Türkmen durmuşynyň waspçysy

Beýik Ýeňşiň her ýyl uludan bellenilýän baýramçylygy onuň nähili beýikliginiň, belentliginiň sahypalaryny göz öňümizde barha artdyryp, arzylandyryp gidip otyr. Şu gezek hem şeýle boldy. Bu mukaddes baýramyň 76 ýyllygynyň giňden bellenilýän günleriniň öň ýanynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy, täsin ykbally suratkeş Nikolaý Petrowiç Şapow hakda makala ýazmagymyza sebäp bolan gymmatly maglumatlary gazetimiziň fotohabarçysy bolup işlän Ýuriý Şkurin gürrüň berdi.
Ilki bilen Nikolaý Petrowiçiň täsin ykbally ynsanlaryň biridigi hakda kelam agyz aýdyp geçmek isleýäris. Çünki adamyň ruhy keşbi onuň täsin ykbalyna sebäp bolýar. Ol 1896-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk şäherinde dogulýar. Çagalykdan başlap, suratkeşlik sungaty ony özüne çekip gelýärdi. Şu maksat bilen ol Moskwanyň Stroganow adyndaky meşhur çeperçilik mekdebine okuwa gelýär. Ýöne döwrüň harby ýagdaýlary oňa höwes eden hünärinden okap, bilim almaga mümkinçilik bermeýär. Ykbal oňa ýörite bilim almagyň ornuna durmuşdan öwrenmegi emr eden ýalydy. Barysy şundan soň başlanýar: ol 1923-nji ýylda şol wagtky «Sowet Türkmenistany» hem-de «Turkmenskaýa iskra» gazetleriniň (häzirki «Türkmenistan» hem-de «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetleri) birleşdirilen neşirleriniň redaksiýalarynyň çagyrmagy bilen, Aşgabada gelýär. Şol wagt häzirki «Türkmenistan» gazetiniň döredilenine 3 ýyl bolupdy. Nikolaý Petrowiç gazetiň bezeg bölüminiň müdiri edip bellenilýär.
«Ykbalda tötänlik diýen zat bolmaýar» diýýärler. Suratkeş hökmünde ol Watanymyzyň dürli künjeklerinde bolup, zähmet adamlarynyň keşbini, tebigat görnüşlerini, haýwanat dünýäsiniň şekillerini, ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak gözelligini öz eserlerinde belentden wasp edýärdi. Türkmen topragynda işlemek bilen ol özüniň döredijiligine egsilmez ylham alýardy. Suratkeşiň «Ik egirýän zenan», «Iňrik», «Ýagyşly gün», «Düýe idip gelýän oglanjyk» ýaly eserleri hem onuň türkmen durmuşynyň waspçysy bolandygyny aňryýany bilen subut edýär. Bu eserleriň milli gymmatlyklarymyza bagyşlanandygy olaryň gymmatyny has-da artdyrýar. Suratkeş Nikolaý Şapowyň «Türkmenowedeniýe» žurnaly üçin durmuşdan alyp döreden hakyky suratlary hem haýran galdyrýar.
Nikolaý Petrowiç Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, söweş ýollaryny birme-bir sökýär. Birinji Belarus frontunda söweşmek bilen, nemes faşistlerinden Warşawany azat etmek, Berlini zabt etmek ugrundaky söweşlere gatnaşyp, söweşjeň sylaglara mynasyp bolýar. Muňa garamazdan, onuň uruş temasyndan döreden eserleri ýok diýerlikdir. «Ýöne oňa derek frontdaky öz söweşdeş ýoldaşlarynyň suratlaryny çekýän ekeni. Olar bolsa öz gezeginde olary surat ornuna öýlerine, ýakyn hossarlaryna iberýär ekenler» diýip, gürrüň berýärler.
Uruşdan öň hem, uruşdan soň hem redaksiýalarda fotokameralar ulanylypdyr. Muňa garamazdan tä 1969-njy ýyla çenli Nikolaý Şapowyň suratlarynyň gazet-žurnallaryň sahypalaryndan düşmän gelendigi onuň ýiti zehininden habar berýär. Ol hakda žurnalist Wladimir Zarembonyň ýazan makalasyndan hem köp gyzykly zatlary bilmek bolýar.
Türkmen dutarynyň iki sany tary bilen gudrat döredip gelşi ýaly, Nikolaý Şapowyň eserleri hem ak bilen gara reňkleriň birleşmesinden dörän. Ýöne türkmen durmuşynyň ol eserlerden çogýan ýylylygyny, mähribanlygyny ölçemek mümkin däl. Olar türkmen durmuşynyň waspy hökmünde, hem özüni döredijini, hem bagyşlanan temasyny meşhur etmegini dowam etdirip, kalplarda ýaşap gelýär.
Halkymyzda «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» diýlen pähim bar. Dogrudan-da, ömrüniň ýarym asyrlyk wagtyny eziz Diýarymyzda ýaşap, işläp, döreden Nikolaý Şapowyň ýagşy ady hakda onuň türkmen durmuşyny ussatlyk bilen beýan eden işleri özboluşly gürrüň berip duran ýaly duýgy döredýär.
Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».