Çyn daýhan ýerinden belli

Kerki şäherinden çykyp, Kerki — Türkmenabat ulag ýoly bilen ugrasaň, ýoluň gyrasyndaky ekinzarlyklar bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Göreniň gözüni dokundyrýan maýsalap oturan güýzlüklere dökün berip ýören traktorlaryň hereketi işleriň sazlaşykly guralandygyny görkezýär. Sebäbi dökün berlen ýerler dessine suwarylyp başlanýar. Pilini egnine atyp gelýän daýhan ýigit bu ýerde biziň ilkinji gürrüňdeşimiz boldy.
— «Kerweniň işigi» diýlip atlandyrylýan şu atyza indi 20 ýyl bäri gowaça-da, bugdaý hem ekýäris. Ekin dolanyşygyny geçirip, ekinleriň ikisinden-de bol hasyl alýarys. Ýanýoldaşym Aknabat hem daýhan maşgalasyndan. Şonuň üçin maşgalamyz bolup 5 gektar ýere eýeçilik edýäris — diýip, Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçisi Baýramgeldi Saparow gürrüň berýär.
Saparowlaryň maşgalasy 2019-njy ýylda her gektardan 51 sentner, 2020-nji ýylda 54 sentner, 2021-nji ýylda bolsa 56 sentner bugdaý hasylyny alypdyr. Öz döwründe esasy käri sürüji bolsa-da, daýhançylykdan örküni üzmedik kakasy Gurban Saparow hem Baýramgeldä öz bilýänlerini öwretdi. Pederiniň: «Oglum, topragy har etmeseň, ol seni hor etmez. Ýer ekleýjidir, yhlas bilen ýapyşsaň, sen bu ýerden döwlet taparsyň...» diýen sözlerine daýhan ýigit bahym göz ýetirdi. Ol köp wagtyny öz öýünden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän, kärendesine berlen atyzda geçirýär. Dökünlemek, tekizlemek, sürmek ýaly işler geçirilende, mehanizatorlaryň gapdalyndan aýrylmaýar. Sähel bir ýeri göwnüne makul bolmasa, ony dessine düzetmek bilen bolýar. Çünki biri beýlekisi bilen berk bagly agrotehniki kadalaryň dogry berjaý edilmegi geljekki hasylyň girewi bolup durýar. Bu hakykata pugta göz ýetiren Baýramgeldi, özi ýaş bolsa-da, talapkärligini gowşatmady. Şeýlelikde, Baýramgeldiniň öz maşgalasy bilen topraga edýän idegi beýlekiler üçin-de nusgalyk. Iş bitirseň, ýurdumyzda gadyryň bilinýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Baýramgeldi Saparow «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglandy.
— Zähmetime şeýle uly baha berlip, döwlet sylagynyň gowşurylýan wagty meni täsin duýgular gurşap aldy. Watan mukaddesligi, onuň ösüşine sähelçe-de bolsa öz goşandyňy goşmak we şu topraga dahyllydygyňy duýmak, her gün säher bilen oýanyp, täze dogup gelýän Güni ýüzüňe sylmak, mähriban Diýarda erkana ömür sürýändigiňe guwanmak — dünýäde uly bagt. Şeýle bagtyň eýesi bolup ýaşaýandygym üçin Gahryman Arkadagymyza mydama alkyş aýdýaryn. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun — diýip, kärendeçi Baýramgeldi Saparow ýürek buýsanjyny dile getirýär.
Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).