Garaşsyzlyk — gülläp ösüşleriň gözbaşy

Döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ösüş ýoly türkmen halkynyň durmuşyna, aň-düşünjesine düýpli täsir eden, ählumumy ösüşe goşulyşmaga uly şertleri döreden taryhy döwürdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň örän oýlanyşykly, yzygiderli durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň netijesinde Türkmenistan gülläp ösýän, kuwwatly ösüş binýatlaryny kemala getiren ýurda öwrüldi. Esasy ýagdaý bolsa hemme ugurlary tapgyrlaýyn ösdürmek üçin her bir pudak, ulgam boýunça maksatnamalaryň işlenip düzülýänligidir, olaryň durmuşa geçirilmeginiň anyk gurallarynyň işjeň ulanylýanlygydyr. Hormatly Prezidentimiz bu babatda, ilki bilen, döwletiň dolandyryş düzümlerine örän uly talap bildirip, jogapkärli orun berýär. Munuň özi maksatnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň pugta kepili bolmak bilen birlikde, halkymyzyň kalbynda mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatyna berk ynamy kemala getirýär.
Türkmenistan — örän kuwwatly, tebigy serişdelere baý döwlet. Hormatly Prezidentimiz şol ummasyz baýlyklaryň halkymyza hyzmat etmegi üçin ähli mümkinçilikleri ulanyp, giň möçberli maksatnamalary amala aşyrýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmakda, nebitgaz pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmakda we ösdürmekde, obasenagat toplumyny girdejili pudaga öwürmekde amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesinde, halkymyzyň hal-ýagdaýy ýokarlandy. Ykdysady ösüş jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda täzelenişi döretdi, ylmy-tehnologik, medeni-ynsanperwer ösüşe güýçli itergi berdi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilen esasy özgertmeleriň biri-de bazar ykdysadyýetini tapgyrlaýyn giňeltmek, telekeçiligi ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamlarynyň birine öwürmek boldy.
Hususy pudagyň oýlanyşykly ösdürilmegi, bu ugurda ähli mümkinçilikleriň göz öňünde tutulmagy halkyň esasy böleginiň zähmet işjeňligini gazanmaga, adamlaryň ukyp-başarnyklaryna, döredijilik başlangyçlaryna ýol açdy, şeýle hem halkymyzyň öz güýjüne ynamyny artdyrdy.
Jemgyýetçilik, durmuş, zähmet gatnaşyklary islendik döwletiň we jemgyýetiň binýatlaýyn esasy bolup durýar. Bular adamzat ýaşaýşynyň tebigy düzgün-kadasydyr, «Döwlet» diýen örän möhüm düşünjäniň esasy many-mazmunydyr. Türkmenler asyrlaryň dowamynda ykdysady pudaklary öz başlangyçlary bilen ýöredip, ýaşaýşy hemmetaraplaýyn üpjün etmegi başaran halkdyr. Munuň özi halkymyzyň ägirt uly döredijilik kuwwatynyň alamatydyr, ýiti zehininiň nyşanydyr. Şol bir wagtda ynsap, dogruçyllyk, adalat, ynsanperwerlik ýaly ahlak kadalaryny durmuşda berk tutan türkmen halky ykdysady we durmuş gatnaşyklaryny ylalaşykly, sazlaşykly alyp barmakda paýhasyň güýjüne daýanyp, uzak asyrlarda öz ýaşaýyş ýörelgelerini saklap gelipdir.
Geçen döwürleriň çylşyrymly şertlerinde millet hökmünde öz taryhy ösüş ýoluny dowam etdirmekden ötri, biziň halkymyzyň elmydama gözlegde bolandygy bellidir. Haýsy ugry alsaň-da, halkyň öz çuňňur paýhasy, ýaşaýşa çäksiz, deňsiz-taýsyz yhlasy bilen asyrlaryň ýowuzlyklaryny ýeňip, ägirt uly ruhy güýje öwrülip, geljek üçin beýik sungaty, milli taryhy, edebi, medeni gymmatlyklary döretmegi başarandygyny görmek bolýar. Ýaşaýşyň akymyna erk edip, ýol ýitirmän öňe gitmek üçin tutuş halk bolup göreşmelidigine pugta düşünen türkmen halkynyň yhlasyndan, zehininden kemala gelen milli gymmatlyklarymyz ata-babalarymyzyň ägirt uly döredijilik kuwwatyny açyp görkezýär.
Türkmenler öz topraklarynyň haýsy sebitinde nähili ekin ekmelidigini, nähili mallary saklamalydygyny, senetçiligiň haýsy görnüşlerini ösdürmelidigini bilipdirler. Bir sebitden beýleki sebitlere kerwen ýöredip, argyşa gidip, harytlary alyş-çalyş edipdirler. Şäher-galalaryň bazarlarynda nyrh emele getirişiň özboluşly usullary bolupdyr. Gurakçylyk ýyllarynda bahalar galdyrylypdyr. Ýyl oňat gelip, köp hasyl alynsa, bahalar aşak düşüpdir. Gaçy galdyrmak, bent gurmak, gazy-haşar işlerini ýowar edip, halk güýji bilen amala aşyrypdyrlar. Jemgyýeti dolandyryş işlerinde akyl-paýhasy, gaýraty, dogruçyllygy bilen öňe saýlanan han-begleriň, kethudalaryň, ýaşulularyň sözi ýöräpdir.
Her sebitde, her obada öz hünäriniň ussatlary bolup, olaryň sarpasy örän belent tutulypdyr. Başarjaň, ussat adamlary halkymyz sylapdyr, hormatlapdyr. Geçmişde «pylan seýsiň obasy», «pylan zergäriň obasy» diýen ýaly düşünjeler ýörgünli bolupdyr. Ýa-da guýular, kärizler olary gazdyran adamlaryň hem-de guýy ussalarynyň ady bilen aňladylypdyr. Türkmenler hünäre sarpa goýmagyň, nesilleri hünäre höwes ruhunda terbiýelemegiň zerurlygyna çuň düşünen halkdyr. «Ussa», «ussat», «halypa» sözlerine uly hormat bilen garalýanlygynyň sebäbi hem halk bolup öz-özüni dolandyran türkmenleriň beýik taryhyň, geçmişiň hem geljegiň öňündäki jogapkärçilige ýürekden düşünendigine güwä geçýär.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde alnyp barylýan işleriň başlangyjynyň halkyň ýaşaýyş, zähmet, jemgyýetçilik gatnaşyklaryndan, geçmiş we geljek baradaky ýörelgelerinden, pikir-garaýyşlaryndan gözbaş alýandygy äşgärdir. Türkmenistanda bazar ykdysadyýetine geçmek baradaky örän wajyp, halkyň durmuş ýagdaýy bilen baglanyşykly düýpli özgertmeleriň milli çemeleşmeler, taryhy tejribeler bilen berk baglanyşykly alnyp barylmagy jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşygyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Biziň halkymyzda «Sabryň soňy — sap altyn», «Gyrmyldan gyr aşar» diýen örän paýhasly, durmuş tejribesine esaslanýan, çuň manyly sözler ýörgünlidir. Bu sözler türkmen halkynyň durmuşda tutýan ýolunyň belli bir taraplaryny aňladýar. Her bir işde «ýedi ölçäp, bir kesmegiň» zerurlygyna bütin aň-düşünjesi bilen uýýan halkymyz Garaşsyzlyk döwrüniň milli ykdysady ösüşlerini ýola goýmakda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet derejeli, taryhy ähmiýetli maksatnamalary tüýs ýürekden makullaýar. Munuň düýp sebäbi bolsa her bir özgerişiň howlukman, alňasaman, düýpli seljeriş geçirilip, ähli mümkinçilikleri hasaba almak bilen durmuşa geçirilýänligidir.
XX asyryň ahyrynda döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan ýurdumyzda, käbir beýleki döwletlerde bolşy ýaly, ykdysadyýeti özgertmekligi amala aşyrmakda howlukmaçlyga ýol berilmedi. Halkyň hal-ýagdaýyny belli bir derejede kadaly saklamak baradaky aladany döwlet öz üstüne aldy. Syýasy-ykdysady binýatlar berkidilýänçä, bazar gatnaşyklaryna geçmek baradaky özgertmeleri amala aşyrmaga örän oýlanyşykly çemeleşildi. Bu babatda milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlarynda halkyň durmuş derejesini, ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmaklyga aýratyn üns berildi. Telekeçiligiň, hususy işewürligiň tapgyrlaýyn giňeldilmegi, her tapgyrda halkyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek baradaky çäreleriň göz öňünde tutulmagy ýurtda syýasy-jemgyýetçilik durnuklylygynyň sazlaşygyny döretdi. Bazar gatnaşyklarynyň ykdysady kanunlarynyň çylşyrymlydygyna, telekeçiligi alyp barmagyň bäsleşikli usullarynyň berkligine, hususy işi ýöretmegiň başarnygy, düýpli ykdysady bilimi, köp zähmeti we tagallalary talap edýändigine garamazdan, halkymyzyň işewür bölegi, ukyply adamlar telekeçilik işine köpçülikleýin goşulyp başladylar. Adamlary hususy işe ruhlandyran esasy ýagdaý hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy ösdürmekde döwlet tarapyndan zerur şertleri döretmegi, guramaçylyk, maliýe, ykdysady goldawlary güýçlendirmegi boldy.
Telekeçiligiň syýasy, hukuk taýdan üpjün edilmegi, ykdysadyýetiň hususy böleginiň milli hem halkara hukuga daýanýan pugta binýadynyň döredilip, yzygiderli kämilleşdirilmegi bazar gatnaşyklaryny halkymyzyň isleg-arzuwlaryna, milli ýol-ýörelgelerine, taryhy tejribesine görä ösdürmäge şert döretdi.
Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly özgertmeler syýasaty, ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, ykdysadyýetimiziň hususy bölegi bu günki gün täsirli gurujylyk, öndürijilik güýjüne öwrüldi. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmekde telekeçileriň, hususy işewürleriň uly orny bar.
Halk Maslahatynyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz: «Telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi size gowy mälimdir. Häzirki döwürde kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin has amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, azyk bolçulygyny döretmekde, senagat kärhanalarynydyr söwda merkezlerini, häzirki zaman obalaryny gurmakda hususy pudaga uly orun berilýär. Bäsdeşlige ukyply, import harytlarynyň ornuny tutýan, eksporta niýetlenen ýokary hilli önümleri öndürýän, Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoluny hem-de Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezini gurýan we beýleki iri taslamalary amala aşyrýan hususy kärhanalaryň alyp barýan işlerini aýratyn bellemek isleýärin» diýip nygtap geçdi. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň hususy pudagy ösdürmekde bitirilen işlere ýokary baha berýändigini we geljekki ösüşlere ýetmekde depginli ýola goýmakda telekeçilere uly ynam bildirýändigini aňladýar.
Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», şeýle hem beýleki döwlet we pudak maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmekde göz öňünde tutulýan çäreler barada durup geçdi. Bu çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň uly goşant goşmaga mümkinçiligi bar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak, täze iş orunlaryny, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynda täze iş orunlaryny döretmek, hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek esasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak ýaly çäreler bar. Görşümiz ýaly, gülläp ösýän ýurdumyzda bolelin, bagtyýar durmuşy üpjün etmekde türkmen halkynyň öz zähmeti, ukyp-başarnygy bilen uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilikler bar.
Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda her bir maşgalanyň mertebeli, üpjün, bagtly ýaşamagy ugrunda paýhasly döwlet syýasatyny üstünlikli alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň belent başynyň aman, ömrüniň uzak, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Ata SERDAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty.