Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY 

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewi Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda 
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginde, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewi Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabry.