Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralara degişli täze desgalaryň gurluşygynyň barşy hem-de taslamalary bilen tanyşdy

Ahal welaýaty, 10-njy noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligini döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ol ýerlerde gulluk itlerini saklamak üçin niýetlenen binanyň, şeýle hem bu düzümlere degişli athananyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň ýokary derejeli gulluk etmeklerini, göwnejaý dynç almaklaryny we dürli hünärleri ele almaklaryny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.
Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň azyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, olaryň ekerançylyk işleri bilen meşgullanmagynyň, dürli görnüşli önümleri öndürmek meselelerini ýola goýmagynyň uly geljeginiň bardygyny belleýär. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 3-nji noýabrda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirligini döretmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň gök, bakja we miwe önümlerini ösdürip ýetişdirmekleri bilen bir hatarda, olary gaýtadan işlemek meselelerini, soňky tapgyrda bolsa ýyladyşhanalary gurmak işlerini ýola goýmagy tabşyrdy. Munuň özi ýylyň ähli paslynda ter gök önümleriň ösdürilip ýetişdirilmegini üpjün edip, ýaşlaryň halal zähmete gol bermegini, olaryň gulluklarynyň öndürijilikli zähmet bilen utgaşdyrylmagyny, ahyrky netijede bolsa, harby gullukçylaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini üpjün eder.
Döwlet Baştutanymyz dag eteklerindäki ajaýyp künjekleriň birinde saklanyp, ýoluny ahalteke bedewinde dowam etdi.
Tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ekologiýa, bioköpdürlüligi saklamak, çölleşmä garşy göreş bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berýän ýurdumyz bu ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, “Rio+20” sammitinde we beýleki iri forumlarda öňe süren başlangyçlary umumadamzat ähmiýetli wezipeleriň çözgüdine gönükdirilendir.
Tebigatyň bu künjegi güýz paslynda has ajaýyp görnüşe eýe bolýar. Dag etekleriniň giň ýaýlalarynda ynsan saglygyna tenekar howanyň emele gelmegi bu ýerleriň ähmiýetini artdyrýar. Döwlet Baştutanymyz atly gidip barşyna, giň ýaýlanyň ajaýyp görnüşlerini synlady. Häzirki döwürde gönüden-göni milli Liderimiziň aladasy netijesinde ýurdumyzda ekologiýa babatda ägirt uly ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň ajaýyp künjeklerinde, sähralarynda bar bolan ösümlik dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda köpdürlüligini saklap, Watanymyzyň esasy baýlygy dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan maksatnamanyň çäklerinde dürli künjeklerde tokaý zolaklary döredildi. Derýalaryň we akabalaryň kenarlary gök zolaklara beslendi. Merkezi Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam edýär.
Dag etekleriniň gaýtalanmajak ekoulgamy, ösümlik we haýwanat dünýäsi ekologik nukdaýnazardan amatly künjegi döretdi, şonuň üçin hem ony netijeli ulanmak we ylmy taýdan öwrenmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belleýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirliginiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.
Bu ýerde Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew Hojalyk müdirliginiň birinji tapgyrda gurulmagy meýilleşdirilýän binalarynyň we desgalarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdi. Toplum birnäçe binalardan ybarat bolup, olarda ýaş harby gullukçylaryň zähmet endigini ösdürmek üçin ähli zerur şertler üpjün ediler.
Milli Liderimiz görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Gurulýan desgalaryň taslamalary taýýarlananda we olaryň gurluşygynda ýokary hil derejesine aýratyn üns bermelidigini, olaryň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli binagärlik ýörelgelerine kybap gelmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde toplumyň gurluşygy üçin kesgitlenen ýeriň amatly saýlanyp alnandygyny aýtdy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew bu ýerde serhetçiler üçin niýetlenen 150 orunlyk naharhananyň we beýleki desgalaryň taslamalary bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde awtoduralgany, ammarlary, şeýle hem 2 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsini gurmak göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş we gulluk şertlerini yzygiderli gowulandyrmak meselelerine uly üns berilýändigini belläp, gurluşyklaryň ýokary hil derejesine we olaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga tabşyrylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy. Bu meseleler ýurdumyzyň mukaddes çäkleriniň goragynda durýan serhetçiler üçin aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde saklanýan gulluk itleri, olar üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Döwlet serhet gullugynyň başlygy milli Liderimize serhetçi itleriň saklanylyşy, olaryň gulluk üçin taýýarlanylyşy hem-de alabaýlar üçin döredilen şertler barada hasabat berdi. Bu ýerde gulluk itleriniň ukyplaryny artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Ata-babalarymyzyň kemala getiren alabaý itleri milli buýsanjymyz, Watanymyzyň baýlygy bolup durýar. Olary gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Alabaýlar halkymyzyň dostlugy, gaýduwsyzlygy hem-de güýç-kuwwaty alamatlandyrýan wepaly jandary bolmak bilen, olaryň Döwlet serhedini goramakda ulanylmagy aýratyn ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sakçy it hökmünde deňi-taýy bolmadyk alabaý özüniň eýesini we ony gurşap alýan zatlaryň ählisini buýsanç bilen goraýar. Mertebelilik, wepadarlyk alabaý itleriniň tapawutly aýratynlygydyr.
Milli Liderimiz serhetçilere üstünlik arzuw edip, bu ýerden täze athananyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine tarap atly ugrady.
Ýylyň şu paslynda bu ýerleriň gözelligi özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Aýratyn-da, dag ýollarynyň bol suwly akabalary, gür baglyklar oňaýly howa ýagdaýyny emele getirýär. Tebigatyň ajaýyp künjekleriniň adamlaryň dynç alşy we saglygy üçin ylmy esasda peýdalanylmagy bilen baglanyşykly meseleleri döwlet Baştutanymyz hemişe üns merkezinde saklaýar.
Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralar üçin niýetlenen athananyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde saklandy. Içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow hormatly Prezidentimiziň garamagyna täze guruljak desgalar toplumynyň taslamalaryny hödürledi. Bu ýerde ahalteke bedewlerini saklamaga, idetmäge, seýislemäge niýetlenen desgalar bilen bir hatarda, atşynaslar we serkerdeler üçin binalar gurlar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de ministre tabşyryklary berdi. Toplumyň çäginde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen we dünýä ýüzünde uly şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň döwrebap ýagdaýda saklanmagy, olaryň baş sanynyň artdyrylmagy we ýörite seýisçilik işleriniň geçirilmegi üçin döredilýän şertler häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda ozal gurlan we ulanylmaga berlen şeýle desgalar ýaly, täze athana hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Onda bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, atlary çapyşyklara taýýarlamak üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir. Türkmen halkynyň şöhratly atçylyk däpleri täze taryhy eýýamda hem dowam etdirilýär.
Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ýerde ýerleşýän we nyşana ok atmak boýunça türgenleşmek üçin niýetlenen atyşhana tarap ugrady.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ähli şahsy düzümleriň harby-söweşjeň taýýarlygyny kämilleşdirmek meseleleri milli Liderimiziň üns merkezinde durýar. Munuň özi ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Döwlet Baştutanymyz atyşhanada nyşana ok atdy we atylan oklaryň nyşananyň merkezine degmegi ýaraga ussatlyk bilen erk edýändigini görkezdi.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary milli Liderimiziň nobatdaky gezek iň ýokary netijeleri görkezip, häzirki zaman ýaraglaryna ussatlyk bilen erk edýändiginiň şaýady boldular. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, şahsy düzümleriň sportuň harby-amaly görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagynyň harby işde söweşjeň wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine bildirilýän esasy talapdygyny belledi we atan nyşanalaryna öz goluny goýdy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna alyp barýan jogapkärli işlerinde hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.