Täze jaýlar — toý sowgady

Düýn Ahal welaýatynyň merkezinde dört gatly, 24 we 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly açylmagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toý şatlygyny artdyrdy. Welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň buýurmasy esasynda gurlan täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan öýli bolmak bagty miýesser eden ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdik.
Gülendam ÝARAŞOWA,
Änew şäheriniň ýaşaýjysy:
— Şu gün Änew şäheriniň gözel künjeginde gurlan dört gatly ýaşaýyş jaýyndan üç otagly öýüň açaryny almak bagtynyň miýesser edendigine begenjimiziň çägi ýok. Ýurdumyzyň naýbaşy baýramynyň öňüsyrasynda jaý toýuny toýlamagyň özi döwletlilikden nyşan. Şeýle bagty peşgeş berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Indi köp ýyldan bäri welaýatymyzyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda zähmet çekýärin. Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak ugrunda edýän tagallalaryny her ädimde duýup gelýäris. Halkymyzyň saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak bilen bagly toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagy, arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş gulluklarynyň işgärleriniň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, döwrebap iş şertleriniň üpjün edilmegi guwanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Ine, bu gün welaýatymyzyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärlerine döwrebap derejede ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan kaşaň jaýlaryň açarlarynyň gowşurylmagy hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş işgärleri barada edýän aladasynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Jeren AKJANOWA,
Ak bugdaý etrabynyň ýaşaýjysy:
— Men 73 ýaşymda, şanly seneler mynasybetli welaýatymyzda geçirilýän toý-baýramlara, binalaryň açylyş dabaralaryna uly höwes bilen gatnaşyp gelýärin. Ine, bu gün täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna şaýat bolduk. Şeýle şatlykly pursatlary synlamak ömrümize ömür goşýar, döwrümiziň gadyr-gymmatyna buýsanjymyzy artdyrýar.
Halkymyzyň Gahryman Ogly, hormatly Prezidentimiz bu gün ata-babalarymyzyň döretmek, gurmak ýaly asylly ýol-ýörelgelerine uly sarpa goýup, olary täze öwüşginde dowam etdirýär, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde durmuş maksatly desgalary gurdurýar. Şu gün bagtyýar maşgalalaryň onlarçasyna täze jaýlardan ähli amatlykly öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy hem Arkadagly döwrümizde «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň barha rowaçlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Şeýle ajaýyp pursatlarda bagtyýar maşgalalaryň begenjini paýlaşmagyň, şatlygyna şaýat bolmagyň özi hem ene ýüregimize ganat berdi, durmuşa, ýaşaýşa söýgimizi goşalandyrdy.
Eşretli döwrümiz bar. Döwrümiziň gadyr-gymmatyna oňat düşünip, Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşip, halal we päk zähmet çekmek, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak ildeşlerimiziň her biri üçin uly bagtdyr. Ulus-ilimize şeýle bagtyýarlygy serpaý eden hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun.
Arslangeldi GYŞYKOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary:
— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli güneşli Diýarymyzyň beýleki sebitleri ýaly, welaýatymyzda dürli desgalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi baýramçylyk şatlygymyza şatlyk goşýar. Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Kaka dokma toplumy, onuň yzysüre Ak bugdaý, Gökdepe, Tejen, Babadaýhan etraplarynda täze, döwrebap orta mekdepleriň birbada bäşisi dabaraly açyldy. Şol şatlykly wakalaryň täsirinden çykmankak, welaýat merkezi Änew şäherinde dört gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň açylyşyna şaýat bolduk. Bizi aýratyn guwandyrýan ýagdaýlaryň biri-de şeýle ajaýyp binalary, kaşaň ýaşaýyş jaýlaryny türkmen telekeçileriniň gurmagydyr.
Welaýat merkeziniň görküni artdyran täze ymaratlaryň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Sahawat gurluşyk» hususy kärhanasynyň ezber elli gurluşykçy hünärmenleriniň ýerine ýetirendigini bellemelidiris. Täze jaýlar iki we üç otagly öýlerden ybarat bolup, olarda döwrebap şertlerde ýaşamak üçin ýokary amatlyklaryň göz öňüne tutulandygyna açylyş dabarasy mahalynda göz ýetirdik. Jaýlardaky giň ýaşaýyş we kömekçi otaglar, olardaky amatlyklar diýseň ýakymly täsir galdyrdy.
(Öz habarçymyz).