Ata Watana hyzmat — ömrüň manysy

Çynar RUSTEMOWA,
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany:
— Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny baýram edýän günlerimizde Gahryman Arkadagymyz meni ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglap, «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ady dakdy. Şeýle belent derejä mynasyp görendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýüregimden alkyş aýdýaryn. Bu belent mertebe diňe meniň çeken zähmetime däl, tutuş türkmen zenanlaryna, diplomatlaryna bildirilen mukaddes ynamdyr. Bu berlen ýokary döwlet sylagy üç mukaddes gymmatlyga — mähriban Watanymyza, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjymy, yhlasymy has-da artdyrýar.
Garaşsyzlyk ýurdumyzyň göterilen ykbalydyr, türkmen halkynyň öz ýüzi, öz sözi bilen dünýä çykmagydyr. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, örän oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan halkara giňişlikde sözi diňlenilýän, orny oňlanylýan abraýly döwlete öwrüldi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäniň birnäçe ýurdunda, iri halkara guramalarda türkmen döwletine wekilçilik etmek bagtynyň nesip edendigi üçin özümi çäksiz bagtly hasaplaýaryn. Biz nirede işlesek-de, hemişe berkarar döwletimiziň, mähriban Arkadagymyzyň ýakyn goldawyny duýup işleýäris. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiz Watany söýmekde, il-halka ak ýürekden hyzmat etmekde biziň üçin nusgalyk görelde mekdebidir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda türkmen diplomatiýasy şöhratly menzilleri geçdi. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Türkmenistan tarapyndan Milletler Bileleşiginiň belent münberinde öňe sürülýän başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Olar boýunça degişli Kararnamalar kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyz ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş edip, Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny we täzeçil tekliplerini beýan etdi. Olar bütin adamzadyň bähbitlerine, abadan, parahat durmuşyna gönükdirilendir.
Häzirki wagtda halkymyzyň köp asyrlyk medeni mirasynyň iň görnükli nusgalary ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi. Hormatly Prezidentimiziň maslahatlaryny, başlangyçlaryny ýol-ýörelge edinip, bu ugurdaky işleri has-da ilerletmekde, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň şan-şöhratynyň bütin dünýäde dabaralanmagyna goşant goşmakda mundan beýlägem yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.
Biz bu gün milli Liderimiziň saýasynda zenanlara goýulýan hormatyň iň ýokary derejesini duýup ýaşaýarys.
Şu pursatda ýene bir ýola belent ynamy, mynasyp gören ýokary döwlet sylagy üçin mähriban Arkadagymyza tüýs ýüregimden sagbolsun aýdýaryn.
Bagtyýar halkymyzy, hormatly Prezidentimizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!