Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän ýubileý ýylynyň jemlenmegine az wagtyň galandygyny, şu döwürde birnäçe wajyp çäreleriň, şol sanda halkara forumlaryň meýilleşdirilendigini belledi hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz maslahatyň dowamynda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlarynyň diňleniljekdigini, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu şanly sene mynasybetli halkara maslahat geçiriler. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça degişli Kararnamasy arkaly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň esasy wakalarynyň jemlenmesine öwrüler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu başlangyjy dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary döwletlerde birnäçe çäreler geçirildi. Şolar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň we milli Liderimiziň halkara giňişlikdäki belent abraýynyň ykrarnamasyna öwrüldi.
Häzir meýilleşdirilen halkara maslahatyň maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar hem-de onda kabul ediljek resminamalar degişli taraplar bilen ylalaşylýar. Olar ýakyn wagtda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlener.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda işjeň orun eýeleýändigini belledi.
Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde oňyn başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şolaryň halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy başlangyçlaryň wajypdygynyň hem-de häzirki döwür üçin derwaýysdygynyň aýdyň beýanydyr. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamaga, dünýäniň ýurtlarynyň arasynda parahatçylygyň, ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine dostluk we özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şanly sene mynasybetli geçiriljek halkara maslahatyň ähmiýetini belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu forumy we umuman, ähli baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow Aşgabatda şu aýyň ahyrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň YHG-da başlyklyk edýändigini aýdyp, onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň gün tertibi hakynda giňişleýin maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri YHG-nyň agzasy bolup durýar. Bu iri sebitara düzüm ykdysadyýet we söwda ulgamlaryndaky netijeli döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen döredildi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammiti YHG-nyň gününiň bellenilýän senesinde — 28-nji noýabrda geçiriler. Onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, guramaçylyk topary döredildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň abraýly halkara düzümleriň biri bolan YHG bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Ýurdumyz bu gurama agza döwletleriň arasynda dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegini esasy ugur edinip, onuň dünýä giňişliginde eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagy babatda zerur tagallalary edýär.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitiniň we onuň çäklerinde meýilleşdirilen halkara çäreleriň döwletara gatnaşyklaryň hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýän köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdi we wise-premýere bu halkara çärä hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler hem-de Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, dabaranyň medeni maksatnamasy degişli düzümler bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Şeýle hem wise-premýer iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap kärhananyň ýurdumyzda ozal hereket edýän ugurdaş senagat toplumlarynyň üstüni ýetirjekdigini belledi. Onuň işe girizilmegi Türkmenistanda senagatlaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurdaky yzygiderli tagallasynyň aýdyň netijesidir.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzda gaýtadan işleýän pudagyň okgunly ösdürilýändigini, eksport ugurly önümçiligiň artdyrylýandygyny belläp, Babadaýhan etrabynda gurlan dokma toplumynyň açylyş dabarasyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu kärhananyň doly güýjünde işledilmegi bilen bagly meseleleriň wajypdygyny nygtap, onuň Diýarymyzda öndürilýän pagtany gaýtadan işlemekde hem-de senagatyň bu pudagynyň kuwwatyny artdyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde, bu ýerde zähmet çekjek hünärmenleriň hünär derejesini kämilleşdirmekde wajyp ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze dokma toplumynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda ulanylmaga berilmeginiň ähmiýetini nygtap, bu kärhananyň ýubileý ýyly mynasybetli halkymyza ajaýyp sowgat boljakdygyna ynam bildirdi.
Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow senagat toplumynda we Aşgabat şäherinde alnyp barylýan gurluşyklar hem-de paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilen kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň we baş şäherimizde häzirki zaman seýilgähiniň açylyş dabaralaryna görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Täze kaşaň myhmanhana toplumynda daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara çäreleri, forumlary geçirmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem täze seýilgähde adamlaryň oňaýly dynç almagy bilen bir hatarda, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin degişli mümkinçilikler döredildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen özboluşly bir bitewi sazlaşygy emele getiren täze myhmanhananyň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bu myhmanhanada halkara ähmiýetli möhüm çäräniň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini belläp, şolara hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň, myhmanhana toplumynyň we onuň daş-töwereginiň arassaçylygynyň hem-de abadançylygynyň üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz wise-premýere we Aşgabat şäheriniň häkimine bu ýerde aragatnaşyk, internet we beýleki degişli hyzmatlaryň ýola goýulmalydygyny, bu ugra degişli meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýylyň ahyryna çenli geçirilmegi bellenilen çärelere, şol sanda täze iri desgalaryň açylyşlaryna, Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan dabaralara hem-de Täze ýyly garşylamaga görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan, şu ýylyň ahyryna çenli geçiriljek wakalar bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini öz wagtynda çözmäge oýlanyşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.
Täze, 2022-nji ýyly garşylamak barada aýdylanda bolsa, dürli çäreleri, şol sanda paýtagtymyzyň Baş arçasynda däp bolan yşyklary ýakmak dabarasyny hem-de welaýatlarda şeýle çäreleri, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny, gyzykly sahna oýunlaryny we şatlyk-şowhunly dabaralary öz içine alýan medeni maksatnamany jikme-jik işläp düzmek zerurdyr. Mundan başga-da, many-mazmunly teleradiogepleşikleri taýýarlamaga girişilmelidir. Iň esasysy bolsa, ýaş nesilleriň gatnaşmagynda baýramçylyk çärelerini guramak meselelerine möhüm üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Umuman, hemmeleriň söýüp garşylaýan Täze ýyl baýramy mynasybetli guralýan dabaralar ýokary guramaçylyk derejesinde, giňden we şowhunly, türkmen toýlaryna mahsus äheňde geçirilmelidir. Şolarda şatlyk alamatlary, ruhubelentlik duýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere hem-de beýleki degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, şu günki seredilen meseleleriň wajypdygyny, ýubileý ýylyny ýokary görkezijiler bilen tamamlamak hem-de täze, 2022-nji ýyly mynasyp garşylamak üçin öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmelidigini ýene bir gezek nygtady.
Milli Liderimiz paýtagtymyzda we Diýarymyzyň beýleki şäherlerinde, etraplarynda hem-de obalarynda ähli meýilleşdirilen çäreleriň, şol sanda baýramçylyk dabaralarynyň taýýarlyk işlerine örän jogapkärçilikli we guramaçylykly çemeleşmek, degişli gulluklaryň bökdençsiz işini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkara derejedäki abraýynyň belende galmagynyň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.