Döwlet Baştutanymyz halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyryny işe girizmäge badalga berdi

Aşgabat, 23-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy.
Elektrik geçirijiniň gurulmagy ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan iri möçberli taslamanyň birinji tapgyrydyr. Onuň baş maksady ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energoulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmek arkaly, içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda energetika wajyp orny eýeleýär, şoňa görä-de, bu möhüm pudagyň ösdürilmegine Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli döwlet maksatnamalarynda aýratyn orun berilýär.
Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Tutuş ýurdumyz boýunça dünýäniň belli önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen gazturbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçirijileri, paýlaýjy kiçi elektrik beketleri bina edilýär, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň hem-de ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamlary täzelenýär.
Milli Liderimiziň alyp barýan energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Energetika ministrligi milli we halkara ähmiýetli möhüm taslamalary üstünlikli amala aşyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns bermegi hem-de pudagy ösdürmäge goýulýan ägirt uly maýa goýumlar netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzyň elektroenergetikasynyň önümçilik kuwwatlyklary ençeme esse ýokarlandy. Bu bolsa diňe bir ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini doly üpjün etmän, eýsem, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän mukdaryny artdyrmaga hem mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik işleriniň ruhlandyryjysy bolan milli Liderimiziň öňde goýan maksady boýunça ähli welaýatlaryň has-da depginli ösdürilmegi göz öňünde tutulyp, ilkibaşdan kuwwatlygyň ençeme esse ätiýaçlyklaryny öndürýän, ozal hereket edýän energiýa ulgamlarynyň täzelenmegi hem-de işe girizilmegi bilen eýýäm ýakyn geljekde bitewi halka emele geler. Munuň özi, zerur bolanda, elektrik energiýasyny gerekli ugurlaryna paýlamaga hem-de ýurdumyzyň elektrik ulgamlarynyň has oňaýly işlemegini üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Şu gün bu iri möçberli işleriň birinji tapgyry tamamlandy — Ahal we Balkan welaýatlaryny birleşdirýän ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi işe girizilýär. Bu ugur boýunça ýokary woltly elektrik geçirijini çekmäge degişli ähli işleriň döwlet Garaşsyzlygy ýyllary içinde uly iş tejribesini toplan ýurdumyzyň energogurluşykçylarynyň güýji bilen amala aşyrylandygy bellärliklidir.
Bu iri möçberli taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň 2020-nji we 2021-nji ýyllaryň ýanwar aýlarynda kabul eden Kararlaryna laýyklykda, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy daşary ýurt kompaniýalary bilen degişli şertnamalary baglaşyp, Aziýanyň ösüş bankynyň uzak möhletli karz serişdeleriniň hasabyna zerur bolan enjamlary, serişdeleri hem-de ulag tehnikalaryny satyn aldy.
Halkalaýyn energoulgamyň desgalaryna häzirki zaman kompýuter programmalary ornaşdyrylyp, şolar işi uzak aralykdan dolandyrmagy hem-de işiň bellenilen ölçegleriniň ýerine ýetirilişine üznüksiz gözegçiligi üpjün eder.
Halkalaýyn düzüm welaýatlaryň hem-de Aşgabadyň energoulgamlarynyň arasynda özara ätiýaçlyk döretmäge mümkinçilik berer. Şeýlelikde, energetikler sarp edijiler üçin oňaýsyzlyk döretmezden, energiýa toplumlaryny, elektrik podstansiýalaryny, elektrik geçirijileri abatlap we döwrebaplaşdyryp bilerler. Bularyň ählisi ýerli sarp edijileri — ýurdumyzyň şäherleri hem-de obalary bilen birlikde, her ýyl ulanyşa tabşyrylýan iri senagat toplumlaryny we köp sanly durmuş desgalaryny elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmäge, şonuň ýaly-da, onuň artykmaç bölegini daşary ýurtlara, ilkinji nobatda, goňşy döwletlere eksport etmäge mümkinçilik berer.
Elektrik energetikasy pudagynyň täze desgasynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylda işe girizilmeginiň mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy üçin çuňňur manysy bardyr. Çünki şeýle ägirt uly taslamalary amala aşyrmagy diňe ykdysady taýdan kuwwatly, ösen döwletler başarýandyr. Şeýle derejä bu gün milli Liderimiziň baştutanlygynda rowaçlyk we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz hem mynasypdyr.
Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen sanly ulgam arkaly Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň dolandyryş binasyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow hem-de Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň dolandyryş binasyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow göni aragatnaşyga çykdylar.
Dabara teleköpri arkaly, bu ajaýyp waka mynasybetli Derweze we Awaza döwlet elektrik stansiýalaryna ýygnanan energetika pudagynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag sözüni uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler.
Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly elektroenergetika pudagynyň zähmetsöýer işgärlerine ýüzlenip, şu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň yz ýanynda ýene-de bir taryhy wakanyň şaýady bolýandygymyzy belledi.
Ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan täze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda işe girizýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu şatlykly waka bilen energetikleri we mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlady.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe elektrik energetikasy pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, onuň özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara-da ibermek, eksport edilýän ugurlaryny köpeltmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagy pudagyň durmuşynda möhüm waka boldy. Şu resminama laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda sekiz sany döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýasy gurlup ulanmaga berildi. Häzirki döwürde bu elektrik stansiýalary netijeli işledilip, ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasy öndürilýär. Bularyň ählisi sebitleriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, soňky döwürde pudakda geçirilen işleriň netijesinde, ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasyna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga şert döredýän ygtybarly energetika kuwwatlyklary artdyrylýar.
Biz bu kuwwatlyklary welaýatlaryň arasynda paýlamak, energiýa ulgamynyň kadaly işlemegini üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek wezipesini öňde goýduk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Häzirki wagtda Aşgabat — Mary — Lebap — Daşoguz aralygynda elektrik geçirijileri hereket edip, olaryň bu sebitleriň energiýa ulgamlaryny özara birleşdirýändigi bellenildi. Aşgabatdan günbatar-demirgazyga tarap Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ugurlary boýunça halkalaýyn energiýa ulgamynyň taslamasynyň amala aşyrylmagy bolsa Türkmenistanyň bir bitewi energiýa ulgamyny döretmäge mümkinçilik berer.
Şu maksatdan ugur alnyp, ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamynyň gurluşygyna girişildi. Onuň birinji tapgyrynda Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze elektrik geçirijini gurmak meýilleşdirildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu gün türkmen gurluşykçylarynyň şeýle uly taslamanyň birinji tapgyryny üstünlikli durmuşa geçirendiklerini, munuň bolsa diýseň guwandyrýandygyny buýsanç bilen nygtady. Halkalaýyn energiýa ulgamynyň Ahal — Balkan böleginiň işe girizilmegi bilen, ýurdumyzyň iki sebitiniň arasynda elektrik energiýasynyň özara akymy kadalaşdyrylar.
Energiýa serişdeleriniň ätiýaçlyk mümkinçilikleri döredilip, sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagy gazanylar. Nesip bolsa, biz geljekde bu taslamanyň Balkan — Daşoguz böleginiň hem gurluşyk-gurnama işlerini dowam edip, energiýa ulgamyny bir bitewi halka birleşdirmek işini tamamlarys. Şeýlelikde, her hili howa şertlerinde hem ýurdumyzyň ähli sebitlerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün ederis diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz pudagyň geljek üçin meýilnamalary barada aýdyp, Aşgabat — Mary aralygynda hereket edýän elektrik geçirijiniň hem döwrebaplaşdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.
Türkmen energetikleriniň bu möhüm wezipäni-de durmuşa geçirmekde ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, il-ýurt bähbitli taslamalary üstünlikli amala aşyrjakdygyna berk ynanýaryn diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Milli Liderimiziň bu sözleri şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyryny işe girizmäge ak pata berdi.
Tolgundyryjy pursat — elektrik geçirijini işe girizmek pursady gelip ýetýär. Bir wagtyň özünde düwmä basylyp, Ahal we Balkan welaýatlaryndan Türkmenistanyň bitewi energoulgamyna goşulan täze elektrik geçirijiniň işine badalga berilýär.
Düwmä basylanda, ekranda täze howa elektrik geçirijisiniň işläp başlaýşynyň tehnologiýa usullary, soňra bu täze desga hem-de ýurdumyzyň energiýa ulgamy barada gürrüň berýän wideorolik görkezilýär.
Soňra Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurluşyk taslamasyny amala aşyrmaga gatnaşan hünärmenlere söz berildi. Olar geçirilen gurluşyk-gurnama işleri, gurluşykda ulanylan tehnikalar we gurallar, şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan bu iri taslamanyň möhüm ähmiýeti barada gürrüň berdiler.
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Ahal welaýat bölüminiň hünärmenleriniň adyndan Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň dolandyryş binasynda ýygnananlary elektrogurnaýjy hünärmen B.Çaryýew täze elektrik geçirijiniň işine ak pata beren milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, bu taslama Ahal — Balkan, Balkan — Daşoguz we Ahal — Mary ugurlary boýunça halkalaýyn ulgamy döretmegiň ilkinji tapgyry bolup durýar. Onuň amala aşyrylmagyna Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň ähli kärhanalary we edaralary gatnaşdylar.
B.Çaryýew energetikleriň adyndan ýurdumyz we halkymyz üçin örän möhüm bolan bu taslamany durmuşa geçirmäge hemme zerur şertleri döredendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.
Soňra A.Mämmetgylyjowa söz berildi. Ol Energetika ministrliginiň Balkan welaýat bölüminiň işgärleriniň we Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň dolandyryş binasynda dabara gatnaşýan adamlaryň adyndan, açylmagy Watanymyzyň elektroenergetika pudagynyň taryhynda möhüm waka bolan ýokary woltly elektrik geçirijiniň gurlandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.
Täze elektrik geçirijiniň ulanmaga berilmegi Türkmenbaşy şäheriniň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň hem-de ýurdumyzyň günbatar sebitiniň senagat kärhanalarynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.
Çykyş eden hünärmen halkara ähmiýete eýe bolan bu möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegine beýleki welaýatlaryň energiýa gurluşyk kärhanalarynyň hünärmenleri bilen birlikde, Balkan welaýatynyň hünärmenleriniň hem işjeň gatnaşandygyny buýsanç bilen belledi.
A.Mämmetgylyjow elektroenergetika pudagynyň işgärleriniň adyndan Ahal — Balkan ýokary woltly elektrik geçirijini gurmakdaky ýadawsyz aladalary hem-de uly kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetikleri we ähli türkmenistanlylary ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan täze elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.