Döwür we biz

Biziň ajaýyp döwrümiz bar. Bu döwrümizde-de ajaýyp adamlar ýaşaýar. Ony görmegi, duýmagy başarmaly — mesele şunda. Bu müşgil mesele däldir. Ýüregiňi arassa saklap, niýetiňi-päliňi düzüw etseň, döwrüň gowulyklary birin-birin görnüp başlar. Şunda özüňiň hem şol gowulyklaryň arasynda ýaşap, döwrüň ajaýyplygyndan peýdalanyp ýörendigiňi bilip galarsyň. Şunlukda, ajaýyp döwürde, ajaýyp adamlaryň arasynda ömür sürersiň. Takwa türkmen şunuň ýalyda şükür etmelidir diýýär. Şükür edýäs, müň gaýta şükür!
Asuda säherlerimize şükür!
Asuda gündizlerimize şükür!
Asuda gijelerimize şükür!
Saçaklarymyzyň bol berekedine şükür!
Goňşy-golamlar bilen agzybir ýaşaýandygymyza şükür!
Göz guwanjymyz çagajyklarymyzyň mekdeplere, çagalar baglaryna gidip-gelip duruşlaryna şükür!
Çeşme-çaýlarymyzyň akyp durşuna şükür!
Topragymyzyň hasyllylygyna şükür!
Mal-garalarymyzyň ýylyň-ýylyna köpelip durşuna şükür!
Seredip otursaň, Beýik Allanyň ýaradan bu dünýäsinde şükürli ýaşamaga sebäbem kän, şertlerem. Munuň şeýledigine göz ýetirmek üçin, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda edilen-u-edilýän işlere ser salmaly. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna seretmeli. Guwanmaga, buýsanmaga zat örän kändir. Şolaryň gadyryny bilip ýaşamaly hem-de olaryň sanyny köpeltmäge goşandyňy goşmaga çalyşmaly.
Häzirki döwür — hereketiň döwri, onda-da okgunly hereketiň döwri. Elbetde, hiç kim şunda akyl-parasady, öňdengörüjiligi, «ýedi ölçäp bir kesmegi» aradan aýranok. Gaýtam, her işde oýlanyşyklylyk gerek. Ol iň gerekli zadyň biri.
Elbetde, döwür hem üýtgäp biler, adamlar hem. Hökman üýtgemelidirem. Üýtgemeseler, ösüş bolmaz. Özem, olar deň üýtgemelidir. Adamlar üýtgäp, döwür üýtgemese, ýa-da tersine, döwür üýtgäp, adamlaryň şo-ol öňki bolşy bolsa, elbetde, öňegidişlik bolmaz, bolaýanda-da, göwnejaý bolmaz. Munda sazlaşyk gerek. Sazlaşyk diýenimizde-de, biz halkyň ata-baba ýol-ýörelgeleriniň, milli gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ösen mümkinçilikleri bilen utgaşyp gitmegini göz öňünde tutýarys.
Garaşsyz döwletde ýaşaýandygymyza şükür! Döwletimiziň adam hakda alada edýändigine şükür! «Meniň ilkinji nobatda ähli aladam mähriban halkym bolar» diýýän döwlet Baştutanlydygymyza şükür!
Döwrümiziň ajaýypdygyna göz ýetirmek üçin ýurtda amala aşyrylan işlere göz aýlamaly. Edilen işler, beýik tutumlar döwri, şonuň bilen birlikde adamlary tanadýar.
Döwrümiz hem-de döwrümiziň adamlary hakyndaky şu gürrüňimizi Halk Maslahatynyň geçişinden, has dogrusy, onda hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşyndan başlasak, dogry bolar.

1.Kanagat we höwes
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen mejlisindäki çykyşyny gaýtadan okanyňda, ine, şular hakynda oýlanýarsyň.
Hormatly Prezidentimiz şeýle diýdi:
«Türkmenistan beýik Garaşsyzlygynyň gysga taryhy döwründe bütin dünýäde belent at-abraýa we mertebä eýe bolan özbaşdak döwlete öwrüldi».
Munuň, hakykatdan-da, şeýledigini durmuş görkezýär. 1991-nji ýylyň güýzünde ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolan Türkmenistan şol seneden bary-ýogy dört ýyly geçirip we şol geçen ýyllarda özüniň döwletliligini berkidip (döwlet gurluşy, Konstitusiýa, döwlet nyşanlary, Milli goşun, milli manat we beýlekiler), halkara gatnaşyklara juda okgunly girişip ugrady we bada-bat sözüni diňledip, özüni ykrar etdirmegi başardy. Türkmenistan häzirki döwürde sözi diňlenilýän, pikirine hormat goýulýan, diňe bir sebit möçberinde däl, eýsem, yklym, has giňeldip alanyňda bolsa, bütin dünýä ähmiýetli bir karar kabul ediljek bolnanda, garaýşy hasaba alynýan döwlete öwrüldi. Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilmeginiň başky senesini, oňa taýýarlyk döwrüni hasaba almasaň, 1995-nji ýyl diýip bolar. Hut şol ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýany kabul etdi. Ine, şol seneden başlap hem Türkmenistan halkara işjeňligini has artdyrdy, ýagny dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlaryny BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürläp başlady. Ol başlangyçlar şeýle bir wajypdy welin, dünýä bileleşigi olary dessine kabul etdi. «Bir», «iki» diýip sanaberseň, Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda Baş Assambleýanyň häzire çenli kabul eden Kararnamalarynyň sany 17-ä ýetýär. Kararnamalarda anyk çözgüdi ýa-da çözmegiň usuly-ýoly salgy berilýän meseleleriň käbirine üns bereliň: ulag-logistika, gaz geçirijiler, saglyk, ekologiýa. Şol Kararnamalaryň käbiri, üstünden birnäçe ýyl geçensoň, gaýtadan ýene bir gezek kabul edildi. Şunuň özem Türkmenistanyň başlangyçlarynyň ähmiýetini hiç haçan ýitirmeýändigini görkezýär. Şunda ýene bir ýagdaýy nygtamalydyrys. Käbir Kararnamalar şol bir meseläniň dürli ugurlary babatda kabul edildi. Mysal üçin, ulag babatda Türkmenistanyň teklipleri we başlangyçlary boýunça dört sany Kararnama kabul edildi. Munuň özi milli Liderimiziň meseleleriň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşýändigini ýatladýar. Türkmeniň iş ýörediş usuly dünýä ýaýraýar.
Türkmenistanyň bütin dünýäde belent at-abraýa we mertebä eýe bolandygy baradaky gürrüňimizi dowam edip, şulary aýtsak artykmaçlyk etmese gerek: Türkmenistan häzirki döwürde dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, 50-ä golaý halkara gurama bilen hem ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar.
Hormatly Prezidentimiz şeýle diýdi: «...Bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär».
Hawa, ýurdumyzda ol ýa beýleki ugurda oýlanyşykly, düýpli ösüşleri gazanmagyň maksatnamalary hereket edýär. Olaryň arasynda-da iň ulusy, ýagny hemmetaraplaýyn ösüşleri nazarlaýan maksatnamalaryň ilkinjisi «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy», ikinjisi bolsa «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasydyr». Elbetde, döwlet maksatnamalaryny «birinji, ikinji» diýip, san bilen belgilemegimiziň bu ýerde şertlidigine düşünýän bolsaňyz gerek. Hemmelere mälim bolşy ýaly, döwlet maksatnamalarynyň ähmiýetsizi, wajyp däli bolmaýar. Biziň olaryň ikisini şertli belgilemegimiz bu maksatnamalaryň gozgaýan meseleleri hem-de wagt taýdan bellenilen möhletleri bilen baglanyşykly. Ine, şol döwlet maksatnamalary esasynda-da döwletimiz ösýär, özgerýär. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň çykyşynda getiren sanlarynyň birine siziň ünsüňizi çekmek isleýäris. Görüp otursak, Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen ykdysadyýetine gönükdirilen iri maýa goýumlarynyň möçberi 200 milliard amerikan dollaryndan geçipdir. Şolaryň hem 60 göterimden gowragy ýurdy senagatlaşdyrmaga harçlanypdyr. Önümleri bütin dünýäde tanalýan we uly isleg bildirilýän dokma senagaty, nebitgaz senagaty, himiýa senagaty Garaşsyzlyk ýyllary üçinde ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga gönükdirilen maýa goýumlaryň netijeli bolandygyny subut edýär. Ýöne ykdysadyýet, bilşimiz ýaly, şu üçüsi bilen çäklenmeýär, ol, edil durmuşyň özi ýaly, giň hem köptaraplaýyn.
Türkmenistan döwletimiz gazylyp çykarylýan energiýa baý bolşy ýaly, adam eli bilen döredilýän energiýa — elektrik energiýasyna hem baýdyr. Energetika senagaty ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolup durýar we onuň ösüşine-de düýpli çemeleşilýär. Ýurdumyzda elektrik energiýasyny öndürmegiň has täze usullary özleşdirilýär. Bug-gaz elektrik stansiýalary ýa-da ýelden hem Günden elektrik energiýasyny öndürip başlamak babatda edilen-u-edilýän işleri ýatlalyň.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda başy başlanan we durnukly dowam etdirilýän işler türkmen ykdysadyýetiniň ösüşdedigini subut edýän işlerdendir.
Hormatly Prezidentimiz şeýle diýdi: «Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalyk pudagy hem yzygiderli ösüşe eýe boldy».
Oba ýerinde ösüp-ulalanymyzdanmy, nämemi, oba hojalygy baradaky gürrüňe derrew gulak gabardanymyzy duýman galýarys. Oba hojalygy — iýjegimiz, içjegimiz, geýjegimiz. Bular ilkinji nobatdaky ýaşaýyş zeruryýetligi. Onsoň, ýurdumyzyň gallaçylarynyň öňlerinde goýlan belent maksatlara ýylyň-ýylyna abraý bilen ýetmekleri, gowaçadan, şalydan, gant şugundyryndan, gök-bakjadan, miweli baglardan ýokary hasyl alandyklary dogrusyndaky hoş habarlar gulaga diýseň ýakymly eşidilýär. Şu orak möwsüminde gallaçylaryň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan geçirip däne tabşyrmaklary hemmämiziň ýüregimizi «suwluja etdi». «Ak altyn» ussatlarymyz hem şu günler ýetişdirilen pagtany iň soňky übtügine çenli isripsiz ýygnap almagyň aladasynda, nesip bolsa, olaryň hem öňde goýlan maksada ýetendikleri barada hoş habary eşitjek günlerimiz indi daşda däl. Ýurdumyzyň maldarlary-da, guşçulary-da, balykçylary-da, umuman, azyk howpsuzlygyny berkitmäge goşant goşýan her bir türkmenistanly çyny bilen işläp, ýokary netijeleri gazanmaga çalyşýar. Bu bolsa ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýokary zähmet göterilişini görkezýär.
Häzirki döwürde oba hojalygynda sanly ulgamyň yzygiderli ornaşdyrylmagyna döwrümiziň aýratynlygy, Garaşsyzlygyň miwesi hökmünde garaýarys. Soňraky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň atlandyryşy ýaly, «ýurduň altyn gaznasy» bolan hususyýetçiler hem oba hojalyk önümlerini öndürmäge höwesli ýapyşýarlar. Olar diňe bir bol önüm öndürmek bilen çäklenmän, şol öndüren önümlerini ýa-ha şol durşuna, aýdylyşy ýaly, terligine, ýa-da gaýtadan işläp, haryda öwrüp, daşary ýurtlara çykarýarlar. Munuň özi ýurdumyza altyn pul getirmek bilen bir hatarda, türkmen topragynyň bereketlidigini, türkmen daýhanynyň ýerden gyzyl öndürmäge ukyplydygyny äleme äşgär edýär.
Türkmenistanyň oba hojalygynda suw serişdeleriniň örän rejeli ulanylýandygyny aýratyn nygtamalydyrys. Türkmeniň «Suw damjasy — altyn dänesi» diýen altyna gaplaýmaly sözi hiç haçan, hatda ähli ekinler uçdantutma damja usulynda suwarylsa-da, özüniň ähmiýetini ýitirmez. Sebäbi suw — diriligiň gözbaşy. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň suw diplomatiýasy sebitimizde uly ähmiýete eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiz şeýle diýdi: «Daşky gurşawyň arassalygyny we baýlygyny gorap saklamak, tebigy serişdelere aýawly garamak we olary tygşytly ulanmak, önümçilige ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarydyr».
Munuň şeýledigini biziň her birimiz gündelik durmuşda görüp ýörüs. Onuň subutnamasyny gözläp, daşa gidip ýörmeli däl. Aýdylyşy ýaly, ony görmek üçin ýaşaýan jaýyňdan ýa howlyňdan daşyna çykaýmaly. Köçelerimiz, şäherdir obalarymyz arassadyr. Ýöne umumy ekologik abadançylyk bir köçäniň, ýa bir şäheriň-obanyň arassalygy bilen kesgitlenilmeýär. Munda has uly ölçegler, başga hasaplamalar hasaba alynýar. Ilkinji nobatda-da, topragyň, suwuň, howanyň arassalygyny gazanmaly. Toprak babatda aýdylanda, biziň topragymyzyň diňe üsti-hä däl, hatda asty-da ekologiýa tarapdan örän arassadyr. Munuň şeýledigini Hazar deňziniň türkmen kenarynda Halkara porty guranlarynda guşlaryň we beýleki deňiz jandarlarynyň ýaşamagy üçin döredilen emeli ada subut etdi. Şonda suwasty topragyň hem iň ýokary ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýändigini halkara bilermenler aýtdylar.
Uly önümçilik toplumlary gurlanda halkara hil, şol sanda ekologiýa babatda-da ýokary ölçegler esasy talap bolup durýar. Dogrusy, bu meseläni milli Liderimiziň özi birjik-de ünsden düşürenok. «Ýaşyl» ykdysadyýet diýen düşünje biziň durmuşymyza şeýle bir ornaşdy welin, indi onsuz hiç bir taslama, hernäçe özüne çekiji bolsa-da, önümçilige girizmek üçin düýbünden kabul edilmeýär. Dogry, sagdyn ekologiýa babatda ýaşaýan sebitimizde-de mesele az däl. Döwlet Baştutanlary öz duşuşyklarynda bu meseläniň çözgüdi barasynda her gezek pikir alyşýarlar. Dogrusy, edilen işler az däl, geljekde bolsa şu mesele, biziň döwletlerimiziň işjeň hereketleri netijesinde, düýbünden aradan aýrylar diýip pikir edýärsiň.
Türkmenistanda ekologiýa abadançylygy, daşky gurşawyň arassalygy, ozon gatlagy we ýene-de daş-töweregimizi arassa we abadan saklamagyň beýleki meseleleriniň hemmesi kanuny esasda alnyp barylýar. Şeýle hem Türkmenistan bu babatda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna berk eýerýär.
Hormatly Prezidentimiz şeýle diýdi: «Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy baradaky alada biziň döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar».
Hormatly Prezidentimiziň şu sözlerini okanyňda, derrew hakydaňa «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyz ähli ajaýyplygy bilen dolýar hem-de milli Liderimiziň çykyşynda getiren şu maglumatlaryny täzeden, ýene bir ýola okaýarsyň. Obany ösdürmäge 43 milliard 800 million manat gönükdirilipdir. Ýurtda umumy meýdany 42 million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berlipdir. Ýurdumyzda 91 sany hassahana, 153 sany saglyk öýi we merkezi, 85 sany medeniýet öýi, 370 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 529 sany orta mekdep, 117 sany sport mekdebi, 86 sany sport desgasy, 7 müň kilometre golaý awtomobil ýollary gurlupdyr.
Elbetde, mähriban halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek üçin edilen işler şular bilen çäklenmeýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlan hem-de durky düýpli abatlanan şypahanalar, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy we ýene-ýeneler halkyň hyzmatynda. Döwlet býujetimiziň serişdeleriniň dörtden üç bölegi diýen ýaly halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga harçlanylýar. Az däl, elbetde. Milli Liderimiz halkymyzyň eşretli durmuşyna gönükdirmek üçin ýene-de serişdeleri gözlemegi degişli ýolbaşçylardan talap edýär.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle hem şu ýyl Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk günlerine çenli 30 desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulan bolsa, bu san 56-a ýetirilipdir. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de 14 sany iri desgany we ýaşaýyş jaý toplumlarynyň birnäçesini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 6,2 göterim artypdyr. Bu görkeziji ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň üpjün edilendigine şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz şeýle diýdi: «Özbaşdaklyk zamanynyň her bir güni, her aýy we ýyly, her onýyllygy örän möhüm syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik wakalaryndan doly boldy. Siziň köpiňiz bu wakalaryň janly şaýady bolduňyz, şol wakalara işjeň gatnaşdyňyz».
Bu jümlä asla teswir gerek däl. Ol örän gysga bolsa-da, giň many berýär: hem-ä edilen işlerden kanagatlanýarsyň, hem-de ýeneki işlere höweslenýärsiň.
Biziň ýurdumyzda şeýle: ähli zat ösüşde, özgerişde hem-de halkyň hyzmatynda.
Seýitguly GELDIÝEW.
«Türkmenistan».