Soltan Jelaleddin hakda söz

Merdana türkmen serkerdesi, hakyky Watan ogly Jelaleddin Menguberdiden söz açylanda, şahyr Seýitnazar Seýdiniň:
Watan üçin çykdym gyr at üstüne,
Tä janym çykynça dönmenem, begler!
Dikdir serim, düşmen duşman astyna,
Ýanyp duran nar men, sönmenem, begler —

diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Jelaleddin ýöne bir şahsyýet däl. Ol «Watan» diýip, lowlap duran ot!
Jelaleddin Horezm şasy Muhammet II-niň uly ogly, mirasdüşer şazada bolupdyr. Jelaleddin şanyň Aýçiçek atly türkmen aýalyndan bolup, oglanlykda wagtal-wagtal türkmenleriň arasyna gidip, sährada at çapmaga, ýaý atmaga türgenleşipdir. Şazada ylym-bilim, aýratyn hem harby sungaty öwrenmäge höwesek bolupdyr. Harby tälimde serkerde Demir Mälikden köp zatlary öwrenipdir. Gadymy filosof Kallisfeniň «Isgender Zülkarneýniň ömri, ýurtlary basyp alyşlary, täleýi ters gelip, dünýeden ötüşi» atly eseri onuň ýankitaby bolupdyr.
Jelaleddin garaýagyz, orta boýly, edepli, garadangaýtmaz, batyr ýigit bolup ýetişipdir. Zybany türkmen, pars diline-de suwara bolan şazada hiç gaharlanmaz eken, käýinmek-sögünmek oňa ýat bolupdyr. Örän salyhatly, dana, hiç zada gülmän, ýylgyryp oňaýýar eken. Köp gürlemändir, adalatly bolupdyr.
Asly türkmen şeýle şazadanyň tagt mirasdüşeri bolmagy Muhammet şanyň gypjaklardan bolan ejesi Türkan hatyna ýaramandyr. Ol Muhammet şany uly ogullary Jelaleddin we Rükneddin Gursanjy barka, mirasdüşerligi beýleki ogullaryna — Ozlog şa bermäge razy edipdir. Bu ýagdaý Horezm şasynyň köşgündäki ilkinji sarsgyny aňladypdyr. Üstesine, mongollaryň hökümdary Çingiz han bilen Muhammet şanyň arasynda dartgynly ýagdaý döräpdir.
1215-nji ýylda Horezm bilen mongollaryň arasynda gatnaşyklar açylypdyr. Şol ýyl Çingiz han Pekini eýeläp, leşgeriň ýüzüni Orta Aziýa tarap öwrüpdir. Gündogardan howp abanýan pursadynda Horezmşa Muhammediň Bagdat halyfy bilen «mäşi bişişmän», 1217-nji ýylyň güýzünde 400 müň goşun bilen onuň üstüne ugrapdyr. Ýolda Asadabat geçelgesine baranda, üç günläp agyr gar ýagyp, ýiti aýaz bolup, atlardyr düýeler gyrlypdyr, nökerlerdenem ýarysyna golaýy heläk bolupdyr. Çak edilişine görä, Muhammet şa bu ýagdaýa hikmet hökmünde garap, süňňi gowşapdyr.
1218-nji ýylda Otrara Çingiz hanyň iberen kerweni gelipdir. Kerwen bilen hanyň ilçileri-de gelen eken. Emma Muhammet şanyň görkezmesi bilen, kerwen talanyp, ilçiler öldürilipdir. Bu habar Çingiz hana ýetip, onuň Horezmiň üstüne ýörişini tizleşdiripdir. Ykjam taýýarlanan 200 müňlük leşger ýola düşüpdir.
Gürgençde Muhammet şa harby geňeş çagyrypdyr. Harby geňeşde duşmany ýurduň içine goýbermän, Syrderýanyň boýlarynda garşylamak teklip edilipdir. Şa teklibi kabul etmändir. Jelaleddin kakasy bilen mert gürrüň edip, oňa «Ýurdy eýesiz taşlama, söweşe baş bol» diýipdir. Emma Muhammet şa bir diýenini tutupdyr. «Goşunlary bölüp, şäherlerde goýmaly, obalarda daýhanlar mongollara boýun bolsunlar, duşmanlar gözleri oljadan doýansoň giderler» diýip, perman beripdir. Şa aljyrap, näderini bilmän, paýtagtdan çykyp gaçypdyr. Muhammet şanyň, mysal üçin, Merwe iberen permany barada orta asyr taryhçysy Atamälik Juweýni şeýle ýazypdyr: «Merwe gorkaklyk we nalajedeýinlik duýgusyna ýugrulan, yzy möhürli, soltanyň goly bilen perman geldi. Onuň mazmuny boýunça harby serkerdeler, söweşijiler, hünärmentler Merw galasyna ýygnanyp gizlenmeli, galanyň daşynda ýaşaýan daýhanlar oturan ýerlerinde galmaly, haçan-da duşmanlaryň leşgerleri peýda bolanlarynda, galadakylar öz janlaryny we emläklerini saklamak bilen, mongollary gutlamak, mübäreklemek üçin öňünden çyksynlar, bellän dikmesini kabul etsinler we olaryň buýrugyny berjaý etsinler». Şeýle mazmunly permanlary Nusaý we beýleki şäherler hem alypdyr. Ýurt başsyz galyp, ilatyň özi goranmaga mejbur bolupdyr.
1220-nji ýylyň fewralynda mongollar Buharany, yz ýanyndan Samarkandy basyp alypdyrlar. Ilatdan hünärmentlerini saýlap, galanlaryny gylyçdan geçiripdirler. Mawerannahra gan çaýkalypdyr. Şol ýylyň tomsunda mongollar Merwi gabapdyrlar. Şäheri goraýjylara Buka diýen serkerde ýolbaşçylyk edipdir. Gabaw uzaga çekipdir.
1220-nji ýylyň dekabrynda Muhammet şa gaçyp barşyna, Hazar deňzinde bir ada özüni atypdyr. Ol hem heýwere kesellileriň taşlanýan adasy eken. Muhammet şa ömrüniň paýawlap barýanyny bilip, ogullaryny ýanyna çagyrypdyr. Ozlog şany, Ak şany mirasdüşerler hökmünde bellän permanyny üýtgedip, bilindäki gylyjyny Jelaleddiniň biline dakyp, soltanlygy oňa ynanypdyr. Ýöne bu döwürde eýýäm ýurt ýykylypdy, ilat aljyraňňylyga düşüp, ber-başagaýdy. Muhammet şa hiç bolmanda şol ýylyň başynda soltanlygy däl-de, diňe goşuny Jelaleddine ynanan bolanlygynda, ýagdaý başgaça boljakdy. Emma tekepbir şa şonam başarmandyr. Indi bolsa iş işden geçipdi.
Şonda-da Jelaleddin, haýal etmän, Gürgenje dolanyp, ähli güýçleri duşmana garşy öwürmekçi bolupdyr. Serkerdeler Demir Mälik, Kuş Tegin soltany goldady. Emma Türkan hatynyň taýpasyndan bolan gypjak hanlary oňa çürt-kesik garşy bolup, soltanyň kastyna çykýarlar. Jelaleddin ýanynyň 300 türkmen atlysy bilen Gürgençden çykmaga mejbur bolýar.
1221-nji ýylyň başlarynda mongollar Gürgenji gabapdyrlar. Şäheriň ilatynyň eli ýarag tutany galany goramaga gatnaşýar. Hatda ýaşy bir çene baran pir Nejmeddin Kubra hem öz müritleri bilen söweşe çykypdyr. Duşman galany boýun egdirip bilmän, ýedi aý gabawdan soň, ony Amyderýanyň suwuna gark edipdir. Galada diri adam galmandyr. Bu döwürde Merw galasy hem goranmagyny dowam edipdir. Merwlilere Jelaleddiniň egindeşlerinden biri Kuş tegin kömege baryp, olara baş bolupdyr. Amul, Sarahs, Abiwerd, Ýazyr, Hyrat şäherleriniň ilaty hem duşmana garşy aýaga galýar. Ýöne olaryň hemmesi mongollar bilen bolan söweşlerde asgyn gelip, boýun egdirilýär.
1221-nji ýylyň tomsunda Jelaleddin Nusaýyň golaýynda 700 atly mongol goşuny bilen çaknyşyp, olary kül-peýekun edipdir. Ol soňra Gazna sebitinde goşun toplap, Kandagaryň ýanynda mongollaryň goşunyny ýene bir gezek derbi-dagyn edipdir. Soňra Jelaleddin Gaznadan uzak bolmadyk Perwan diýen ýerde 30 müňlük mongol goşuny bilen çaknyşyp, iki gün dowam eden söweşden soň, olary hem kül-peýekun edýär. Emma goşundaky agzybirlik uzak dowam etmeýär. Seýfeddin Bugrak oljaň üstünde öýke edip, otuz müň atlysyny yzyna tirkäp, Jelaleddiniň goşunyndan aýrylýar. Jelaleddin olary yzyna gaýtarmak üçin hernäçe jan çekse-de, başa barmaýar. Onuň bir özi az sanly goşuny bilen mongollaryň uly goşunyna garşy durup biljek däldi. Şonuň üçinem Jelaleddin Gaznadan çykyp, Hindistana tarap gitmäge mejbur bolýar. Bu habary alan Çingiz han pursady elden bermän, dessine ähli güýji bilen oňa garşy herekete geçipdir.
1221-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Sind derýasynyň boýunda iki goşunyň arasynda aýgytly söweş bolupdyr. Başda Jelaleddiniň goşuny mongollara güýçli zarba urup, olary aljyraňňylyga salypdyr. Hatda Çingiz hanyň özem atyna münüp yza çekilipdir. Ýöne şol jygba-jyg pursatda duşmanyň bukuda duran 10 müň atlysy hüjüme geçip, söweşiň ykbalyny çözüpdir. Özem aty bilen derýa urup, ýüzüp aňrysyna geçip, gylyjyny bulaýlap, Çingiz hana haýbat atypdyr-da, jeňňele siňip gidipdir. O kenardan bu ýagdaýy synlap duran Çingiz han haýran galyp, ogullaryna Jelaleddini görkezip: «Ogul diýeniň şonuň ýaly bolmalydyr» diýipdir.
Jelaleddin 1224-nji ýyla çenli Hindistanda bolup, soňra Yragy-ajama, Eýrana baryp, häkimiýetini dikeldipdir. Goşun toplapdyr. 1228-nji ýylda ol demirgazyk-günbatar Eýranda mongollar bilen söweş edipdir, güýji az bolup, asgyn gelipdir. Jelaleddin Azerbaýjana, Gruziýa baryp, mongollara garşy ýaran gözläpdir. Emma ýerli hanlar goldamakdan geçen, tersine, onuň garşysyna birleşipdirler. 1230-njy ýylyň awgustynda Erzinjanyň eteginde Jelaleddin bilen ýerli hanlaryň birleşen güýçleriniň arasynda 3 günläp agyr söweş bolupdyr. Şol söweşde mongollara garşy durup biljek güýçler biri-birini ýok edipdir. Mongollara halyfatyň paýtagty Bagdada ýol açylypdyr.
Jelaleddiniň ömrüniň soňky ýyllary has agyr bolupdyr. Mongollar ony hemme ýerden gözleýärdiler. 1231-nji ýylyň 16-njy awgustynda ol Kürdüstanyň kert gaýaly daglarynda ýerleşen bir oba barypdyr. Şol günem duýman durka arkasyndan gelip, naýza uran bir näkesiň elinden heläk bolupdyr.
Asly nusaýly Muhammet Nesewi «Soltan Jelaleddin Meňburnuň ömür beýany» atly düýpli iş ýazypdyr. Ol 1224-nji ýyldan başlap, soltanyň ömrüniň soňky gününe çenli onuň ýanynda bolan kätibi. Wakalary gözleri bilen gören, tüýs ýürekden çykan sözleri bilen beýan eden taryhçy.
Ol «Horezm şasy Muhammet bilen birlikde, onuň öýüniň şuglasam dumana dulandy. Ýöne namysy halas edildi. Munuň üçin ol Jelaleddin soltana minnetdar bolmaly» diýipdir.
Jelaleddin ýaly beýik şahsyýetler milleti beýgeldýär. Olaryň Watana bolan söýgüsi, ölmez-ýitmez gahrymançylygy ýaş nesillere nusga bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz özüniň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplarynda arslanlaryň arslany, şirýürek Jelaleddiniň watançylygy, edermenlikleri hakda öwran-öwran ýatlaýar. Gerçek Jelaleddiniň ýalkymly keşbi nesilleri halallyga, watanperwerlige, edermenlige ruhlandyrýar.
Ýazgylyç ORAZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.