Sungata söýgi — Watana söýgi

Atageldi GARÝAGDYÝEW, Türkmenistanyň halk artisti:
— Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy meniň durmuşymda aýratyn ýatda galyjy waka beslendi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda Aşgabady wasp etmek boýunça geçirilen bäsleşikde «Aşgabat» atly aýdymym bilen ýeňiji bolmagym başymy göge ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ýanwar aýynda «Aşgabat» diýlip atlandyrylan binalar toplumynda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşlygynyň dowamynda Aşgabadyň dürli döwürlerde döredijilik işgärlerini, aýdymçylary we kompozitorlary täze eserleri döretmäge ruhlandyrandygyny, paýtagtymyz hakynda birnäçe çeper eserleriň, aýdymlaryň döredilendigini belledi. Gözel paýtagtymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirýän sungat ussatlarymyz bilen birlikde, meniň hem Aşgabat hakynda aýdymy ýerine ýetirýändigimi bellemegi çäksiz buýsandyrdy, paýtagtymyza bolan söýgimi, sungata bolan höwesimi artdyrdy. Şol gezek Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýändigini, onuň giňden baýram ediljekdigini belläp, bu şanly sene mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda Aşgabady wasp etmek boýunça bäsleşigiň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, bäsleşigiň ýeňijisiniň täze toplumyň açylyş dabarasynyň geçirilýän pursatlarynda söwda toplumynyň iň gymmat bahaly harydy bilen sylaglanmalydygyny aýdypdy. Bu hoş habar biz — aýdymçylary ganatlandyran waka boldy.
Ynha, bu gün bolsa «Aşgabat» atly aýdymym bilen şol döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi. Baş baýramymyzyň öň ýanynda söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat «Aşgabat» binalar toplumynyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz maňa ýeňijiniň sowgadyny gowşurdy. Şol pursadyň, asyl şu wakalaryň täsirinden heniz-henizler çykyp bilerin öýdemok. Gahryman Prezidentimiz maňa «Aşgabat» binalar toplumynyň ulaglaryň söwdasyny guraýan dükanynda bar bolan ulaglaryň birini saýlamak hukugynyň berilýändigini aýtdy. Ol ýerdäki ulaglar biri-birinden gowy, men haýsysyny saýlajagymy bilmedim. Milli Liderimiz türkmençilikde şeýle ýagdaýda bije atylyp, göwnejaý netijä gelinýändigini aýtdy. Çeken bijäme görä, maňa iň häzirki zaman, döwrebap kysymly, önümçilikde soňky goýberiliş bolan awtoulag düşdi. Sagbolsun, hormatly Prezidentimiz! Men beýle bagtly pursada asla garaşmaýardym.
Döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolmagym mähriban Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, milli sungatymyza bolan söýgimi has-da artdyrdy. Aslynda, aýdym aýtmakda, saz çalmakda hormatly Prezidentimiz biziň hakyky halypamyz, bizi täze-täze döredijilik eserlerine ruhlandyryjy. Dörediji Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgusy, agtygy Kerimiň şol goşga ýazan sazy esasynda döredilen aýdym bu gün paýtagtymyz hakynda iň ajaýyp sena bolup ýaňlanýar. Bu gün baş şäherimiziň gözel keşbi döredijilik işgärlerine ylham berýär.
Şahyr Geldi Bäşiýewiň sözlerine, kompozitor Nury Halmämmedowyň sazyna döredilen «Aşgabat» aýdymyny her gezek aýdanymda, bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gün-günden gözelleşýän paýtagtymyzyň göreni haýrana goýýan keşbi kalbyma dolýar. Bu aýdym — Aşgabat hakda döredilen irki aýdymlaryň biri. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda dörän aýdym. Bir ajaýyp duýgy bu aýdymy uly joşgun bilen aýtmaga iterýär. Nähilidir bir ýerden ruhy joşgun peýda bolýar. Biz gün-günden gözelleşýän paýtagtymyz barada ýene-de kän-kän eserleri dörederis.
Sungata belent sarpa goýýan, Watanymyzy gülledip ösdürýän, medeniýetiň, sungatyň hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.