«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat öz işine başlady. Maslahat “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” korporasiýasy tarapyndan hem-de “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagydyr. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmekde bu pudaga uly orun degişlidir.
Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Nebitgaz toplumynyň baý kuwwatyny has netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalar we işläp taýýarlamalar esasynda ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak onuň esasy düzüm bölekleridir. Şunda ekologiýa, gazyp alýan we gaýtadan işleýän ulgamlaryň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy bellenen şu ýyl energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu abraýly maslahat diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan onlaýn usulda dünýäniň onlarça ýurduna görkezilýär. Oňa Hökümet düzümleriniň, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly guramalaryň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.
30-dan gowrak döwletden 100-den gowrak kompaniýanyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly maslahata goşuldy.
Çärä gatnaşyjylaryň şeýle giň düzümi ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan hem-de nebitiň we gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen dürli döwletleriň işewür toparlarynyň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasydyr. Şonuň bilen birlikde dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmasy “Açyk gapylar” syýasaty hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe süren oňyn başlangyçlary bilen berk baglydyr.
“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” forumynyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. “Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlary bilen dünýä jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmak we bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak üçin her ýyl geçirilýän halkara maslahatyň energiýa serişdelerini gözläp tapmakda, özleşdirmekde we pudagyň işiniň halkara ülňülere laýyk gelmeginde ähmiýeti uludyr” diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilýär.
Nebitgaz senagatyny ösdürmek Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Döwletimiziň amala aşyrýan energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini halkymyzyň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp barylýan işler öz oňyn netijesini berýär.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagynda Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, bu serişdeleri daşary ýurtlara ibermegiň durnukly halkara ulgamlaryny döretmegiň tarapdarydyr. Eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ösen köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek Garaşsyz döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýar diýlip nygtalýar.
Maslahatyň umumy mejlisi ählumumy energiýa ulgamynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki ösüşine bagyşlandy. Türkmen tarapyndan çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz bu strategik ulgamda halkara hyzmatdaşlyga ählumumy abadançylygy, rowaçlygy we gülläp ösüşi kesgitleýän ýagdaýlaryň biri hökmünde garaýar. Türkmenistan öz ägirt uly serişde kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga çalşyp, dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň biri hökmünde ählumumy energetika ulgamynyň täze gurluşyny kemala getirmäge yzygiderli goşant goşýar, ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görýär.
Bu ugurda durmuşa geçirilýän möhüm işleriň hatarynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagy bar. Bu resminama BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, Halkara energetika agentligi, Energetika Hartiýasynyň sekretariaty hem-de beýleki ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär.
Sanly ulgam arkaly çykyş eden Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo pursatdan peýdalanyp, türkmen halkyny we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly sene — döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan döwründen bäri ykdysadyýetiniň okgunly ösmegi bilen ýokary netijeleri gazandy, şunda nebitgaz senagaty, halkara nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi möhüm orny eýeledi. OPEC-niň ýolbaşçysy Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň birnäçe ugurlar, hususan-da, halkara nebit bazarynda durnuklylygy üpjün etmek boýunça netijeli gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýändigini tassyklady.
Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň ekologik ugurlaryna aýratyn üns çekildi. Çykyşlarda halkara hyzmatdaşlyk meseleleriniň üstünde durlup geçildi. Bilelikdäki möhüm taslamalaryň soňky ýyllarda uly ösüşe eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň miwesidigi nygtaldy.
Tehnologiýalaryň we ylmyň ösen döwründe nebit çig malynyň hem-de nebit önümleriniň sarp edilişi artýar, nebithimiýa pudagynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Energiýa serişdelerini gaýtadan işlemegiň we eksportynyň möçberi artdyrylýar. Umuman, bularyň ählisi Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasynyň hem-de ýurdy senagatlaşdyrmagyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Soňra maslahatyň işi dürli ugurlar boýunça dowam etdi. Şolaryň ilkinjisi “Nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri: gury ýerdäki maýa goýum taslamalaryna syn” baradaky meselä bagyşlanyp, nebitgaz senagatynda geologik gözlegler, TNGIZT-niň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça täze taslamalar, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň tejribesi we geljegi, onuň geologiýa nusgasynyň soňky täzelenişi, şeýle hem pes uglerodly energiýa bolan elýeterliligiň möhümligi, Türkmenistanyň tebigy gazynyň eksportynyň geljegi ýaly ýurdumyz üçin wajyp meseleleri özünde jemledi.
Çykyşlarda “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde geçirilýän işlere aýratyn ähmiýet berildi.
Dünýäde iri “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan ulanylmaga tabşyrylmagy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek, eksport ugurly gaz geçirijileriň çig mal binýadyny pugtalandyrmak ýolunda möhüm ädim boldy. Şol känden Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi gözbaş alýar. Şu ulgam boýunça eýýäm 12 ýyla golaý wagt bäri türkmen tebigy gazy HHR-e eksport edilýär.
Çykyş edenler döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn geljek üçin öňde goýan wajyp wezipeleri barada aýdyp, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi bilen bir hatarda, nebitiň çykarylyşynyň artdyrylmagyna, täze uglewodorod känlerini gözlemegiň we işläp geçmegiň hasabyna, pudagyň çig mal binýadynyň pugtalandyrylmagyna, buraw işleriniň işjeňleşdirilmegine hem-de daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen kompaniýalaryny çekmegiň we olaryň maýa goýumlarynyň hasabyna, guýularyň düýpli abatlanylmagyna uly üns berilýändigini nygtadylar.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda halkara işlere başlangyçlar bilen gatnaşmak arkaly Türkmenistanyň öz ägirt uly kuwwatyny adamzadyň bähbidine ulanmagy teklip edip, Durnukly ösüş maksatlary hem-de olara ýetmegiň mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny beýan edýändigi nygtaldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ulgamda amala aşyrylýan strategiýa ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ileri tutulmagyny, döwletiň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň ähli düzüminiň binýatlyk ugry hökmünde “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Maslahatyň dowamynda resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, şu gün “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Daniýa Patyşalygynyň “Haldor Topsoe A/S” kompaniýasynyň arasynda Tebigy gazy monetizasiýa etmek arkaly ammiak we metanol önümçiligi boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe nebitgazly ýatagynyň gündogar böleginde we Günorta Burun künjeginde 3D we 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen Singapur Respublikasynyň “Ýug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň arasynda Şertnama; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasynyň arasynda TNGIZT-niň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça Şertnama gol çekildi.
Ertir maslahat öz işini dowam eder. Oňa gatnaşyjylar “Nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri: gury ýerdäki we Hazar deňziniň türkmen bölegindäki maýa goýum taslamalaryna syn”, “Maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekde häzirki döwrüň ýagdaýlary”, “Tebigy gaz we alternatiw energiýa çeşmeleri — pes uglerodly geljege geçmegiň açary”, “Ylmy barlaglar we işläp taýýarlamalar babatda häzirki zaman gazanylanlar hem-de nou-haular” ýaly ugurlary özünde jemleýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar.
Utgaşykly görnüşde geçirilýän maslahatyň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň sergi bölüminden göni alnyp görkeziliş göz öňünde tutulýar. Şol ýerde Aşgabatdaky maslahat bilen birlikde “Tebigy gaz we alternatiw energiýa çeşmeleri — pes uglerodly geljege geçmegiň açary” diýen mesele boýunça mejlis geçirilýär.
Iki günlük maslahatyň çäklerinde dünýäniň dürli nebitgaz kompaniýalary tanyşdyryş maglumatlary bilen çykyş ederler, toplanan tejribeleri we täze işläp taýýarlamalaryny paýlaşarlar.
Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň we onuň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň wekilleriniň arasynda bu pudakda gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklary geçirmek bellenildi.