Aşgabatda pudaklaýyn halkara onlaýn maslahat geçirilýär

Aşgabat, 10-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2021” atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ony “Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.
Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçirilýän şu ýylda guralan ýöriteleşdirilen forum ýurdumyzda iň täze aragatnaşyk serişdeleriniň ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga, halkara aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga, ählumumy Durnukly ösüş maksatlary jähetinden, döwletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki zaman aragatnaşyk serişdelerine bagyşlanan şu gezekki halkara onlaýn maslahatda garalýan wajyp meseleleri ala alyp maslahatlaşmaga 25 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşýar. Maslahatyň işine diňe bir işewür toparlary däl, eýsem, hünärmenler, alymlar hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler.
Ýurdumyzyň öňden gelýän, hemişelik hyzmatdaşlarynyň hatarynda aragatnaşygyň dürli görnüşleri, maglumatlar tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän “NOKIA”, “HUAWEI”, “Thales”, “Afghan Wireless” , “Delta Telecom Ltd”, “Rostelecom”, “Eastwind”, “Azertelecom” we beýlekiler bar.
Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalyna ýygnananlar, şeýle hem daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar teleköpri arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzda dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň tejribesine we innowasiýalaryna daýanyp, milli ykdysadyýetimiz döwrebaplaşdyrylýar, ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Aragatnaşyk ulgamynda sanly tehnologiýalaryň gurluşy, maddy-enjamlaýyn, hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler we iri taslamalar durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar, bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak wezipesine hem uly üns berilýär. Aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge we döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmentel — 2021” halkara onlaýn maslahatyň halklaryň medeni-ykdysady taýdan ýakynlaşmagy, döwletleriň durnukly ösmegi bilen bagly möhüm wezipeleri çözmekdäki, ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekdäki, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekdäki ähmiýetini nygtap, bu forumyň ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmakda, gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmekde, özara bähbitli taslamalary, täze tehnologiýalary, ylmy açyşlary ara alyp maslahatlaşmakda möhüm orun eýelejekdigine ynam bildirdi.
Sanly ykdysadyýet, kanunçylygy rejelemek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan umumy mejlisiň barşynda ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümleriniň, abraýly guramalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, işewürler çykyş etdiler.
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň, Bütindünýä Poçta Birleşiginiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça Sebit hyzmatdaşlygynyň, GSM assosiasiýasynyň, Sanlary we domen atlaryny pugtalandyrmak boýunça internet korporasiýasynyň (ICANN) hem-de beýleki iri halkara guramalaryň doly hukukly agzasy bolmak bilen, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.
Türkmenistanyň telekommunikasiýa ulgamyny kadalaşdyrýan hukuk binýady hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty bilen baglylykda, döwrüň talaplaryna görä yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda “Aragatnaşyk hakynda”, “Türkmenistanda internetiň ösüşini we internet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumatlar we ony goramak hakynda”, “Kiberhowpsuzlyk hakynda”, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Gazanylan üstünlikleriň arasynda Türkmenistanyň özüniň ilkinji “TürkmenÄlem 52oE” emeli hemrasyny uçuryp, kosmosy özleşdirýän ýurtlaryň hataryna goşulmagy guwandyryjy wakadyr. Netijede, ol adaty hem-de ýokary mümkinçilikli teleýaýlymlaryň onlarçasyny alyp görkezmäge şert döredýär. Ondaky iň täze enjamlar multiserwis aragatnaşyk hyzmatlarynyň toplumyny hödürlemäge niýetlenendir. Häzirki wagtda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ikinji milli emeli hemrany döretmek hem-de uçurmak boýunça işler durmuşa geçirilýär.
Maglumatlary bermegiň ösen ulgamynyň bolmagy elektron telekeçiligi, elektron resminama dolanyşygy hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Halkara ölçegleriň derejesine laýyk gelýän giň telekommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanyň diňe bir Merkezi Aziýa sebitindäki esasy ulgam hökmündäki ösüşiniň esasy ugurlaryny däl, eýsem, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky uly ähmiýete eýe bolan maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmündäki ornuny hem kesgitleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda maglumatlary geçirmegiň döwletara optiki-süýümli ulgamlarynyň 8-si hereket edýär. Gurulýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy hem Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berer, sebitde söwda-ykdysady hem-de maglumat-kommunikasiýa ulgamlarynyň ygtybarly we howpsuz işlemegini üpjün eder.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryny baş ýörelge edinýän syýasaty durmuşa geçirýän türkmen hünärmenleri telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmäge aýratyn üns berýärler. Bu bolsa diňe bir ýurdumyzyň ilatyny döwrebap hyzmatlar bilen üpjün etmäge däl, eýsem, sebitde maglumatlary ibermekde möhüm üstaşyr ulgam hökmündäki ornuny hem pugtalandyrar.
Maslahatyň barşynda sanly ulgam arkaly daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar — Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň Baş sekretary Haulin Çžao, GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça Sebit hyzmatdaşlygynyň Baş direktory Nurudin Muhitdinow, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde tehniki direktor Jeý-Pi Takakla, «CNBG Huawei Eurasia» kompaniýasynyň prezidenti Çžao Leý we beýlekiler çykyş etdiler.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiligi onuň durmuş-ykdysady görkezijilerine halkara işewür toparlaryň berýän ýokary bahasy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde halkymyzyň durmuş-hal ýagdaýynyň ýokary derejelere çykarylmagy bilen şertlendirilendir.
Ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamlaryny we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça täze taslamalar hem türkmen halkynyň maddy üpjünçiliginiň we abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Şeýle meýilnamalaryň bolmagynyň özi iri daşary ýurt maýadarlarynda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Onlaýn maslahatyň çäklerinde dürli ýurtlarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmegiň täze ugurlary barada aýdyldy. Dünýäde interneti ösdürmäge täsir edýän öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň geljegine uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, “TürkmenÄlem 52oE” milli aragatnaşyk hemrasyny ulanmagyň çäklerini giňeltmek meselesi hem forumyň mowzuklarynyň biri boldy. Pikir alyşmalaryň barşynda hünärmenler häzirki zaman hemra tehnologiýalaryny ulanmagyň dürli ugurlaryny, milli hemra aragatnaşyk ulgamynyň tehniki we maglumat üpjünçiligi bilen bagly meseleleri, üstaşyr telekommunikasiýa hyzmatlaryny guramak babatda onuň ähmiýetinidir mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda tebigy desgalary öwrenmekde ýeri uzak aralykdan zond arkaly barlamagyň we geomaglumat tehnologiýalarynyň maglumatlaryny ulanmagyň, milli ösüşiň bähbidine ýer üstüni seljermegiň mümkinçilikleri barada çykyşlar diňlenildi.
Aýry-aýry çykyşlar Türkmenistanyň Merkezi Aziýada täze hemra aragatnaşyk operatory hökmündäki ornuna bagyşlandy hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy.
Daşary ýurtly foruma gatnaşyjylar türkmen kärdeşleri bilen giň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns we goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzda döwrebap pudaklaýyn düzümleriň, innowasiýa işi üçin döredilen mümkinçilikleriň we şertleriň bardygyny bellediler.
Foruma gatnaşyjylar diňe bir aragatnaşyk toplumynyň esasy ugurlaryny ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky maglumatlary alyşmak bilen çäklenmän, eýsem, hemra kommunikasiýa tehnologiýalary we programma önümleriniň bazary, sanlylaşdyrma, kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde döwrebap çemeleşmeler, sebitde halkara magistral göwrümini ösdürmek we sanly transformasiýany çaltlandyrmagyň meýilleri boýunça pikir alşyp, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň görnüşlerini we maýa goýum mümkinçiliklerini kesgitläp bilerler.
Ertir “Türkmentel — 2021” atly XIV halkara onlaýn maslahat öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde “Berkidilen we öýjükli aragatnaşyk ulgamlary: aragatnaşygyň bitewi milli ulgamyny döretmek, giň zolakly optiki-süýümli 5G öýjükli aragatnaşyk ulgamlary”, “Sanly özgertmeler zamanasynda maglumat howpsuzlygy” ýaly ugurlar boýunça mejlisler geçiriler. Forum tamamlanandan soňra “Sanly çözgüt — 2021” atly innowasiýa taslamalary bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.