TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

AŞGABAT, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini hem-de paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ählihalk bag ekmek dabarasyna hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekowy göni aragatnaşyga çagyrdy.
Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek hem-de ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreler, dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini, gyş möwsümine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň ýokary hil derejesinde hem-de estetik we ekologik talaplaryň göz öňünde tutulyp, toplumlaýyn esasda amala aşyrylmalydygyny belledi. Şunda ilatyň ýokary amatly ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmegi üýtgewsiz talap bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Aşgabat şäherini ösdürmegiň uzak geljegi nazarlaýan meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine örän oýlanyşykly çemeleşilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz gyş paslynyň golaýlaşmagy bilen baglylykda paýtagtymyzyň häkimine ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işledilmegini, jemagat gulluklarynyň işleriniň utgaşdyrylmagyny üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak boýunça işleri berk gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi. Paýtagtymyzda arassaçylyk kadalaryny saklamak üçin niýetlenilen tehnikalar netijeli işledilmelidir. Şonuň bilen birlikde milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň ýylylyk, suw, energiýa hem-de gaz üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Aşgabat özüniň belent derejesine laýyklykda, ähli babatda, şol sanda abadançylyk hem-de adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek, öňdebaryjy, sanly tehnologiýalary, bezeg, ekologiýa ugurlarynda nusgalyk şäher bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de wise-premýere we Aşgabat şäheriniň häkimine degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, desgalaryň gurluşygynyň ýokary derejesini, gyş möwsüminde elektrik energiýasynyň we ýylylyk ulgamlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek hem-de himiýa senagatyny ösdürmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýyny seljermegine, binalary gurmagyň berk gözegçilikde saklanylmalydygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz pudaklaryň ösdürilmegini, gurluşyk toplumynyň zerurlyklaryny doly möçberde üpjün etmek üçin ähli şertleriň döredilmelidigini aýratyn belledi.
Milli Liderimiz öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, degişli düzümleriň, inženerçilik-tehniki ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagyna, himiýa senagatynda, energetika pudagynda işleriň kämilleşdirilmegine, toplumda sanly ulgamyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna, ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek, umuman, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak meseleleriniň toplumlaýyn çözülmegine aýratyn üns bermegiň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary ýörelge edinen ýurdumyzyň baş maksadydygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen dowam etdi.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitdäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi. Daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde isripsiz ýygnamak hem-de ýygnalan hasyly harmanhanalara daşamak üçin oba hojalyk tehnikalarynyň guramaçylykly ulanylýandygy barada habar berildi. Kärendeçi pagtaçylar ýetişdirilen hasyly doly we ýitgisiz ýygnap almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler.
Güýzlük bugdaý ekişiniň öz wagtynda tamamlanandygy hem-de gök maýsaly meýdanlarda suw tutmak we tehnikalary, enjamlary ulanmak arkaly olara ideg etmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Şunda agrotehnikanyň talaplarynyň berjaý edilmegine uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda bellenilen möhletlere laýyklykda, güýzlük ýeralmanyň hem-de beýleki gök önümleriň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.
Şunuň bilen birlikde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek babatynda alnyp barylýan çäreler barada hasabat berildi. Hususan-da, welaýatyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýerlerde durmuş-ýaşaýyş düzümlerini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagta ýygymy möwsüminde işleri toplumlaýyn hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekip, degişli agrotehniki çäreleriň depginini güýçlendirmek wezipesini öňde goýdy.
Milli Liderimiz pagta ýygymy möwsüminiň depgini bilen gyzyklanyp, welaýatyň käbir etraplarynda bu wajyp işiň depgininiň pesdigine häkimiň ünsüni çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu işde häzirki zaman oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ähli işleriň oba hojalykçy alymlaryň maslahatlaryna laýyklykda amala aşyrylmalydygyny nygtap, häkime hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi, şol sanda “ak altyn” hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagy tabşyrdy.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak maksady bilen, güýzlük ýeralmanyň, gök we bakja hem-de beýleki azyklyk ekinleriň hasylyny gysga möhletde ýygnap almak zerurdyr.
Welaýatyň häkimine 6-njy noýabrda sebitde güýzki bag ekmek möwsüminde göz öňünde tutulan bag ekmek dabarasyna öz wagtynda taýýarlyk görmek barada degişli tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz bellenilen wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmegiň, düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişine, şeýle hem welaýatda gurulýan medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna gözegçiligi güýçlendirmegiň möhümdigine ünsi çekip, şunda işleriň ýokary hiliniň, öz wagtynda tamamlanmagynyň, gurulýan binalaryň halkara ölçeglere kybap gelmeginiň esasy görkeziji bolup durýandygyny aýdyp, bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde geçirilýän işler, ilkinji nobatda, bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanandygy, möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymynyň guramaçylykly geçirilýändigi, beýleki oba hojalyk ekinleriniň, hususan-da, ýeralmanyň hem-de gant şugundyrynyň hasylynyň ýygnalýandygy, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Şu günler welaýatda ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny gysga möhletde hem-de ýitgisiz ýygnap almak üçin hemme zerur çäreler görülýär. Şunda pagta ýygyjy kombaýnlaryň netijeli işledilmegini üpjün etmek, ýygnalan hasyly harmanhanalara hem-de pagta arassalaýjy kärhanalara bökdençsiz daşamak üçin tagallalar edilýär.
Welaýat häkimi Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda işleriň barşy hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň etraplarynda pagta ýygymynyň depgini bilen gyzyklandy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz howanyň amatly şertlerinden peýdalanyp, pagta ýygymy möwsümini öz wagtynda tamamlamak üçin işleri güýçlendirmek barada häkime hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin mümkinçilikleri döretmäge, bar bolan maddy-enjamlaýyn serişdeleri netijeli ulanmaga berk gözegçilik ýola goýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz ýygnalan hasyly harmanhanalara öz wagtynda we ýitgisiz eltmegiň hem-de agrotehnikanyň ähli kadalaryny berk berjaý edip, ýokary hilli saklanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetini nygtap, ekerançylyk işleriniň ýerine ýetirilişine hemmetaraplaýyn jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bugdaýa suw tutmagy agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň, dänelik ekinlere ideg etmegiň şu gün bu ugurdaky örän wajyp işdigini aýdyp, bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz amala aşyrylýan döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçip, dürli maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şolaryň gurluşygy bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda alnyp barylmalydyr.
Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitdäki işleriň ýagdaýy, pagta hasylyny ýokary depginde ýygnamak, güýzlük däne ekinlerine hyzmat etmek boýunça işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýändigi, şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hususan-da, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak üçin galla ekişiniň üstünlikli tamamlanylandygy, bugdaý ekilen meýdanlara gögeriş we ösüş suwuny tutmak, agrotehniki çäreleri geçirmekde tehnikanyň we enjamlaryň netijeli peýdalanylýandygy barada habar berildi. Şonuň bilen birlikde, ýetişdirilen pagta hasylyny kombaýnlar bilen ýitgisiz ýygnamak arkaly ýygymyň depgininiň güýçlendirilmegi, ýygnalan pagta hasylyny kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşamak meseleleri üns merkezinde saklanylýar.
Şalynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak maksady bilen agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda işler alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde degişli işleriň geçirilýändigi habar berildi.
Dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek meseleleri berk gözegçilikde saklanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, merdana daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasylynyň öz wagtynda ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny üpjün etmegi günüň möhüm meselesi hökmünde kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz şu gyzgalaňly günlerde welaýatyň käbir etraplarynda pagta ýygymynyň depgininiň pesdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz munuň üçin bu möwsüme gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, pagtaçylar üçin göwnejaý şertleri döretmek meselelerini üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň oňyn çözülmegine, şol sanda welaýatda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň doly derejede ulanylmagy, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegi, ekerançylaryň we mehanizatorlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek meselelerine toplumlaýyn çemeleşilmelidir.
Şonuň bilen bir wagtda döwlet Baştutanymyz geljek ýyl bol hasyl almagyň girewi bolan güýzlük bugdaý ekilen meýdanlara ideg edilende, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi talap etdi. Azyk bolçulygynyň binýadyny pugtalandyrmak hem-de şaly, ýeralma hasylyny, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini gysga möhletde ýygnap almak zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy noýabra meýilleşdirilen güýzki bag ekmek dabarasynyň çäklerinde agaç nahallarynyň ekiljek ýerlerini hem-de olaryň möçberini kesgitlemek meselesine aýratyn üns berilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz bu işleriň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenilen wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine ýardam berjekdigini aýtdy hem-de häkime degişli görkezmeleri berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdirildi. Häkim güýzlük bugdaý ekişiniň bellenilen möhletde üstünlikli tamamlanandygy, alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri — pagta hasylyny çalt depginde ýygnap almak hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geljek ýylyň bol hasylyny almak maksady bilen, güýzlük bugdaýa talabalaýyk ideg edilýändigi barada hasabat berdi.
Şu günler welaýatda “ak altynyň” ýetişdirilen hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur çäreler geçirilýär. Şunda pagta ýygyjy kombaýnlaryň netijeli işledilmegini üpjün etmek, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalaryna hem-de pagta arassalaýjy kärhanalara bökdençsiz tabşyrmak ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär.
Mundan başga-da, häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda şalynyň, ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ýygnap almak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berildi, onuň dowamynda ýörite bölünip berlen ýerlerde agaç nahallary ekiler.
Häkim ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamada hem-de Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, sebitde gurluşygy alnyp barylýan binalardaky işleriň ýagdaýy barada aýtdy. Şolary gurmak işleri bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ähli işleriň agrotehnikanyň görkezmelerine laýyklykda amala aşyrylmagyny we hil kadalarynyň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz welaýatda pagta hasylyny öz wagtynda ýygnamagyň depgininiň käbir etraplarda pesdigini aýdyp, kärendeçi daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletlerde, ýitgisiz ýygnap almak hem-de Watanymyzyň harmanyna tabşyrmak üçin bar bolan ähli serişdeleriň peýdalanylmagynyň möhümdigine häkimiň we wise-premýeriň ünsüni çekdi we bu işiň depginini güýçlendirmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ilatymyzy ter we ýokumly önümler bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem welaýatda ýetişdirilen ýeralma, şaly hasylyny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi.
Häkime öňde boljak ählihalk bag ekmek dabarasynyň çäklerinde sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bag nahallarynyň ekiljek ýerlerini kesgitlemek boýunça anyk görkezmeler berildi.
Milli Liderimiz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyla bellenilen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ugrunda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýetişdirilen hasyly dolulygyna ýygnap almak hem-de ony Watanymyzyň harmanlaryna tabşyrmak üçin welaýatyň ekin meýdanlarynda pagta hasylyny, gant şugundyryny ýygnap almak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi. Şol bir wagtda kabul ediş bölümleriniň hem-de gaýtadan işleýän kärhanalaryň bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça degişli çäreler geçirilýär.
Häkim bugdaý ekişiniň bellenilen möhletde tamamlanandygy barada hasabat berip, şu günler bu gymmatly azyklyk ekine gögeriş we ösüş suwunyň tutulýandygyny hem-de talabalaýyk ideg edilýändigini aýtdy.
Mundan başga-da, 6-njy noýabrda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli düzümleriň sazlaşykly işleri üpjün edilýär.
Häkim Oba milli maksatnamasynda bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen welaýatyň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda pagta ýygymynyň depgini bilen gyzyklandy. Şunda döwlet Baştutanymyz käbir etraplarda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly soňky hanasyna çenli ýygnap almak meseleleriniň üstünde durup geçdi. Milli Liderimiz pagtanyň örän gymmatly çig mal bolup durýandygyny belläp, ähli güýçleri we serişdeleri ýetişdirilen hasylyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyna hem-de göwnejaý derejede saklanylmagyny üpjün etmäge gönükdirmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, häkime hem-de wise-premýere oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bökdençsiz işledilmegini, oba zähmetkeşleriniň netijeli zähmeti üçin amatly şertleri döretmek meselesini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlary ýeterlik mukdarda suwaryş suwy bilen üpjün etmek, ýurdumyzyň her bir sebitiniň toprak-howa şertlerini nazara alyp, oba hojalygyna häzirki zaman suwaryş usullaryny ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz azyk bolçulygyny pugtalandyrmak maksady bilen, gök ekinlerden bol hasyl almak, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçiligini giňeltmek boýunça netijeli çäreleriň görülmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz welaýaty uzak möhletleri nazarlaýan durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek wezipelerine degip geçmek bilen, häkime Oba milli maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini, dürli görnüşli agaç nahallarynyň ekiljek ýerlerini kesgitlemek boýunça meýilnamalaryň amala aşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz welaýatda bina edilýän desgalarda gurluşyk işleriniň hiliniň üpjün edilmeginiň hem-de olaryň bellenilen möhletinde ulanylmaga berilmeginiň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Soňra iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, pagta ýygymy möwsüminiň depginini güýçlendirmek babatyndaky çäreler, ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişiniň jemleri barada hasabat berdi.
Obasenagat toplumynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary edýärler. Pagtaçylarymyz bol hasyly ösdürip ýetişdirdiler we pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin güýç-gaýratlaryny aýaman zähmet çekýärler. Şu günler pagta ýygymy güýçli depginde dowam etdirilýär, edermen daýhanlarymyz hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleri görýärler.
Şu günlerdäki amatly howa şertlerinden netijeli peýdalanyp, pagta hasylyny gysga möhletde ýygnap almak hem-de ony harmanhanalara pagta arassalaýjy kärhanalara daşamak üçin kombaýnlar, tehnikalar doly güýjünde işledilýär.
Ilatyň dürli görnüşli oba hojalyk önümlerine isleglerini kanagatlandyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň hem-de Balkan we Mary welaýatlarynda güýzlük gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin ekin meýdanlarynda güýzlük ýeralmanyň, gök hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak boýunça işler alnyp barylýar.
Wise-premýer ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de ekerançylaryň öňünde duran ileri tutulýan wezipeleri gysga möhletde çözmäge ünsi çekip, pagta ýygymy möwsümini ýokary hilli tamamlamagyň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda amala aşyrylýan işleriň uly ähmiýetini belläp, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek we suw tutmak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Gök maýsalary zyýan berijilerden goramak üçin ähli zerur çäreler görülmelidir.
Milli Liderimiz pagtaçylaryň irginsiz zähmeti bilen ýetişdirilen bol “ak altyn” hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň hem-de tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi.
Şu günler obasenagat toplumynda şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri pudagyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipelerdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň azyk bolçulygyny artdyrmak, ilaty ýylyň tutuş dowamynda ýeralma hem-de beýleki gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, şol önümleri kabul etmegiň, saklamagyň bildirilýän talaplara laýyklykda üpjün edilmegi babatynda tabşyryk berdi.
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, bag ekiljek ýerleri hem-de nahallary taýýarlamaga, geçiriljek giň möçberli çäräniň ýokary guramaçylygyny üpjün etmäge aýratyn üns bermek barada ýolbaşçylara görkezme berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Hasyl toýuny ýokary derejede geçirmek bilen bagly çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Bu dabaralarda daýhanyň asylly zähmeti, ekerançylarymyzyň, şol sanda pagtaçylaryň we gallaçylaryň ýeten belent sepgitleri öz mynasyp beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny jemläp, onda garalan meseleleriň örän wajypdygyny belledi hem-de obasenagat toplumynyň öňünde durýan ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagy, ýerden we suwdan netijeli peýdalanmagy, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmagy ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadan durmuşynyň, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de ykdysady ösüşiniň bähbidine giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.