«Serhetsiz Hazar»: türkmenistanly žurnalistleriň halkara üstünligi

Ozal habar berlişi ýaly, golaýda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn usulda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezinde geçirilen VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Onuň çäklerinde soňky ýyllarda geçirilmegi däbe öwrülen «Serhetsiz Hazar» atly halkara bäsleşigiň jemi jemlenip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Irina Imamkuliýewa «Tomaşaçylaryň göwnünden turmak baýragy», gazetiň fotohabarçysy Hasan Magadow bolsa «FotoHazar» ugry boýunça ýeňiji bolmagy başardylar. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna türkmenistanly žurnalistleriň özboluşly sowgady boldy.
«Serhetsiz Hazar» atly bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Bu bolsa Hazarýaka sebitiň ýurtlarynyň žurnalistleriniň birek-biregi has içgin tanamak we tejribe alyşmak meýilleri bilen şertlendirilendir. Çünki bu bäsleşige gatnaşmak kenarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygy, Hazaryň ykbaly hakynda gaýtadan oýlanmaga itergi berip, olary täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar.
Şu ýyl agzalan bäsleşige sebit ýurtlarynyň 5-sinden döredijilik eserleriniň 60-dan gowragy gowuşdy. Eminler topary tarapyndan deňziň gaýtalanmajak ekologiýasy bilen bagly meseleler «Adam we deňiz», Hazarýaka sebitiň döwletleriniň ykdysady, ekologiýa, medeni, bilim, syýahatçylyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy «FotoHazar», sebitiň ýurtlarynyň medeniýeti, gözel ýerleri we syýahatçylygy «Hazarýaka ýurtlary bilen tanşyp», sport hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleri «Hazar — sagdynlygyň mekany», ýaş awtorlaryň hödürlän işleri bolsa «Täzeçe garaýyş» ýaly ugurlaryň jemi 5-si boýunça eserleriň iň gowulary mälim edilip, ýeňijilere degişli diplomlardyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Olaryň hatarynda Hazarýaka ýurtlaryň bäşisiniň hem iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumynda eden taryhy çykyşynda nygtaýşy ýaly, biz Hazaryň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyklylyk deňzi bolmalydygyny öwran-öwran aýdýarys. Bu sözleriň manysy üýtgewsizdir. Ol hemişe-de derwaýys bolmagynda galar. Hazarýaka sebit bilen baglanyşykly guralýan islendik çäräniň, maslahatdyr duşuşyklaryň, döredijilik bäsleşikleriniň esasy maksady hem hut şu hakykaty açyp görkezmekden, asyrlaryň dowamynda jebislikde ýaşamagyň özboluşly nusgasyny döreden sebitiň halklaryny birek-birek bilen has-da ysnyşdyrmakdan ybaratdyr. 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazaryň Konstitusiýasynyň — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň kabul edilmegi bilen, kenarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy. Munuň özi goňşy ýurtlaryň media wekilleri üçin-de täze gözýetimleri açdy.
Dostlukly döwletleriň habar beriş serişdelerinde iş alyp barýan žurnalistleriň onlarçasyny bir meýdança jemleýän «Serhetsiz Hazar» atly halkara bäsleşikde kärdeşlerimiziň ýeňiji bolmagy bolsa olaryň döredijilikli zähmetiniň giň köpçülik tarapyndan ykrar edilmeginde, türkmen media serişdelerine, şol sanda internet neşirlerine bolan gyzyklanmalary artdyrmakda, iň esasysy bolsa, milli Liderimiziň umumyhazar gün tertibi boýunça öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny sebitiň media giňişliginde has-da ilerletmekde nobatdaky ädim boldy. Biz hem abraýly bäsleşikde ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, ýeňiji bolan žurnalistlerimizi tüýs ýürekden gutlap, olara döredijilik gözleglerinde täze üstünlikler arzuw edýäris.
(Ýörite habarçymyz).