Milli Döwlet — milletiň birleşen güýji

Türkmen öz ykbalynyň, öz bagtynyň eýesi! Ol öz berkarar döwletiniň saýasynda bagtly ömür sürýär! Gör, nähili buýsançly! Ýöne welin, muňa ýetmegiň ýolunda arzuwlar, azaplar, göreşler ýatandyr. Muňa ýetmek üçin ynam, sabyr, paýhas gerek bolandyr. Şeýdip berkarar döwletlilik, bagtyýarlyk türkmeniň ykbalyna öwrülendir.
Döwletlilik — gudrat! Döwletde bagtly ýaşaýşyň üpjün edilmegi — gudrat! Şunuň bilen baglanyşykly şeýle hakykat bar: halkyna Baştutanlyk edip, gudratlary döredýän ynsanyň özi — gudrat! Munuň özi milletiň bagtyýarlygyny aňladýar. Milletiň öňe gitmegine kepillikler, mümkinçilikler berýär.
Bu zatlaryň ählisi müňýyllyklaryň tejribesi bilen aýrylmaz baglanyşykly. Uzak asyrlaryň dowamynda halkymyzyň döwlet gurmak, döwletiň saýasynda erkana ýaşamak baradaky kämil garaýşy kemala gelipdir. «Baş bolmasa, göwre — läş». Ine, atalarymyz muny, bir söz bilen, şeýle aňladypdyr. Adamzadyň döwletlilik babatdaky hiç bir tejribesi, hiç bir pelsepesi şu garaýyşdan, şu ýörelgeden öňe geçip bilmeýär.
Döwlet daragtynyň kökleriniň berkliginden, başynyň belentliginden milletiň güýç-kuwwatynyň berkarar döwletinde jemlenendigi görünýändir. Muny döwlet daragtynyň saýasyndaky durmuşyň rahatlygyndan, joşgunlylygyndan hem görmek bolýandyr. Milletiň pähim-parasadynyň berkarar döwletiniň adyndan dünýä ýaýylmagyndan hem görmek bolýandyr. Millet öz döwletine daýanyp, öz mertebesini goraýar. Millet öz döwletini beýgeldip, öz geljegini gurýar. Milli döwlet — bu milletiň birleşen güýjüdir, bitewüleşen parasadydyr. Milli döwlet — bu milletiň diriligidir, geljege uzaýan ömrüdir. Diýmek, halkymyza bütin geljekde rowaçlyklar ýar bolar! Milletiň mertebesini saklaýan bitewüligiň gymmatyna her türkmeniň çuňňur düşünmeginiň, muňa ýürekden berilmeginiň şunda hökmany şertdigini hem nygtasymyz gelýär.
Milli Lider milletiň zehininiň, akyl-parasadynyň gaýmagydyr. Ol öz halkynyň bütin güýç-kuwwatyny, başarnygyny bir başa jemläp, ýurdy dolandyrýar. Şeýdip ähli çylşyrymly, mukaddes wezipelere abraý bilen hötde gelinýär. Muňa guwanmalydyrys, buýsanmalydyrys. Şu guwanjymyz, buýsanjymyz bilen agzybirdiris, jebisdiris. Şu guwanjymyz, buýsanjymyz bilen döwletlidiris, bagtlydyrys. Şu guwanjymyz, buýsanjymyz biziň saplygymyzy, gymmatymyzy kesgitleýändir. Öz bagtyna guwanmagy, buýsanmagy başarýan halk kämil halkdyr.
Iki yklymyň — Aziýanyň we Ýewropanyň biri-birine galtaşýan ýerinde orun eýeleýän Türkmenistan! Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrmagyň altyn halkasy bolan Türkmenistan! Ägirt uly ruhy hem ykdysady mümkinçilikleri bolan Türkmenistan! Biziň halkymyz taryh üçin juda gysga döwrüň içinde garaşsyz, özygtyýarly halk hökmünde nämelere ukyplydygyny, ýurdunyň mümkinçiliklerinden näderejede peýdalanmagy başarýandygyny dünýä aýan etdi.
Türkmenistan müňýyllygy «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp ýörelge bilen başlady. Türkmenistan müňýyllygy görlüp-eşidilmedik taryhy özgertmeler bilen bezeýär. Türkmenistan müňýyllygyň kitabyna ösüş arkaly parahatçylyk gazanmagyň altyn sahypalaryny ýazýar. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň belent münberlerinden müňýyllyklara hyzmat etjek başlangyçlary — abadançylyk, hyzmatdaşlyk, ösüş başlangyçlaryny öňe sürýär. Türkmenistan dünýä üçin Aziýanyň merkezinde tylla ýüzügiň göwher gaşy bolup lowurdaýar. Biziň ýurdumyzda bir günüň wakasy aýlara, ýyllara nur berýär. Biziň ýurdumyzda bitirilýän her bir taryhy işiň gymmaty asyrlara uzaýar. Şeýdip döwrümiz müňýyllygyň ýakyn hem alys giňişliklerini ýagtyldýar.
Aýdyşymyz ýaly, halkymyz ägirt uly taryhy tejribä eýe. Şol tejribe onuň ganynda, aňynda, ruhunda otyr. Şol tejribe onuň hüý-häsiýetinde görünýär. Özüni tanap bilşinde, özüne akyl ýetirip bilşinde görünýär. Adamzady tanap bilşinde, dünýä akyl ýetirip bilşinde görünýär. Öz biri-biri bilen gatnaşygynda, külli adamzat bilen gatnaşygynda görünýär...
Taryhy tejribäniň ýitirilmezligi, ösdürilmegi zerur. Bu — milletiň ýaşamagy, öňe gitmegi üçin möhüm şert. Milli döwletliligiň gymmaty şundadyr. Milli Lideriň bitirýän işleriniň gymmaty şundadyr!
Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň taryhy tejribesinden örän netijeli peýdalanmagyň hötdesinden gelýär. Halkymyz üçin şu gün nämeleriň gerekdigine, ertir nämeleriň gerek boljakdygyna çuňňur akyl ýetirýär. Ýurduň ykdysady mümkinçiliklerinden haçan, nähili, haýsy ugurlarda we niçik ýollar bilen peýdalanmalydygyny her taraplaýyn ölçerip-dökýär. Halkara gatnaşyklarda ilkinji nobatda nämeleriň zerurdygyny juda dogry kesgitleýär. Şeýdip milletimizi hem döwletimizi beýgeldýär. Eziz Türkmenistanymyzy arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna, bagtyýarlygyň mekanyna öwürýär. Dünýä üçin abadançylyk hem ösüş ýollaryny gurýar.
Türkmenistan ösen dünýäniň iň gymmatly baýlyklaryny özüne kabul edip almagy başarýan ýurtdur. Şonuň bilen birlikde, edil uzak geçmişlerde bolşy ýaly, dünýäniň ösüşlerine ykdysady hem ruhy täsirini ýetirýän ýurtdur. Ösen dünýä üçin abadançylykly ýaşaýşyň ýokary nusgasyny berýän ýurtdur.
                                                * * *
Garaşsyzlyk ýurdumyzyň giň mümkinçilikleri, bu mümkinçiliklerden akylly-başly peýdalanmagy başarjakdygymyz baradaky pikirleri öňe çykardy. Döwrümiziň özgerişleri, ösüşleri bu pikirleriň örän dogrudygyny yzly-yzyna subut edip gelýär. Türkmen topragynyň örän uly mümkinçilikleriniň bardygyny, şol mümkinçilikleri başarjaňlyk bilen ulanmakda halkymyzyň uly paýhasa, zehine eýedigini berkarar döwletimiziň saýasynda amala aşyrylýan, dünýä ýaň salýan işler hemmeler üçin bütin aýdyňlygy bilen açýar.
Mundan sähel wagt ozal, özygtyýarly durmuşymyza eýe dälkäk, milletlik mertebämiz, beýle uly derejämiz hakynda giňden pikir aýlamak kyn işligine galypdy. Elbetde, munuň üçin köp zat gerek, ilkinji nobatda, şertler we mümkinçilikler gerek. Heňňamlar aýlanýar. Adamlaryň ruhy galkynýar, pikir-garaýyşlaryna giňlik dolýar. Döwrüň ýagdaýy adamlaryň aň-düşünjesini, gözýetimini, hatda arzuwlaryny, maksatlaryny, isleglerini kesgitleýär.
Bu günki türkmen özüni öz ýurdunyň doly hukukly eýesi hökmünde duýýar. Dünýäde özüni deňli-derejeli adam, deňli-derejeli millet hökmünde duýýar. Ol öz ykbalyny özüniň belende göterip bilýändigini, bilimi, başarnygy bilen ýaşaýşyň rahat hem owadan dünýäsini öz topragynda döretmegi başarýandygyny dünýä subut etdi. Indi ony şu duýgusyndan, şu düşünjesinden, şu ynanjyndan, barha öňe gidýän durmuşyndan aýryp biljek güýç ýokdur.
Erkin pikirlenmek, erkin ösmek, öz kämil düşünjäň, synmaz ynamyň bilen ýaşamak, öňe gitmek — döwrüň beren bu baýlyklary baýlyklaryň seresidir, uly derejedir. Eýsem-de bolsa, döwür öz-özünden beýik döwür bolmaýar. Bir döwürden täze bir döwre, onda-da hem ruhy, hem durmuş-ykdysady taýdan täze jemgyýete geçmegiň kynçylyklaryny ýeňmegi başarmak örän uly taryhy wezipä hötde gelmekdir. Şunda halkyň döredijilik mümkinçilikleri öz-özünden açylmaýar. Munuň üçin ol güýji oýarmagy, dogry ýola ugrukdyrmagy, ösdürmegi başarýan, döwri beýik döwür edýän Baştutanyň gerekdigi düşnüklidir.
Magtymguly Pyragynyň şeýle setiri bar: «Gözsüzleriň gözi idim...».
Jelaletdin Rumynyň eserleriniň birinde şeýle diýilýär: «Eger bir şemjagaz bolsady, adamlar görerdiler».
Dürli hasap bilen alanyňda, hatda iň uly hasap bilen alanyňda, adama hemişe dünýäni, durmuşy görmäge, ömri dogry ýola atarmaga ýagtylyk gerek. Diýmek, ýagty pikir, dogry düşünje gerek!
Adamda göz bar, gulak bar, aň-düşünje, ýürek bar... Eýsem-de bolsa, gözüň gowyny saýgarmagy, dogry ýoly nazarlamagy, gulagyň gowyny eşitmegi, gowyny saýlamagy, aň-düşünjäniň kämile tarap gitmegi, ýüregiň tämize, halala, päklige bendiwanlygy, aýagyň barmasyz ýere barmazlygy, eliň çem gelen tarapa uzamazlygy üçin, başga bir zerurlyklar bar. Gözli batyl bolmazlyk, öz arzuwlaryny dogry saýlamak, maksatlara ýetmegiň ýoluny görmek üçin, tutuş bir halka-da şolar gerek! Ýagtylyk gerek! Ýagty pikir gerek! Ýol-ýörelge gerek! Gözsüzlere göz bolup bilýän, sözsüzlere söz bolup bilýän Baştutan ynsanlar üçin dünýäniň gijesinde-gündizinde gökden inýän nurlar kibidir!
Milli Liderimiziň halkyň hem adamzadyň öňündäki taryhy hyzmaty şunuň bilen baglanyşyklydyr.
                                                * * *
Gahryman Arkadagymyzyň şanyna hemişe iň kämil, iň tämiz, iň dogry, iň ajaýyp sözümi aýtmak isleýärin. Edil häzirem şeýle.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan taryhy işler şu günümizi beýgeltmek bilen, geçmişimize düşünmäge kömek edýär, şol beýik taryhy açýar, şol beýik taryh bilen ýüze çykýar, şol beýik taryhyň dowamyna öwrülýär.
Ol işler ýeneki işlere ýol açýar, täze menzilleri salgy berýär, geljegimize ýagty saçýar. Diýmek, ol işler geljek asyrlara hem hyzmat edýändir, nesilleriň örän bagtly, eşretli ýaşamagynyň binýadydyr.
Ägirt uly özgertmeler ýurdy bütinleý ösüşler ýoluna saldy. Muňa köpugurly ykdysady, syýasy, medeni özgertmeler bilen birlikde, halkyň ýaşaýyş medeniýetini kämil derejelere çykarýan, adamlaryň her biri üçin durmuş keşbini döredýän ähli işler girýär.
Gahryman Arkadagymyz ähli babatda görelde mekdebidir, nusgadyr. Ruhubelentligiň nusgasydyr. Beýik maksatlara ýetmegiň nusgasydyr. Döredijilik güýjüni ulanmagyň nusgasydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesini ömrüňe nagyş etmegiň nusgasydyr... Hormatly Prezidentimiziň göreldesi milletiň ykbalyna, nesilleriň ykbalyna öwrülýär. Bu görelde nesil terbiýesi, halkyň durmuşy, ýurduň ösüşleri, geljegiň bagt ýolunyň gurulmagy üçin gymmatlydyr. Ahyr netijede adamzadyň ykbalyna öwrülýändigine görä, bu görelde dünýäniň umumy ösüşleri üçin gymmatlydyr.
Görnükli pedagoglaryň biri: «Sen maňa haýsy kitaplary okaýandygyňy aýt, men saňa seniň kimdigiňi aýdaýyn» diýipdir. Görnüşi ýaly, adamy pikir-hyýaly, islegi, nämelere göwün berendigi, nämeler bilen meşgullanýandygy, nämeler bilen gyzyklanýandygy, işi bilen tanap bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň özboluşly döwlet syýasaty bar. Özboluşly döwlet dolandyryşy bar. Özboluşly şahsyýeti bar. Döwlet syýasatynyň özboluşlylygy, döwleti dolandyrmakdaky özboluşlylyk, şahsyýetiň özboluşlylygy — bular biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Döwleti hasyl edýän, goraýan, ösdürýän gymmatlyklar bar. Milli döwletde, bir söz bilen aýdylanda, munuň özi halkyň milletlik derejesidir. Milletlik derejäni hasyl edýän gymmatlyklar milli döwletliligi hasyl edýändir, goraýandyr we ösdürýändir.
Öz halkyňa degişli iň uly, iň zerur, iň tämiz gymmatlyklary özüne kabul edip, özünde jemläp bilen adam öz halkynyň ýüregine örän gowy düşünýän adamdyr. Öz halkyna nädip ýagşylyk etmelidigini bilýän adamdyr. Öz halkyny öňe äkitmegi başarýan adamdyr. Milletlik ýüki egne almagyň, menzillere ýetirmegiň hötdesinden gelýän adamdyr.
Şeýle ynsan adamzadyň ýagdaýyna hem örän gowy düşünýändir. Adamzada ýagşylyk etmegi başarýandyr. Dünýälik ýüki egne almagyň, menzillere ýetirmegiň hötdesinden gelýändir.
Şeýle ynsan, diýmek, örän zehinli, örän parasatly, örän güýçli ynsandyr! Döwlet Baştutany hökmünde örän inçe syýasatçydyr.
Munuň özi ganyň bilen gaplanany janyň bilen aýlap, durmuşda kemsiz taplanyp ýetilýän ykbaldyr.
                                                * * *
Milli Liderimiziň taryhy işleri — Garaşsyz ýurdumyzyň ykbaly. Munuň özi berkarar döwletlilik baradaky beýik taryhdyr. Berkarar döwletde bagtly ömür sürmek türkmeniň ykbalyna öwrüldi!
Döwletlilik diýlende, türkmeniň ganyna siňen düşünjesine görä, muňa köp zat girýär. Her kime «döwletli adam» hem diýilmeýär. «Döwletli adam» diýilýän bolsa, şeýle kişi muňa ýöne ýerden ýeten däldir. Ynsany bezeýän birtopar ýagdaýlar onda jemlenendir. Ol akyllydyr hem paýhaslydyr. Sowatlydyr hem namysjaňdyr. Halal zähmet çekýändir hem rysgallydyr. Mertebesini saklaýandyr hem pespäldir. Perzentleri ýüzüne gara getirýän däldir. Başarjak işi üçin ýüz tutup geleniň möhümini bitirýändir hem nädürs işi edýän däldir. Ili sylaýandyr hem il ony sylaýandyr. Şeýdip ol jemgyýetde öz ornuny gazanandyr.
Elbetde, oňa abraýyny saklamak aňsat däldir. Ol muňa düşünýändir. Şonuň üçin hiç mahal arkaýynlaşýan däldir. «Näme bolsa, şol bolsun!» edýän däldir. Şeýdip ol jemgyýetde öz ornuny saklaýandyr.
Bu — bir adamyň durmuşynda şeýle...
Tutuş halkyň ykbaly bolup dörän döwletiň başynda nähili uly aladalaryň bardygy hem düşnükli bolsa gerek. Berkarar döwlet — halkymyzyň baş mukaddesligi. Oňa halkymyzyň telim asyrlyk arzuwy, ynamy, yhlasy, paýhasy, jepasy siňendir. Şeýle mukaddeslige doly eýe bolmak, ony dünýä ykrar etdirmek, berkitmek, ösdürmek, öňe alyp gitmek — bu millet üçin iň möhüm wezipedir.
Döwletiň mizemezligi ýurduň ösüşi, abadançylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Dünýäde hiç bir döwletde ösüşi hem abadançylygy üpjün etmezden bolýan rowaçlyk ýok. Adamzadyň bütin geçmişinde-de şeýle bolupdyr, häzirem şeýle. Diňe kuwwatly döwletde, akylly-başly syýasatyň alnyp barylýan döwletinde muňa ýetilýär. Şonuň netijesinde döwlet halkyň ynamyny gazanýar, halky öz daşyna jebisleşdirýär. Döwletiň özüniňkidigine, öz arzuwlan döwletidigine, öz bähbitlerini gorap çykyş edýändigine göz ýetiren milletiň bu döwlete, onuň Baştutanyna buýsanjy hakyky manysynda, düşünjelilik bilen ýüze çykýandyr.
Biziň halkymyz garaşsyzlygy, döwletliligi söýýän halk. Ösüşi, parahatçylygy söýýän halk. Ol asyrlaryň dowamynda şulary arzuw edendir, şular ugrunda göreşendir, şular üçin tagalla edendir. Bu günki beýik döwrümiz — halkymyzyň arzuw-umytlarynyň hasyl bolan we hasyl bolýan döwri.
Baky Bitaraplygymyzyň esaslarynda gadymy ýörelgelerimiziň durandygyna üns beriň! Halkymyz parahatçylygy, rahatlygy, dost-doganlygy, hyzmatdaşlygy, mertligi, ýürekdeşligi hemişe ileri tutup gelipdir, bulary däp-dessur, kanun derejesine ýetiripdir. Halkymyzyň bu ýörelgeleri Bitaraplyk syýasatymyzyň binýady bolandyr. Şol binýada daýanylyp, bu syýasat döwre görä ösdürilendir, döwlet syýasatynyň özenine, döwletiň dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarynyň düzgünine öwrülendir. Hut Bitaraplyk syýasatynyň üsti bilen hem dünýä türkmen halkyny täzeden, has ýakyndan tanady. Türkmen Bitaraplygy milli çäklerden çykyp, parahat durmuşy, adalatly, mert, dogry hem kämil gatnaşyklary isleýän adamzat üçin nusga bolandyr. Ýeri gelende aýtsak, Bitaraplyk syýasaty berk milli häsiýetlere kök urup kemala gelşi ýaly, döreýiş hem ösüş gözbaşlaryndan bäri beýleki halklar, döwletler bilen gatnaşyklary sazlaşykly gurnamaga gönükdirilendir.
                                                * * *
Ýurdumyzdaky taryhy özgertmeler halkymyzyň akyl-paýhasynyň durulygyny, zehininiň ýitiligini, başarnygynyň ululygyny görkezýär.
Edil wagtyň asla säginmeýşi ýaly, ýaşaýyş ugrundaky göreşde bir duran ýeriňde durmaly däldigi, biziň ýene, ýene ösüşlere tarap gitmelidigimiz düşnüklidir. Bir duran ýeriňde durmak — munuň özi, dogrusy, bir duran ýeriňde durmak hem däl-de, yza galmak ýaly bir zatdyr. Durmak — geçen wagt bilen galmak. Durmak — könelmek, garramak. Durmak — ömrüňi ýele bermek. Hereket etmek — wagtdan yza galmazlyk, belki, wagtdan öňe gitmek.
Biziň döwrümiz adamlaryň islegi bilen baglylykda täze-täze açyşlaryň edilýän döwri. Ýurtda her bir taryhy işiň amala aşyrylmagy bilen täze işler üçin gözýetimler açylýar. Her bir islegiň kanagatlandyrylmagy bilen täze islegler döreýär. Bularyň ählisi halkymyzyň halal köklerine — sabyrlylygyna hem kanagatlylygyna, gaýratlylygyna hem çydamlylygyna, döredijilik güýjüne hem mertebesine laýyklykda bolup geçýär.
Ýurdumyzyň bütin özgerýän keşbinde halkymyzyň ýüregini hem aňyny görýäris, arzuw-islegleriniň hasyl bolşuny görýäris. Müňlerçe ýyllyk taryhy tejribesi, şu günki dünýäni duýşy, ýagty geljege bolan ynamy halkymyzyň durmuşyna nagyş bolup çekilýär.
Halkymyz özi bolup dünýä çykýar, özi bolup dünýä birleşýär, özi bolup dünýäni bezeýär. Bu gün adamzat dünýäde türkmen diýen üýtgeşik bir halkyň, gadymy halkyň, parasatly halkyň bardygyny örän gowy bilýär. Bu gün adamzat dünýäde Türkmenistan diýen üýtgeşik bir ýurduň, beýik taryhly ýurduň, gülläp ösýän ýurduň bardygyny örän gowy bilýär. Bu gün dünýä Türkmenistana has ýakynlaşmagyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýar. Bu gün Türkmenistan dünýä döwletleriniň biri-birine has ýakynlaşmagy üçin uly ýollary açýar.
Halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmek, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanymyzy dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň birine öwürmek, Watan mukaddesligi baradaky milli duýgy-düşünjeleriň nesiller üçin bahasyz miras, mekdep bolmagyny gazanmak babatda ägirt uly işler bitirilýär. Türkmen döwletiniň syýasy, ykdysady, durmuş hem ruhy-medeni özgertmeleri şu işleriň özenini düzýär.
Şeýlelikde, munuň özi halkymyzyň erkin, rahat durmuşydyr. Şäherlerimiziň hem obalarymyzyň barha gözelleşýän keşbidir. Dürli ugurlara niýetlenen, lowurdap duran, iň ýokary derejede enjamlaşdyrylan binalardyr, desgalardyr. Täze ýollardyr, köprülerdir. Senagat merkezleridir. Dynç alyş, sagaldyş, syýahatçylyk merkezleridir. Ile-ýurda peýdaly işleri etjek adamlara döwletiň goldawydyr. Raýatlaryň her bir gatlagyny döwletiň mähribanlyk, hossarlyk bilen gurşap almagydyr. Özümiz we dünýä üçin gerekli önümleriň öz ýurdumyzda, öz tejribämiz, öz zähmetimiz bilen öndürilmegidir. Halkymyzyň döredijilik, gurujylyk ukybynyň has doly açylmagydyr. Mirasa sarpadyr. Milli medeniýetiň ösmegidir, dünýä ýaýylmagydyr. Biziň ýurdumyzdan Ýer ýüzüne saçylýan abadançylyk nurudyr...
Toýlarymyz milli öwüşginlere baý. Olarda asyrlar aşyp gelen miras bar, şu günüň şatlygy hem buýsanjy bar, geljegi ýagtyldýan şugla bar. Toýlarymyza myhman bolýan daşary ýurtlular türkmeniň sahawatly kalbyna zyýarat eden ýaly bolýarlar...
Bularyň ählisi — halkymyz üçin eşret hem bagt. Bularyň ählisi — halkymyz üçin mertebe hem buýsanç.
Türkmen şeýdip mertebeli ýaşaýar. Şeýdip dünýä ýagşylyk eçilýär. Şeýdip ak ertirlere barýar.
                                                * * *
Biz Watana «janymyz, hanymanymyz» diýýäris.
Rahatlygymyz, erkinligimiz Watanymyz bilendir.
Şatlygymyz, buýsanjymyz Watanymyz bilendir.
Güýç-kuwwatymyz, abraý-adymyz Watanymyz bilendir.
Jan-u-tenimiz, barlygymyz, bagtymyz Watanymyz bilendir...
Adamlar uzak ýaşaýşynyň dowamynda giň zeminiň ýüzünde özbaşdak Watanly bolmak düşünjesine eýe bolupdyrlar. Munuň özi adamzadyň belli bir geçen ýoly, çylşyrymly durmuş ýagdaýlary bilen gelnen netijedir. Adam özüni hem Watanyny öz döwleti bilen goramaly boljakdygyna-da akyl ýetiripdir. Şeýlelik bilen, ol jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm görnüşini emele getiripdir — döwletini döredipdir... Şeýdip ýurtlar döräpdir, döwletler döräpdir. Munuň özi her kimiň öz ekenini ormagy, öz gazananyny iýmegi, öz zadyna eýe bolmagy üçin, gör, nähili ygtybarly esasy düzýär! Munuň özi her kimiň ata-baba ýaşap gelýän, göbek gany daman, duzuny iýýän topragyna mukaddeslik hökmünde garamagy üçin, gör, nähili berk binýady emele getirýär! Munuň özi halklaryň ylalaşykly, abadançylykly ýaşaýşy üçin, gör, nähili kanuny mümkinçilikleri döredýär! Adamzat şunça ýol geçip, rahat, bagtly ýaşaýşyň Watanly hem döwletli bolmakdan kämil bir düzgünini tapmandyr.
Adamyň öý-ojagy we Watany. Bularyň ikisi-de bir kökden gaýdandyr. Bir maksatdan gaýdandyr. Biri-birini ösdürip, biri-biriniň dowamy bolandyr. Bu iki düşünje hiç mahal kesişýän däldir. Biri-birini bezeýändir. Biri-birini baýlaşdyrýandyr. Biri-birine arka hem döş bolýandyr. Muňa “döwletlilik” düşünjesini-de goşalyň! Haçan, nirede, nähili görnüşde, niçik hilde — parhy ýok, öý-ojakly bolan adam oňa eýe-de bolupdyr. Oňa birsyhly serenjam beripdir, ony gorapdyr, baýlaşdyrypdyr.
Görnüşi ýaly, Watan hem döwlet hakyndaky düşünjeler öý-ojak, maşgala hakyndaky düşünjelerden aýry bir zat däl.
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň welaýatlarynyň her birinde gurduran «Türkmeniň ak öýi» binalaryny synlanyňda, halkymyzyň gadymyýetden şu güne uzalan döwletlilik ýörelgeleri hatarlanyşyp göz öňüňden geçýär. Türkmeniň ak öýi! Halkymyz öý gurmagy mukaddes düşünjeler, berk ýaşaýyş kadalary bilen baglanyşdyrýar. Halkymyzyň Watan mukaddesligi, döwletlilik baradaky düýpli garaýyşlary hem şu kökden gaýdýandyr. Gadymyýetde adamlar, halklar öz Watanlaryny, döwletlerini döredenlerinde, öý-ojaklaryna, maşgalalaryna meňzedip döredipdirler. Munuň özi tebigy ýagdaýda bolup geçendir. Watan hem döwletlilik düşünjesi öý-ojak, maşgala düşünjesiniň has giň, töwerekleýin işlenilmegi netijesinde dörändir. Ine, onsoň Watana eýe bolan ynsanlar ony, öz döwletlerine daýanyp, edil öý-ojaklaryny söýen ýaly söýüpdirler, edil öý-ojaklaryny goran ýaly gorapdyrlar, gözelleşdiripdirler hem baýlaşdyrypdyrlar. Adamlara Watan öý-ojak, gala bolupdyr.
Aslynda, maşgala ojaklary hem kiçijik döwletler ahyryn! Şolar — maşgala döwletleri Watanyň dag-düzüne keşde bolup oturandyrlar. Watana kuwwat bolup oturandyrlar. Watany Watan edip oturandyrlar. Şol kiçijik döwletlerden — maşgala döwletlerinden tutuş halkyň döwleti ybarat bolýar. Beýleki bir tarapdan, maşgala döwletleriniň hem bütin gözelligi, kuwwaty, abadanlygy, bagty Watan bilendir, berkarar döwlet bilendir.
Döwrüň parasatly başlangyçlarynyň, uly tutumlarynyň ählisi Watana söýginiň netijesidir. Döwrüň her ädimi, her işi Watany ösdürmek, goramak, berkitmek bilen baglanyşyklydyr.
Akmyrat HOJANYÝAZ.
«Türkmenistan»