Ýurdumyzyň baş baýlygy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen il bähbitli beýik taglymaty halkymyzyň bagtyýar günlerini üpjün edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ajaýyp hünär baýramçylygynyň — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň bellenilmegi biz, saglygy goraýyş işgärlerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen döwletiniň mizemez esaslaryny berkitmek maksady bilen alyp barýan işleri, umumadamzat tarapyndan ykrar edilen demokratik ýörelgeleri, parasatly ýöredýän içeri hem daşary syýasaty ynsan saglygyny goramak baradaky wezipeleri çözmekde berk binýat bolýar. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli beýik işleri, raýatlaryň saglygy ugrundaky özgertmeleri ýurdumyza halkara derejesinde abraý-mertebe getirýär. Şol bitirilýän beýik işler biziň kalbymyzda çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyk getirmek boýunça giň göwrümli işlere, şol sanda döwrebap özgertmelere badalga berildi. Saglygy goraýyş ulgamyny we şypahana-bejeriş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere, «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde göz öňünde tutulan wezipelere we kabul edilen beýleki birnäçe maksatnamalara laýyklykda, häzirki zaman döwrebap we ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak bilen, saglygy dikeltmegiň hili gowulandyryldy. Lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatynda uly ösüşler gazanyldy. Munuň şeýledigini Türkmenistanda iň gymmatly baýlygyň adamdygyny nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halk bähbitli alnyp barylýan işler, asyryň gurluşyklary, maksatnamalary doly subut edýär.
Ýurdumyzda ilatyň saglygyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak hem-de raýatlarymyzyň saglygyny goramak babatda ähli mümkinçilikler döredilendir. Innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamy döredildi. «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde sanlyja ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň dünýä saglyk ulgamyna sazlaşykly goşulyşýan täze saglyk infrastrukturasy döredildi. «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň melhem suwlary we howasy bilen dünýä belli şypahanalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanylmagy hem-de raýatlarymyzyň şypahanalarda bejeriş-sagaldyş kömegini almaklary üçin döredilýän şertler Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini has-da begendirdi.
«Saglyk» döwlet maksatnamasynyň esasynda ilatyň jan saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu babatdaky wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň ählisinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurt Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen dünýä derejesinde enjamlaşdyrylyp, ulanylmaga berlen hassahanalaryň we saglyk merkezleriniň, köp sanly sagaldyş-dynç alyş öýleriniň, sport desgalaryň, şypahanalaryň, anyklaýyş-bejeriş edaralarynyň ençemesiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
«Saglyk» döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda şypahana ulgamyny has-da ösdürmek, şypahana-bejeriş we sagaldyş-dikeldiş usullarynyň hem-de hyzmatlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze we netijeli görnüşlerini giňden ornaşdyrmak, olaryň hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany» tassyklady. Ýurt Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan bu Milli maksatnama esasynda geljekde şypahana ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine ähli şertler dörediler. Dünýäniň lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda we hormatly Prezidentimiziň saglyk taglymatyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda beýik özgertmeler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda täze hassahanalar, şypahanalar, bejeriş-sagaldyş merkezleri döredilip, işe girizildi. Dünýä lukmançylygynda gazanylýan üstünlikler milli tejribeler bilen baýlaşdyrylyp durmuşa ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaplarynyň diňe bir türkmen, rus, iňlis dillerinde däl, eýsem, ýene birnäçe dillerde neşir edilmegi aýratyn bellärliklidir. Munuň özi türkmen tebigatynyň ösümlikler dünýäsiniň ynsanlara şypa beriji dermanlyk häsiýetini diňe ylmy taýdan esaslandyrman, eýsem, onuň bejerijilik ähmiýetini hem açyp görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan türkmen halkynyň lukmançylyk ylmy bilen baglanyşykly «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Türkmenistan — melhemler mekany», «Çaý — melhem hem ylham» atly kitaplarynda, hususan-da, ýurdumyzyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümliklerden, dürli görnüşli ot-çöplerden melhemlik çaýlaryň taýýarlanýandygy aýdylýar. Munuň özi ýurdumyzdaky hereket edýän şypahanalarda we saglyk öýlerinde bejergi alýan raýatlaryň saglygyny dikeltmekde ata-babalarymyzyň milli lukmançylyk tejribesinde melhemlik ot-çöpler bilen bejermek ýörelgesine eýerilýändiginiň güwäsidir.
Munuň özi halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek baradaky işleriniň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge esasynda amal edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimizi, halkymyzy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Halkymyzyň saglygy hakynda irginsiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!
Güljan BEKIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň redaktory.