PAÝLY GURLUŞYK IŞINIŇ HUKUK ESASLARY

Häzirki döwürde halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen hususyýetçilige aýratyn üns berilýär. Raýat hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagynyň esaslarynyň biri hem bazar ykdysady gatnaşyklarynyň hukuk esasy bolan şertnamadyr. Şertnamanyň islendik görnüşiniň düzülişi we onuň esasy şertleri umumy kadalara esaslanýar. Bazar gatnaşyklary ösdügiçe Türkmenistanda şertnamalaryň täze görnüşleri ýüze çykýar. 
Watanymyzyň durnukly ykdysady ösüş ýolunda telekeçilige we hususyýetçilige ýardam berilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Telekeçiligi ösdürmek, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek döwletimiziň maddy esasyny emele getirýän we ilatyň ýokary hilli ýaşaýşyny üpjün edýän milli ykdysadyýetimiziň esasy özenini düzmek bilen bir hatarda, ykdysadyýetimiziň kadaly hereket etmeginiň kepili hökmünde çykyş edýär.
Telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň esasy ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň raýatlarynyň esasy durmuş-ykdysady hukuklarynyň biri bolan eýeçilige bolan hukuklaryny goramakdyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmeginiň öz aýratynlyklary bar. 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen (2012-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda güýje giren) «Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýaşaýyş jaýlarynyň, gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň gurluşygy üçin gurujylar tarapyndan paýçylaryň pul serişdeleriniň çekilmegi bilen bagly gatnaşyklary hem-de paýçylaryň paýly gurluşygyň obýektine bolan eýeçilik hukugynyň döremegini düzgünleşdirýän ýöriteleşdirilen kadalaşdyryjy hukuk nama bolup durýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen berk bagly bolan bu Kanun biziň tejribämizde täzedir. Kanunyň 1-nji maddasynyň 4-nji bendine laýyklykda, paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy — paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygy bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän, gurujynyň we paýçynyň arasynda baglaşylan ylalaşyk diýlip bellenilendir. 
Ýaşalýan we ýaşalmaýan jaýlar paýly gurluşygyň obýektleridir. Paýly gurluşygyň obýekti öý bolup durýan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy boýunça paýçy bolup diňe Türkmenistanyň raýaty çykyş edip bilýär. Paýly gurluşygyň obýekti aýratyn durýan durmuş-medeni, administratiw, durmuş, söwda we önümçilik maksatly obýektleriň aýratyn bölegi, şeýle hem köp öýli ýaşaýyş jaýynda duran durmuş-medeni, administratiw, durmuş we söwda maksatly obýekt ýa-da onuň aýratyn bölegi bolup durýan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy boýunça paýçylar bolup, diňe ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar çykyş edip bilýärler.
Gurujy tarapyndan paýça paýly gurluşygyň obýektiniň berilmegi ol ýaşaýyş jaýynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň ulanylmaga berilmegine rugsat alnandan soň amala aşyrylýar.
Paýly gurluşyga gatnaşmagyň birkysmy şertnamasyna laýyklykda, ýazmaça görnüşde baglaşylan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy paýly gurluşygy amala aşyrmak üçin esas bolup durýar. Gurujynyň diňe paýly gurluşygy guramak boýunça rugsat alandan hem-de gurluşyk üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen ýer bölegine bolan hukugynyň döwlet belligine alnandan soň ýaşaýyş jaýlarynyň gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň gurluşygy üçin paýçylaryň pul serişdelerini çekmäge, ýagny paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamalaryny baglaşmaga hukugy bardyr. Paýçynyň paýly gurluşygyň obýektine bolan eýeçilik hukugynyň resmileşdirilmegi üçin zerur bolan resminamalar (gerekli resminamalaryň sanawyny gozgalmaýanemlakgullugy.gov.tm saýtyndan görüp bilersiňiz) Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň ýerli edaralaryna berlen mahalynda, paýly gurluşygyň obýektine bolan eýeçilik hukugy döwlet belligine alynýar we görkezilen hukugy tassyklaýan degişli eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berilýär.
Milli kanunçylyk ulgamynyň bagtyýarlyk döwrüniň täze talaplaryna laýyk getirilmegi ata-babalarymyzdan miras galan adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik kadalaryna daýanýar. 
Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynyň döwlet syýasatynyň üns merkezinde bolmagy bu pudagyň geljekde hem ynsan bähbidini, jemgyýetçilik jebisligini, döwlet asudalygyny üpjün etmekde halkyň ahlak ýörelgeleri bilen sazlaşykda boljakdygynyň aýdyň nyşanydyr.
Myrat KULYÝEW,
 Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň 
ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly 
geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Mary 
welaýat müdirliginiň müdiriniň orunbasary, uly döwlet bellige alyjysy, 
1-nji derejeli ýurist.