Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 5-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýubileý ýylynyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we hödürlenen resminamalara seredildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri hem-de şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim ýokarlandy. 2021-nji ýylyň 10 aýynda öndürilen önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim artdy. Bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri 14,6 göterim artdy.
Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 108,3 göterime, çykdajy bölegi 96,1 göterime deň boldy. Iri we orta kärhanalarda aýlyk haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 22,7 milliard manada barabar boldy.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada maglumatlar aýdyldy.
Wise-premýer paýtagtymyzda we welaýatlarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli açylmagy meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hem hasabat berdi. Häzirki güne çenli durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň onlarçasy gurlup, ulanmaga berildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyny hem-de emele gelen ýagdaýlara laýyklykda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça garaşylýan görkezijileri seljermegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gurluşyk we nebitgaz toplumyna degişli edaralaryň işini güýçlendirmek üçin bu pudaklaryň işgärleri bilen maslahat geçirmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny belläp, gysga we orta möhletli döwürlerde dünýä ykdysadyýetindäki ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini azaltmaga mümkinçilik berýän ýagdaýlary öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow býujetiň girdejilerini artdyrmak boýunça hem zerur çäreleriň geçirilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegi dowam etmegiň zerurdygyny aýdyp, maýa goýumlary köpräk çekmek we bu ugurda tutanýerli işlemek, ilkinji nobatda, döwlet çykdajylarynyň möçberini we netijeli bolmagyny gözegçilikde saklamak meseleleriniň wajypdygyny belledi.
Häzirki döwürde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary bilen bilelikde, geljek ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmak öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipe bolup durýar. Her bir ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň 2022-nji ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň anyk meýilnamasy bolmalydyr. Gurluşyk maksatnamasyna aýratyn üns bermeli diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa käýinç yglan etdi.
Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa söz berip, şol bir wagtyň özünde Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowy, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewi, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýewi hem-de Baş prokuror B.Atdaýewi sanly ulgam arkaly göni aragatnaşyga çagyrdy.
Wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebit we gaz kondensatyny çykarmak hem-de nebiti gaýtadan işlemek ulgamyndaky önümçilik görkezijileri barada habar berildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 107 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 107,4 göterim, maýa goýumlary maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça meýilnama 101,8 göterim ýerine ýetirildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 122,8 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 134,7 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu görkezijiler boýunça ösüş depgini, degişlilikde, 123,9 göterim hem-de 139,6 göterim üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ähli senagat düzümleriniň ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmagyň, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz uglewodorod çig malyndan öndürilýän, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini köpeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, şu maksatlar bilen, ýangyç-energetika toplumynyň gaýtadan işleýän ulgamynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin käýinç yglan etdi.
Milli Liderimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy. Soňra döwlet Baştutanymyz Baş prokuror B.Atdaýewe ýüzlenip hem-de nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işine prokuror gözegçiligini gowşadandygyny aýdyp, oňa wezipe borçlaryny ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa söz berip, şol bir wagtyň özünde gurluşyk we binagärlik ministri G.Orunowy, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri B.Annamämmedowy, energetika ministri H.Rejepmyradowy hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewi sanly ulgam arkaly göni aragatnaşyga çagyrdy.
Wise-premýer gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Ýylyň başyndan bäri gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 134,4 göterime deň boldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 114,1 göterim berjaý edildi. Şeýle hem Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi. Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 128,3 göterime barabar boldy. Elektrik energiýasyny öndürmekde 111,7 göterim ösüş gazanyldy, onuň eksportynyň ösüş depgini 133,9 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 153,9 göterim berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu toplumda görkezijileriň, umuman, erbet däldigini, ýöne, mundan beýläk-de tutanýerli we köp işlemelidigini belledi. Milli Liderimiz geljek üçin meýilnamalar barada aýdyp, 2022-nji ýyl üçin oňat maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Öňümizde örän uly möçberli gurluşyk işleri bar. Şoňa görä-de, gurluşyk toplumynyň talaplaryny doly möçberde üpjün etmek üçin gurluşyk senagatyny ösdürmegi dowam etmek wajypdyr. Täze önümhanalary we kärhanalary gurmak, önümçilik boýunça ähli kuwwatlyklary deňagramly ýagdaýda saklap ösdürmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Milli Liderimiz ýaşaýyş jaýlarynyň, şäherçeleriň, durmuş desgalarynyň, aýratyn hem Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyny çaltlandyrmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow bilen bilelikde iş alyp barmak barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzda energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etmek zerurdyr. Gurluşyk, energetika we senagat pudaklaryna gönükdirmek üçin maýa goýumlary gözlemek hem-de bu ugra köpräk çekmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze zawodlaryň önümçilik meýilnamalarynyň doly berjaý edilmegini gazanmak üçin hünärmenleri taýýarlamagyň, önümçilikleri çig mal bilen öz wagtynda üpjün etmegiň, täze önümçiliklerde işi ýola goýmak boýunça çäreleri has işjeň kabul etmegiň möhümdigini nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewe hem-de senagat we gurluşyk önümçiligi ministri B.Annamämmedowa käýinç yglan etdi. Milli Liderimiz degişli Buýruklara gol çekip, emele gelen ýagdaýy içgin seljermek hem-de bar bolan kemçilikleri çalt aradan aýyrmak üçin zerur çäreleri görmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, 6-njy noýabrda geçiriljek ählihalk bag ekmek çäresine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýer oba hojalyk toplumy boýunça, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň 108,3 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça — 108,9 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça — 102,9 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça — 102,8 göterime deň bolandygyny habar berdi. Maýa serişdelerini özleşdirmek boýunça meýilnama 132,4 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmäge hem-de däp bolşy ýaly, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşky gurşaw bilen bagly meseleleriň döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyna ünsi çekdi. Türkmenistan halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda olaryň köpüsi boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şenbe güni «ýaşyl» ekologiýa çäresiniň geçiriljekdigini aýdyp, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek barada degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda geljek ýyla taýýarlyk işleriniň başlanandygyna ünsi çekip, geljek ýylda ýokary hasyl almak üçin ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirilmelidigini belledi. Garagumda ekologiýa taslamalaryny amala aşyrmak boýunça işler çaltlandyrylmalydyr. Şeýle hem ilatymyzy gök önümler bilen bolelin üpjün etmek üçin täze ýyladyşhanalary gurmak bilen bagly meselelere seretmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler E.Orazgeldiýewe we Ç.Gylyjowa daşary ýurtlardan getirilýän gök önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek meselelerini içgin öwrenmegi tabşyryp, munuň üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýerleriň bölünip berlişini çaltlandyrmak bilen bagly meselä ünsi çekdi. Gök-bakja önümleriniň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak üçin bu ekinleriň ekilýän meýdanlary köpeldilmelidir. Bu önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de oba hojalyk önümleriniň daşyndan getirilişini azaltmak boýunça zerur işler geçirilmelidir. Şeýle hem içerki bazarlarymyz özümizde öndürilýän önümler bilen doly üpjün edilmelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Hasyl toýy mynasybetli dabaralary ýokary derejede guramagyň möhümdigini nygtap, wise-premýere döwletliligiň, rysgal-berekediň baýramyny guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şu döwürde okuw işini kämilleşdirmek, bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Umumybilim berýän mekdeplerde esasy ugurlar boýunça ders olimpiadalary geçirildi. Halkara ders olimpiadalaryna gatnaşan talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary birnäçe altyn, kümüş we bürünç medallara hem-de dürli derejedäki diplomlara mynasyp boldy.
Hormatly Prezidentimiziň 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagy mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar we bilim işgärleri üçin watansöýüjilik dersine öwrüldi. Milli Liderimiziň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna “Bilimli” atly öwrediji kompýuterler gowşuryldy.
Ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi hojalyk hasaplaşygyna geçirildi. Döwlet hünär bilim edaralary hakyndaky Düzgünnamalar tassyklanyldy.
Şu ýylyň başyndan bäri Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda, ministrlikleriň garamagyndaky ylmy edaralarda, ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri ýerine ýetirildi. Halkara ylmy maslahatlar geçirildi.
Saglygy goraýyş ulgamynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasy, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy, “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly Milli strategiýa kabul edildi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli sanly ulgam arkaly alym lukmanlaryň “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly halkara maslahat, “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, giň möçberli özgertmeler maksatnamasyna laýyklykda, ähli pudaklaryň, ilkinji nobatda bolsa, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ugurlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we ylmy-usulyýet ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyna, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine talabalaýyk gözegçilik ýola goýulmalydyr. Ýurdumyzyň ylmy edaralarynyň işi önümçilik bilen berk utgaşyklylykda ösdürilmelidir. Sanly ulgama geçmek işleri hem dünýä tejribesi göz öňünde tutulyp, döwrebap derejede ösdürilmelidir. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde okuw işleri mundan beýläk-de düýpli kämilleşdirilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz ýaşlara mümkinçilikleriniň açylmagyna we şahsyýet hökmünde kemala gelmegine kömek bermek üçin ähli şertleriň döredilmelidigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Ýaşlara hemişe maýa goýumlaryny gönükdirmek zerur bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet býujetinde bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryna geljek ýylda hem köp möçberde serişde gönükdiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetinde başlanan uly özgertmeleriň ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek, senagat pudagyny ösdürmek, elektron senagatyny döretmek, halkara ülňülere laýyklykda, telekeçiligiň esaslarynyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň hemmetaraplaýyn taýýarlykly bolmagyny talap edýändigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şu ýylyň başyndan bäri tassyklanan meýilnama laýyklykda, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmeginiň hormatyna medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi. Hasabat döwründe döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Dürli çäreler, şol sanda duşuşyklar, sergiler, konsertler, wagyz-nesihat çäreleri we medeni-durmuş maksatly binalaryň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar guraldy.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzyň ýeten derejesini, gazanýan üstünliklerini giňden wasp etmek, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň okgunly ösüşiniň we halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň ähmiýetini we maksadyny düşündirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirildi.
Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe çäreler guraldy we degişli resminamalara gol çekildi.
Sanly ulgamy kämilleşdirmek, ugurdaş ýokary we orta mekdeplerde okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirildi.
Türkmen döwlet neşirýat gullugynda şu ýylyň on aýynyň önümçilik meýilnamasy 106,5 göterim berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet edaralarynyň işini berk gözegçilikde saklamagyň, häzirki zamanyň talaplaryny we täzeçil ýörelgelerini hasaba almak bilen, olaryň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzda bolup geçýän wakalaryň giňden wagyz edilmegine, baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli geçirilýän medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine döredijilikli çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ilat arasynda arassaçylyk, ýokanç keselleriň öňüni almak meseleleri boýunça giňişleýin düşündiriş işleriniň geçirilişi, döwletimiziň bu ugurda alyp barýan işleri üns merkezinde saklanmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Halkara Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda, şeýle hem ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde, şäherlerinde we obalarynda medeni çäreleri, konsertleri, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary döwletler we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasat ugruny amala aşyrmak, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny we öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy.
Geçen 10 aýyň dowamynda ýurdumyza Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleri sapar bilen geldiler. Şeýle hem şu döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna we Birleşen Arap Emirliklerine iş saparlary, Özbegistan Respublikasyna resmi sapary boldy.
Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe ýurtlaryň Liderleri bilen onlaýn duşuşyklary geçirildi. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly BMG-niň ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna, BMG-niň Durnukly ösüş meseleleri boýunça forumyna, YHG-nyň ХIV sammitine, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň mejlisine, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşine, ylym we tehnologiýalar boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz sanly ulgam arkaly BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde çykyş etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen telefon arkaly gepleşikleri boldy.
DIM-niň ulgamy boýunça gatnaşyklary we geňeşmeleri geçirmek yzygiderli häsiýete eýe boldy. “Merkezi Aziýa — ABŞ (“С5+1”), “Merkezi Aziýa — Hytaý”, “Merkezi Aziýa — Russiýa” görnüşlerinde birnäçe duşuşyklar geçirildi. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň ýokary derejedäki forumy, Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi ýokary derejeli dialogyň nobatdaky tapgyry, Türkmenistan — ÝB bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisi boldy.
Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Hökümetara toparlaryň we beýleki düzümleriň çäklerinde duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, şol sanda ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleri bolan energetika ulgamyndaky özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň meselelerine ünsi çekdi. Bu ugurda ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köptaraply düzümini kemala getirmäge, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge niýetlenen gaýtadan işleýän pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga esaslanýan toplumlaýyn konsepsiýa durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen birlikde, pes uglerodly energetikanyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri bolan Gün, ýel we beýleki energiýa serişdeleriniň ulanylmagyna gönükdirilen ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary işläp taýýarlamak we herekete girizmek ýurdumyzyň ylym ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmenistanda bu ugurda bar bolan ägirt uly kuwwatyň netijeli durmuşa geçirilmegi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge mynasyp goşant bolar we şol bir wagtyň özünde howanyň üýtgemegi ýaly häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözgüdini üpjün eder. Bu bolsa umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklar üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Glazgo şäherine bolan iş saparynyň jemleriniň üstünde durup geçdi. Munuň özi Türkmenistanyň bu meselä örän jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň, adamzadyň çynlakaý wehimleriniň birine garşy durmak üçin gaýragoýulmasyz utgaşykly çäreleriň görülmeginiň zerurdygyna düşünýändiginiň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň BMG-niň ýokarda agzalan Çarçuwaly konwensiýasyny, Kioto teswirnamasyny we Pariž Ylalaşygyny tassyklap, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigini belledi. Dünýä bileleşiginiň ählumumy goldawyna mynasyp bolan birnäçe halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, Bitarap Türkmenistan ekologiýa we howa meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini esasy ugur edinýär.
Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň bu ugurda oýlanyşykly we yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýändigini belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna we beýleki degişli ýolbaşçylara öňde durýan wezipeleri çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň ahyryna çenli meýilleşdirilen iri halkara çärelere, daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň saparlaryna, Halkara Bitaraplyk gününiň baýramyna görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Aşgabatda YHG-nyň ХV sammitini geçirmäge, şeýle hem Türkiýe Respublikasynda boljak Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň sammitine görülýän taýýarlyga ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistany bu guramalara agza ýurtlar bilen däp bolan dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Netijeli söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, bilelikdäki iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi olaryň aýdyň netijeleridir.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna we beýleki Hökümet agzalaryna ýüzlenip, bar bolan köpugurly mümkinçilikleriň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygyny belledi hem-de ähli meýilleşdirilen çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz dünýäde bolup geçýän ýagdaýlardan habarly bolmagyň zerurdygyny belläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna, daşary işler ministrine şundan ugur alyp, dürli halkara çäreleri geçirmegi we olara ýurdumyzyň gatnaşmagy baradaky teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe şu toplum boýunça hyzmatlaryň we önüm öndürmegiň meýilnamasy 110,5 göterim ýerine ýetirildi.
“Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 107 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça ösüş depgini 137,5 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 139,8 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça ösüş depgini 111,1 göterime barabar boldy. “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça degişli işler ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmegiň çäklerinde, girizilýän çäklendirmeler sebäpli, ozalkysy ýaly, agentlikleriň maliýe üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna geljek ýylyň maksatnamasynyň üstünde jikme-jik işlemegi we teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň koronawirusyň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän täsiri sebäpli ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, ýubileý ýylynda Garaşsyz Watanymyzyň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda, üstünlikli ösmegini dowam edýändigini aýdyň görkezýändigini belledi.
Biz jemi içerki önümiň 6,2 göterim möçberde ösüş derejesini saklap galmagy başardyk. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçeler, ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş we saglyk merkezleri, mekdepler, çagalar baglary we beýleki ençeme desgalar bar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Bellenen meýilnamalara laýyklykda, ýurdumyzda 30 desgany işe girizmek göz öňünde tutuldy. Häzirki wagta çenli bolsa, 66 sany iri desgany açyp, ulanmaga berdik. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de birnäçe desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Umumy meýdany 750 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary kämilleşdirilýär. Bazar ykdysadyýeti emele getirilýär. Täze nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar we beýleki halkara taslamalar taýýarlanylýar.
Ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmäge goldaw bermek boýunça syýasat yzygiderli dowam edýär. Ykdysadyýetde özgertmeleri amala aşyrmaga ýurduň telekeçileri giňden çekilýär.
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl biziň öňümizde durýan wezipeler Ministrler Kabinetiniň ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde we ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda anyk kesgitlendi diýip belledi we etmeli işleriň örän köpdügini, bu işleri amala aşyrmak üçin köp we tutanýerli zähmet çekilmelidigini nygtady.
Biziň öňümizde şu ýyl gazanan ösüş depginimizi saklap galmak hem-de geljek ýylda ony has-da artdyrmak wezipesi durýar. Ýylyň tamamlanmagyna bolsa, birýarym aýdan gowrak wagt galdy. Şoňa görä-de, şu ýyly gowy netijeler bilen üstünlikli jemlemek hem-de täze — 2022-nji ýyly gowy netijeler bilen garşylamak üçin biz galan wagtyň dowamynda köp meseleleri çözmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmegiň we daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmagyň döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny has-da çaltlandyrmagyň, dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri hem dowam etmek, öndürilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmak we önümleriň eksport edilýän ugurlaryny giňeltmek wajypdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynda Türkmenistanda uly baýramçylyk senesiniň — Halkara Bitaraplyk gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini nygtap, bu baýramy ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.