehinli talyplaryň, mekdep okuwçylarynyň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanylan wideoşekilli alkyşnamanyň görkezilmegi has-da täsirli boldy. Ähli ugurlar boýunça döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza bagtyýar türkmen ýaşlarynyň çäksiz hoşallygynyň beýany hökmünde joşgunly goşgy setirlerinden taýýarlanylan bu alkyşnama dabara gatnaşanlaryň şatlygyny we buýsanjyny, ata Watanymyza bolan söýgüsini has-da artdyrdy.
Soňra ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda gazanan üstünlikleri, jemgyýetçilik işjeňligi bilen aýratyn tapawutlanan öňdebaryjy ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesidigini tassyklaýan degişli şahadatnama, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolanlar özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan edip, ýaşlar hakynda taýsyz tagallalary edýän, olara ähli ugurlar boýunça kämilleşmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş aýtdylar hem-de çäksiz hoşallyk duýgularyny paýlaşdylar.
Dabarada çykyşlara giň orun berildi. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan uly ösüşler, olarda ýaş nesliň eýeleýän orny barada söz sözlänler bagtyýar ýaşlary sylaglary bilen tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly ajaýyp Watanymyzda mundan beýläk hem uly üstünlikleri gazanmaklaryny, baýraklarynyň, Şa serpaýlarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.
Çäräniň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlar halkyny abadan, eşretli durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň, günsaýyn gülläp ösýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, merdana halkymyzyň waspy, bagtyýar ýaşlaryň ýürek owazlary bolup, belentden ýaňlandy. Sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary dabara gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere, gazanylýan ösüşlere, sungat eserlerine bagyşlanan göçme sergi, şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz toparynyň çykyşlary dabaranyň baýramçylyk öwüşginlerini has-da artdyrdy.
Milli Liderimiziň: «Öňe, öňe, ýaşlar bilen diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen ganatly jümlesinden ruhlanýan bagtyýar ýaşlar mundan beýläk hem Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».