Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň barşynda nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýurdumyzyň känlerinde nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň meseleleri, şeýle hem “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegi, onuň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmagy ugur edinýän bilelikdäki taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Milli Liderimiz maslahaty açyp, dünýäniň öňdebaryjy energetika döwletleriniň hatarynda durýan ýurdumyzda ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen birlikde nebitgaz pudagyna hem aýratyn ähmiýet berilýär diýip belledi. Önümçilige ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary ornaşdyrylýar. Dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanda tebigy gaza hem-de nebite baý täze ýataklary gözlemek, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, nebit guýularyny düýpli abatlamak boýunça halkara tejribä laýyklykda uly işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, degişli şertler döredilip, “Türkmennebit” döwlet konserniniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça gatnaşyklar ýola goýuldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýlan döwrüne hem-de onuň ýerine ýetiren işi baradaky maglumatlara ünsi çekdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek maksady bilen we halkara tejribä laýyklykda, nebit känlerini özleşdirmek üçin şu döwürde “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan bitirilen işler iki tarap üçin hem ykdysady taýdan bähbitlidir.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ünsüni maslahatda garalýan esasy meselä çekdi. Milli Liderimiz şu gün ýurdumyzyň känlerinde nebiti gazyp almak baradaky meseleleri hem-de Türkmenistanda nebitiň gazylyp alnyşyny artdyrmak maksady bilen, “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk etmegi giňeltmegiň mundan beýläkki mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşarys diýip belledi.
Soňra “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, şeýle hem slaýdlar arkaly Balkan welaýatynda ýerleşen Goturdepe we Altyguýy ýataklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada maglumatlary getirdi.
Goturdepe ýatagynyň çylşyrymly geologik gurluşy hem-de köp sanly bölünmeler sebäpli, ol dört bölege: Merkezi, Günbatar, Gündogar we Demirgazyk ýataklara bölünýär. Döwlet konserniniň ýolbaşçysy bu ýatakda gazylyp alynýan nebitiň gorlary barada sanlary, şeýle-de önümli gatlaklar hakynda maglumat berdi.
Döwlet konserniniň ýolbaşçysy hasabatynda soňky ýyllarda nebitiň gorlaryny netijeli çykarmak üçin guýulary düýpli abatlamak boýunça daşary ýurt kompaniýalarynyň baý tejribesi öwrenilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde taýýarlanan teklibi hödürledi. Hususan-da, hereket edýän şertnamanyň çäklerinde işlemän duran hem-de ýapylmagy göz öňünde tutulan guýularyň azyndan 300-sini abatlamak we ulanmaga bermek barada Goşmaça ylalaşygy baglaşmagyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi.
Seýsmiki gözleg işleriniň jemleri boýunça maglumatlaryň bir bitewi binýady döredildi, Goturdepe ýatagynyň üç ölçegli nusgasy düzüldi hem-de gözleg guýularynyň jemi 52-siniň düýbi tutuldy. Bulardan başga-da, “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Altyguýy ýatagynda degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň edaralarynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň üstünde durup geçdi. Döwlet konserniniň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, täze nebit känlerini açmak we olary netijeli özleşdirmek boýunça anyk görkezmeler berildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganowa söz berdi.
Russiýanyň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň mähirli salamyny ýetirdi. Ol milli Liderimize häzirki döwrüň belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda üstünlikler hem-de bagtyýarlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Daşary ýurtly işewür toparlarynyň işlemegi üçin Türkmenistanda amatly şertleriň döredilendigini bellemek bilen, işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
“Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmennebit” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, günbatar Türkmenistanyň käbir ýataklarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Nail Maganow ýurdumyzyň bazarynyň “Tatneft” üçin esasy bazarlaryň biri bolup durýandygyny belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga we giňeltmäge taýýardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, işewür döwlet Baştutanymyzyň nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýörelgelerine esaslanan energetika strategiýasyny amala aşyrmaga gönükdirilen birnäçe anyk tekliplerini hödürledi.
Kompaniýa tarapyndan beýan edilen tanyşdyryş maglumatynda anyk işleriň mysallary getirildi, olaryň geljekde ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň känlerinde nebitiň çykarylýan möçberlerini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem tablisalarda we çyzgylarda Goturdepe käninde geologik-tehniki çäreleri geçirmegiň meýilnamalary, nebitiň çykarylyşynyň hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan nebit senagatynyň hyzmat ediş enjamlar ulgamyny ösdürmek boýunça çäreler barada aýdyldy. Goturdepe käninde meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberleri, ony özleşdirmekden Türkmenistanyň jemi içerki önümine goşandyň garaşylýan görkezijileri barada maglumat berildi.
Işewür iki tarapyň hem bähbidine hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ähli tagallalary etjekdigini belledi.
Milli Liderimiz “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekillerine hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli we oňyn çemeleşýändikleri üçin minnetdarlyk bildirip, ösüşiň geljekki meýilnamalaryny nazara almak bilen, Türkmenistanda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilendigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda nebit çykarýan pudagyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Abdrahmanowa hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçysy G.Baýgeldiýewe ýüzlenip, döwlet konserni tarapyndan çig nebiti gazyp almagyň möçberlerini artdyrmak hem-de tassyklanylan meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin öňde durýan işleriň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz, ozaly bilen, nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny netijeli çekmek boýunça geçirilýän işleriň depginlerini güýçlendirmegiň, türkmen tarapynyň bähbitlerine bu ulgamda halkara tejribäni, täze usullary köpräk ulanmagyň hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça täze şertnamalary baglaşmagyň zerurdygyny nygtady.
Şonuň bilen birlikde, döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, häzirki zaman enjamlary we serişdeleri bilen üpjün edilmegine, nebiti çykarmagyň, taýýarlyk işleriniň hem-de nebiti ibermegiň düzümleriniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen çäreleri geçirmek zerurdyr.
Milli Liderimiz hereket edýän önümçilik guýularyndan alynýan nebiti artdyrmak üçin halkara iş tejribesinde giňden ulanylýan önümli gatlaklara täsir etmek boýunça täze tehnologiýalaryň we usulyýetleriň ulanylmagynyň möhümdigini belledi. Şonuň bilen birlikde, hereket edýän guýulary düýpli abatlamak boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygy nygtaldy.
Milli Liderimiz “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada aýdyp, “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnamalaryň esasynda “Goturdepe” känindäki guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda işleriň oňyn netijeleriň alynmagyna gönükdirilmelidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitli känlerde hyzmatlary ýerine ýetirmegi dowam etmek boýunça kompaniýanyň hem-de känleriň gidrodinamiki nusgalaryny gurmak boýunça döwlet konserni tarapyndan hödürlenilen teklipler barada aýtmak bilen, tehniki, ykdysady we täjirçilik nukdaýnazaryndan bähbitleriň göz öňünde tutulyp, olary seljermek hem-de teklipleriň Türkmenistanyň kanunçylygyna we taraplaryň bähbitlerine laýyk gelýändigini doly öwrenmek gerek diýip nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagy ugur edinýändigini nygtady, bu pudagyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenilen giň gerimli wezipeler bilen baglylykda tizleşdiriljekdigini aýtdy. Bu babatda Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň işewür toparlarynyň innowasion häsiýetli ösüş mümkinçiliklerini birleşdirmegiň, netijeli peýdalanmagyň ugurlaryny gözlemek we kesgitlemek möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rustam Minnihanowa iň gowy arzuwlaryny beýan edip, geljekde hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz maslahaty jemläp, oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen bilelikdäki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.