AMYDERÝADA — GÜÝZ GÖZELLIGI

Siz güýz günlerinde Jeýhunyň ýakasyndaky jeňňelliklerde bolup gördüňizmi? Olaryň goýnuna bir siňseň, kalbyň müň bir duýga gaplanar. Baglaryň tylla teňňelerini döküşi, tomusky howruny azaldan Günüň olaryň depesinden jyklaýşy, häli-şindi görnüp gidýän dürli haýwanlar... Ine, tebigatyň täsin sazlaşygy! Gaýtalanmajak bu gözelligi diňe Jeýhunyň ýakasyndaky Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda synlap bolýar. 
Bu goraghana Amyderýa jülgesindäki tokaýlyklardaky toraňňylaryň we beýleki agaçlaryň çapylyp zaýalanmagynyň öňüni almak hem-de tokaý sugunlaryny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak maksady bilen döredildi. Goraghana derýanyň sag kenarynda Nargyz, çep kenarynda Gabakly we Görelde bölümlerinden ybaratdyr. Onuň düzümine Kelif çäkli goraghanasy hem girýär.
Adyndan hem belli bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň iň uly akabasy bolan Amyderýa bu goraghananyň içinden akyp geçýär. Derýanyň bol suwy, kenarlarynda dörän ajaýyp tokaýlyklar, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi tebigatyň ynsana beren peşgeşidir. 
Derýanyň kenaryndaky jeňňellik suw bilen gelen tohumlardan we kök ulgamlaryndan döräpdir. Tokaýlarda dürli görnüşli ösümlikler ösýär. Beýik sütünli gyrymsy baglar, ondan aşakda birýyllyk we köpýyllyk otjumak ösümlikler ösüp, jeňňellikler döreýär. 
Goraghananyň çäginiň aglaba bölegini sähralyk eýeleýär. Sähra ulgamynyň ösümlik dünýäsi has baý bolup, olaryň görnüşleri 140-dan hem geçýär. Ösümlikleriň köp bölegini selmeler, atanakgüllüler, çylşyrymlygüllüler we kösükliler eýeleýär. Sähra meýdanlarynyň ösümlikleriniň esasyny ak sazak, borjak, gandymlar, sözen, şoralar hem-de köp sanly efemerler düzýär. 
Goraghananyň çäklerinde ýylyň dürli möwsümlerinde guşlaryň 265-e golaý görnüşi ýaşap, 105-e golaý görnüşi bolsa bu ýerde höwürtgeleýär. Olaryň içinde iň meşhury we hemişelik ýaşaýany Amyderýa sülgünidir. Umuman, ýurdumyzda sülgünleriň Ýer ýüzünde bar bolan 174 görnüşiniň dördüsi hasaba alnandyr. 
Goraghanada süýdemdirijileriň 41 görnüşi duş gelýär. Toýnaklylardan tokaýlarda ýabany doňuz, tokaý suguny ýaşaýar. Tokaý sugunlaryny köpeltmek boýunça geçirilýän işleriň netijesinde olaryň baş sany birnäçe esse artyp, häzirki wagtda 110-a ýetdi. 
Gözel tebigatymyzyň baýlyklaryny gorap saklamak, üstüni ýetirmek we ylmy taýdan öwrenmek boýunça meýilleşdirilen işler yhlasly alnyp barylýar.
Hudaýberen PALEKEÝEW.