Türkmenistan howanyň üýtgemegi babatdaky meselelerde dünýä jemgyýetçiligi bilen tagallalary birleşdirýär

Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Wise-premýer forumda türkmen tarapynyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi.
Serdar Berdimuhamedow çykyşynda türkmen wekiliýetiniň adyndan forumy guraýjylara — Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetine mähirli myhmansöýerlik hem-de maslahatyň netijeli işlemegine döredilen şertler üçin hoşallyk bildirip, ählumumy Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanyň olara ýetmek ugrunda netijeli işleri alyp barýandygyny nygtady.
Konwensiýanyň teklibine hem-de onuň Pariž şertnamasyndaky borçnamalaryna esaslanyp, Türkmenistan howanyň üýtgemegi babatynda amaly tagallalary edýär:
birinjiden, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen, bug gazlarynyň zyňyndylary azalýar;
ikinjiden, Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa, 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýa hem-de Türkmenistanyň “Täzelenýän energiýa çeşmeleri hakynda” täze Kanuny kabul edildi;
üçünjiden, Türkmenistanda her ýyl millionlarça agaç nahallary oturdylýar. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň “gök guşagyny” 25 million nahal artdyrdy, 2021-nji ýylda bolsa 30 million nahalyň ekilmegi meýilleşdirildi;
dördünjiden, Pariž howa şertnamasy boýunça borçnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň milli kesgitlenen goşandy (MKG/NDC) taýýarlanyldy. Onda teklip edilen borçnamalar, bug gazynyň zyňyndylaryny peseltmek we ykdysadyýetiň esasy pudaklaryndaky meseleleri 2030-njy ýyla çenli çözmek baradaky ägirt uly maksadynyň tassyklanmagynyň subutnamasydyr.
Bu babatda metanyň zyňyndylaryny azaltmaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldaýar hem-de giňişleýin gatnaşmak maksady bilen, ony jikme-jik öwrenmäge gyzyklanma bildirýär diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň 2030-njy ýyldan başlap, orta möhletde bug gazlarynyň zyňyndylaryny düýbünden aradan aýyrmagy we zyňyndylaryň ýylsaýyn ep-esli azaldylmagyny gazanmagy meýilleşdirýändigi bellenildi. Bu görkezijilere biziň ýurdumyz öz maliýe serişdeleriniň hem-de halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň tehniki hem-de maliýe goldawlarynyň hasabyna ýetmäge umyt edýär.
Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň howanyň meseleleri boýunça yzygiderli oňyn halkara gatnaşyklaryň dowam etdirilmegine garaşýandygyny, bu babatda BMG-niň Baş sekretarynyň gazanylan çözgütleri durmuşa geçirmek ugrunda edýän tagallalaryny goldaýandygyny we howa bilen bagly meseleleri çözmekde ählitaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny nygtady.
Möhüm netijeli başlangyçlary öňe süren türkmen wekiliýetiniň baştutanynyň mazmunly çykyşy BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň 26-njy maslahatyna gatnaşyjylaryň goldawyna eýe boldy.
Şol başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beýan eden maksatlaryny hem-de pikirlerini ösdürmäge gönükdirilendir. Bu pikirler we maksatlar örän möhüm bolan howa, ekologiýa meselelerinde ýurdumyzyň pugta eýerýän ýörelgesini beýan edýär hem-de milli, sebit we dünýä derejelerinde şolary çözmegiň anyk ýollaryny, gurallaryny kesgitleýär.
Milli Liderimiz şu ýylyň maý aýynda BMG-niň gazyp alýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumynda çykyş edip, Türkmenistanyň daşky gurşawa senagat galyndylarynyň zyňylmagy bilen emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli alada edýändigini hem-de bar bolan töwekgelçilikleri, wehimleri azaltmaga gönükdirilen halkara tagallalaryň ýygjam utgaşdyrylmagyna we ylalaşykly hereket edilmegine ygrarlydygyny aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiz esasy resminama hökmünde howanyň ýagdaýy bilen baglanyşykly borçnamalary ýerine ýetirmegiň halkara hukuk gurallarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilen Howanyň üýtgemegi baradaky Pariž Ylalaşygyna ygrarlydygyny tassyklap, häzir Türkmenistanda BMG-niň daşky gurşaw boýunça (ÝUNEP) maksatnamasynyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň goldaw bermeginde howanyň üýtgemegi hakynda Dördünji milli maglumaty hem-de Birinji ikiýyllyk maglumaty taýýarlamak işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi. Bu resminamalaryň ikisi hem 2023-nji ýylyň başynda BMG-niň sekretariatyna hödürlener.
Türkmenistan dünýäde tebigy serişdeleri gazyp alýan iri ýurtlaryň biri bolup, bu babatda öz jogapkärçiligine doly düşünip, önümçilik maksatlary bilen daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleriň arasyndaky deňeçerligi saklamak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýar. Bilermenleriň Türkmenistanyň Üçünji milli maglumatlarynyň çäklerinde beren bahalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli döwürde ykdysadyýetiň ösüşinde jemi içerki önümiň birligine bolan gatnaşykda energiýanyň sarp edilişiniň udel agramy peseler.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi. Ýene-de bir beýan edilen teklip BMG-niň howandarlygynda dünýä energetikasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça halkara “Ýol kartasynyň” döredilmegine degişli boldy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli halkara derejelerde Türkmenistanyň Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly Tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmaga taýýardygyny beýan etdi, BMG-niň Suw strategiýasyny hem-de BMG-niň Aral boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak baradaky başlangyçlary öňe sürdi.
Şeýle hem türkmen tarapy Merkezi Aziýanyň ekoulgamynyň we howa töwekgelçiliklerini peseltmegiň aýratynlyklaryny nazarda tutup, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça sebit strategiýasyny, howanyň üýtgemegini göz öňünde tutup, suw serişdelerini oýlanyşykly dolandyrmak boýunça taslamalary işläp taýýarlamak baradaky hem-de çölleşmä garşy göreşmek boýunça hereket etmegiň sebit meýilnamasyny durmuşa geçirmek babatdaky teklipleri öňe sürdi.
Türkmenistan bu başlangyçlary durmuşa geçirmekde Birleşen Milletler Guramasynyň senagat taýdan ösüş boýunça guramasyny (ÝUNIDO), BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasyny (ÝUNEP), BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentini, BMG-niň Ösüş maksatnamasyny (BMGÖM) esasy hyzmatdaşlary hasaplaýar.
Ýurdumyz ekologiýa we howa meselelerinde beýleki halkara düzümler, hususan-da, Ählumumy ýaşyl ösüş instituty (GGGI) bilen hyzmatdaşlyk etmäge açykdyr. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan ýakynda kabul edilen “Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda” Kanun bu halkara guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hukuk esasyny döredýär.
Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi hakynda Milli strategiýasy ýurdumyzda tebigaty goramak we uýgunlaşmak işlerini amala aşyrmak boýunça esasy resminama bolup hyzmat edýär. Ol howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelerde milli garaýşy beýan edip, howanyň üýtgemegi hem-de onuň täsirleri babatda Türkmenistanyň döwlet syýasatyny kemala getirmegiň we durmuşa geçirmegiň binýady bolup durýar.
Pariž Ylalaşygyna laýyklykda, rejelenen täze görnüşde 2019-njy ýylda kabul edilen resminama mazmuny boýunça ýurdumyzy pes uglerodly ösdürmegiň strategiýasy bolup, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» wezipelerine kybap gelýär.
Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi hakyndaky Milli strategiýasynyň täze, rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bu ulgamda ýurdumyzyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi hem-de ekologiýa wezipelerini çözmek üçin zerur hukuk, guramaçylyk we tehnologik şertleri döredip, uýgunlaşma çäreleriniň sanawyny düýpli giňeltmek üçin esas bolup hyzmat etdi.
Şunuň ýaly uzak möhletleýin çäreleriň biri howanyň täsirini peseltmek üçin tokaýlary täzeden dikeltmek hem-de ýerden peýdalanylyşyny gowulandyrmak boýunça işlerdir. “Gök guşak” umumymilli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanda suwaryşyň suw tygşytlaýjy oňyn usullaryny ulanmak arkaly şäherleriň töwereginde ägirt uly meýdanlary tutýan tokaý zolaklary döredildi.
Ekologiýa ulgamynyň we tokaý hojalygynyň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny netijeli ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy we tassyklanyldy. Maksatnama dürli pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaprakly, saýaly, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň, çöl ösümlikleriniň ekilmegini we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Türkmenistan milli ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirip, olary BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine hem-de howanyň üýtgemegi baradaky strategiýalaryna doly kybap getirýär. Uglewodorodyň uly gorlaryna eýe bolan, şol sanda pes uglerodly energiýa çeşmesi hasaplanýan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyz gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösdürilmegini hem maksat edinýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we wodorod energetikasy babatda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Şolaryň ähmiýeti howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler sebäpli, dünýä jemgyýetçiliginde barha artýar.
Häzir köp ýurtlar özleriniň wodorod strategiýasyny işläp taýýarlap, munuň üçin uly möçberde maliýe serişdelerini gönükdirýärler. Wodoroda metallurgiýa we himiýa senagatynda, ulag ulgamynda we ýaşaýyş jaý hojalygynda hem-de beýlekilerde uly isleg bildiriler.
Türkmenistanda wodorod öndürjek desgany Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) gurmak meýilleşdirilýär. Munuň üçin degişli teklipleri işläp taýýarlamak üçin halkara bäsleşik yglan edildi. Taslamanyň çäklerinde, täze wodorod desgasynyň taslamasyny düzmek, gurmak, onuň sazlaýyş-işe goýberiş işlerini ýerine ýetirmek hem-de desgany ulanyşa tabşyrmak boýunça tehniki resminamalar taýýarlanylar.
Energiýanyň Gün hem-de ýel ýaly gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek üçin ýurdumyzyň uly tebigy we ylmy kuwwaty bar. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ylmy-önümçilik merkezi tarapyndan Gün-ýel elektrik beketleriniň ekologiýa ugurly taslamalary işlenilip taýýarlanyldy. Olaryň gurluşygyny gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasyna laýyklykda amala aşyrmak maksat edinilýär.
Kuwwatlylygy 10 megawat bolan utgaşykly Gün-ýel elektrik bekediniň gurulmagyny göz öňünde tutýan şeýle taslamalaryň biri Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda durmuşa geçiriler. Şunuň ýaly elektrik bekediniň gurluşyk taslamasy “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereklerinde gurmak üçin hem işlenilip taýýarlanyldy.
BMG-niň howa ulgamyna degişli maslahatynyň öň ýanynda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahatda hem tebigy gazy hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak arkaly, pes uglerodly geljege geçmek baradaky meselelere garaldy.
Energetika bolan islegiň hem-de ekologik töwekgelçilikleri peseltmegiň arasyndaky deňeçerligiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşanlar ýurdumyzyň energetika taslamalarynyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Şol taslamalar zyýanly bölünip çykmalary azaltmaga uly goşant goşup biler.
Türkmenistan Glazgoda BMG-niň howa baradaky ählumumy sammitine netijeli gatnaşmak üçin uly taýýarlyk işlerini gördi. Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan guralan hyzmatdaşlaryň onlaýn duşuşygynda, COP26-nyň öňüsyrasynda howanyň üýtgemegi babatda ileri tutulýan milli ugurlara ýetmek boýunça tagallalaryň çäklerinde, Türkmenistandaky häzirki maksatnamalaýyn işlerde milli derejede kesgitlenilýän goşandy (NDC) taýýarlamak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň wekilhanasy Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de beýleki milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde, howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň ýurdumyzda ilkinji maslahatyny geçirdi. Ol ýaşlaryň howa baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça hereketleri we çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli çäre boldy.
Oktýabryň ahyrynda türkmen meýletinçileri hem-de ekoişjeňleri ummany goramak we ilatyň habardarlygyny artdyrmak boýunça “EUBeachCleanup” atly ählumumy möwsümi goldap, Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde, “Köpetdag” suw howdanynyň kenarynda guralan ekologiýa çäresine gatnaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda ÝUNESKO-nyň hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň assambleýasynyň 31-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bu komissiýanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanandygyny bellemelidiris. Bu bolsa özüniň ekologiýa we suw syýasatyna laýyklykda ekologiýany, suw we ýer serişdelerini goramak boýunça halkara hem-de sebit işlerine işjeň gatnaşýan ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň artýandygynyň ýene-de bir subutnamasy boldy.
Mahlasy, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň hem-de BMG-niň eýeleýän ornunyň gabat gelmegi ekologiýa babatda ählumumy möhüm wezipeleri çözmek ugrunda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň birleşdirilmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň öňdengörüjiliklidiginiň we döwrebapdygynyň subutnamasydyr.
www.tdh.gov.tm