Ýaşlar — ýurduň geljegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Ýaşlaryň talabalaýyk bilim almaklary, mugallymlaryň netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilýär, öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we bu tejribäni bilim ulgamynda giňden ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy.
2018-nji ýylda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Sanly ykdysadyýeti dolandyrmak üçin ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamak wajyp bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça täze ugurlary girizmegiň zerurdygyny nygtaýar. Elektron okuw talyp ýaşlara özbaşdak okuw bilen meşgullanmaga, döredijilikli pikirlenmäge, uzak aralykdan bilim almaga we sanly maglumatlary ulanmaga mümkinçilik berýär.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda göz öňünde tutulan çärelere laýyklykda, bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, sanly bilim ulgamyna geçmek we elektron serişdeleri ulanmak arkaly okuw usulyýetlerini hem-de bilim maksatnamalaryny özgertmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Okuw dersleri boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary — elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-materiallar, tanyşdyryşlar, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary we beýlekileri taýýarlamagyň üstünde işlenilýär.
Hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle hem talyp ýaşlar tarapyndan içki lokal tor döredildi, sanly bilim portalynyň tor programma üpjünçiligi we onuň binýadynda sanly bilim portaly işlenip taýýarlanyldy. Institutda elektron resminama dolanyşygy, şeýle hem institutyň internet web-saýty döredilip, işe girizildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly umumy okuw sapaklary, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty, Tehnologiýalar merkezi we beýleki ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny sanly ulgama toplumlaýyn geçirmek bilen baglylykda, «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamalaryň amala aşyrylmagy sanly bilimi ösdürmäge, täze tehnologiýalary giňden ulanmaga, ylym-bilimiň we önümçiligiň arasyndaky baglanyşygy has-da işjeňleşdirmäge ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynda ylym hem-de önümçilik gatnaşyklaryny berkitmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlygyny üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny bilimi döwrebaplaşdyrmakda we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen yzygiderli maglumat alşylmagyny ýola goýmakda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny nygtaýar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan Hindistanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Italiýanyň, Russiýanyň, Belarusyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri we Ýewropa Bileleşiginiň ERASMUS + guramasy bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça gazanylan Ylalaşyklara we Özara düşünişmek boýunça Ähtnamalara laýyklykda bilelikde degişli çäreler geçirilýär. Şu ýylyň iýun aýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen I.Razzakow adyndaky Gyrgyz döwlet tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ýurdumyzyň ykdysady, medeni, ylmy we tehnologik ösüşlerini mundan beýläk hem çaltlandyrmak, bilim ulgamynyň binýatlyk ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini hem-de dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, tölegli esasda bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, birnäçe ýokary okuw mekdepleri, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty hem hojalyk hasaplaşygyna geçirildi.
Şu okuw ýylynda ýaşlaryň ençemesi institutymyza hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça talyplyga kabul edildi. Institutda bakalawr maksatnamasy boýunça täze hünär ugurlarynyň üçüsi açyldy. Olar maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy, himiýa tehnologiýasy, kartografiýa we geoinformatika taýýarlygy ugurlarydyr.
Bakalawr maksatnamasy taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan iki derejeli gurluş düzümi bolan ýokary hünär biliminiň birinji derejesi bolup, ol hünär işiniň ähli görnüşlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär. Bakalawr hünär derejeli ýokary hünär bilimi hakyndaky resminama onuň eýesine ýokary hünär biliminiň ikinji derejesi bolan magistr maksatnamasy boýunça okuwyny dowam etmäge mümkinçilik berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, döwrebap ylymly, bilimli, sagdyn ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek biziň baş maksadymyz bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, alyp barýan giň gerimli işleriniň mundan beýläk hem rowaç almagyny arzuw edýäris.
Maýa KELOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.