Türkmen dokmasy: hem sungat, hem senagat

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda iri dokma toplumynyň açylyşyndan soňky oýlanmalar
25-nji awgust. Säheriň ümüş-tamşy. Paýtagtdan Kaka çenli birneme menzil bar. Daş-töwe-regiňi synlap, gözleriňi gönendirip, göwnüňi gülündirip barmaly... Alkymlan güýzden salam getiren sergin ýellere baş atýan «ak altynly» meýdanlarda gözüň eglenýär. Ine, bereket-baý-lygyň nusgasy! Hä diýmän, bu ýerlerde ýygym möwsümi gyzgalaň alar. Gowaçaly meýdan-lar Kaka dokma toplumy, umuman, dokma senagatynyň ösüşli sepgitleri baradaky söhbedi-miziň uşlybyny çözledi oturyberdi.
Dörediji Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle tym-sal beýan edilen: ir döwürde patyşanyň dünýäde iň owadan, iň ýakymly ysly hem-de iňňän güýçli özüne çekýän gül baradaky sowalyna derwüş: «Merhemetli patyşa! Eger-de biziň däplerimizi hemem aýratynlyk-larymyzy göz öňünde tutsaň, bu gül gowaça güli bolar. Sebäbi onuň gülleýşi iň owadan güllere kybapdyr. Iň esasy zat bolsa, adam dünýä inende, gowaça-da onuň bilen bile peýda bolýar...» diýip jogap beripdir.
Gowaça — yrýasyz ekin. Hasylynyň 95 göterimi dürli önümleri almaga ýaramly bu gadymy eki-niň durmuşyň tas ähli ugrunda öz orny, ähmiýeti bar. Onuň diňe egin-eşik önümçiligindäki ulany-lyşynyň taryhy üç müň ýyldan agýar. Berekedi-de özündedir: bir tonna pagtadan, takmynan, 600 — 700 sany jinsi balak öndürip bolýar, galany-da beýleki önümlere ýarna. Pagtadan edilen eşikler howany gowy geçirýändigi bilen güneşli ýurtlarda has-da arzylydyr, amatlydyr.
Gymmaty barha artýan gowaça häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda ösdürilip ýe-tişdirilýär. Ýöne “Ýer ala, ýurt ala” diýleni, ähli ýerde bitginliligi, berekedi deň däl. Günüň tylla howrundan, topragyň sahawatyndan ýetdik paýyny alyp ýetişýän türkmen pagtasy hili boýunça dünýäde iň gowularyň biri diýlip ykrar edilýär.
Ekerançy alymlaryň aýtmagyna görä, ýurdumyzda sebitleriň toprak-howa şertlerine laýyklykda, gowaçanyň 20-den gowrak sorty ekilýär. Önümçiligiň innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap guralyşynda tebigy pagta süýümi gymmatly çig mal bolup, ol daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň arasynda-da öňdäki orunlarda.
                                                 * * *
Ozallar, Garaşsyzlykdan öň, Türkmenistan pagta öndürmäge ýöriteleşdirilen agrar ýurt hasaplan-ýardy. Şeýle-de bolsa, öndürilýän ummasyz pagtanyň bary-ýogy 3 göteriminiň özümizde gaýta-dan işlenendigi, özi-de diňe hili pes bolan biz matanyň dokalandygy bellidir. Ine, şoňa görä-de, dokma pudagy gönüden-göni Garaşsyzlyk ýyllarynda dörän, özüni tutan, boý alyp, çar ýana pür-pudak ýaýradan senagatdyr diýip, ynamly aýdyp bolar.
Dokma pudagynyň önümçilik kuwwaty Garaşsyzlyk ýyllarynda 15 esseden-de artdyryldy. Bu pudakda 30-dan gowrak iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirildi.
Häzirki wagtda Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde dokma toplumlarynyň, pagta egriji, dokma we tikinçilik fabrikleriniň, ýüpegi, derini we ýüňi gaýtadan işleýän, şeýle hem aýakgap kärhanalarynyň 60-dan gowragy bolup, olaryň ençemesi Merkezi Aziýada iri toplumlardyr. Puda-gyň kärhanalarynyň önümleri halkara ISO 9001, 9002, ISO 14001, WRAP we OHSAS 18001 standartlaryna eýe boldular.
Häzir ýurdumyzda öndürilýän pagtanyň gylla ýaryndan agdygy özümizde gaýtadan işlenilýär. Öndürilýän taýýar önümleriň 70 göterimden gowragy Russiýa Federasiýasyna, Türkiýä, Hytaýa, GDA, Aziýa ýurtlaryna hem-de Ýewropanyň birnäçe döwletlerine eksport edilýär. «Türkmenis-tanda öndürildi» diýen belgi bilen ýerlenilýän «Gala», «Nusaý», «Goza», «Bedew», «Bürgüt» haryt nyşanly önümler dünýä bazarynda geçginli harytlara öwrülýär.
Gazetimizde her duşenbe güni hepdelik birža täzelikleriniň çap edilýändiginden okyjylar habarly-dyr. Ine, geçen hepdäniň netijelerinden mysal getirip aýtsak, BAE-niň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň işewürlerine nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler ýerlenilip, geleşikleriň bahasy millionlarça amerikan dollaryna ba-rabar bolupdyr.
«Dokmasy bolan dok bolar» diýen türkmen «Dok başa döwlet ýagar» hem diýipdir. Dokmaçyly-gy ýedi hazynanyň biri hasaplapdyr. Dokma — döwletlilik çeşmesi. Şoňa görä-de, geljegiň ösüş maksatnamalarynda oňa has-da giň gerim bermek ileri tutulýar. Has anygy, “Türkmenistanyň Pre-zidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksat-namasynda” Dokma senagaty ministrligi boýunça degişli döwürde nah ýüplügi öndürmegiň 6,9 göterim, nah matalary, sütüklini goşmak bilen, öndürmegiň 16,0 göterim, örülen we tikin önümle-rini öndürmegiň bolsa 48,9 göterim derejede artdyrylyşyny gazanmak meýilleşdirilýär. Netijede, harytlyk önümleriň, işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüşi 11,9 göterime eýe bolar.
                                                 * * *
Kaka dokma toplumy! Ösüşli ýoluň täze sepgidi! Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly açylyp, barha ýakynlaşýan baş baýramyň şatlygy-na şatlyk goşan bu topluma diňe bir kärhana diýmek bärden gaýtma bolar. Ol 18 gektar giňişlikde ýüplük, dokma, boýag, tikinçilik fabriklerini özünde jemlän giden bir şäherçe! Umumy bahasy 147 million 850 müň amerikan dollaryna barabar bu toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 3 müň 650 tonna ýokary hilli ýüplükleri, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 mil-lion 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge barabardyr. Onuň açylmagy bilen, 1 müň 300 adama iş ornunyň döredilendiginiň özi nämä degmeýär!
Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň, Belgiýanyň, Italiýanyňdyr Germaniýanyň ýüplük egriji, mata do-kaýan, boýag, tikinçilik enjamlaryndan ýüküni tutan bu toplumda ýurt boýunça täze önümçiligiň — “kompakt-penýe” kysymly nah ýüplügiň çykarylmagynyň ýola goýlandygyny, şonuň ýaly-da ýüplügiň garyşyk görnüşlerini çykarmak üçin mümkinçilikleriň döredilendigini hem bellemeli.
Ýene-de bir guwandyryjy habar, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda umumy bahasy 151 million 800 müň amerikan dollaryna deň bolan, önümçilik kuwwaty bir ýylda 3 müň 300 tonna inçe süýümli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyply dokma toplumynyň gurluşygynyň tamamlanyp, ulanmaga beriljek wagty-da indi uzakda däl.
                                                 * * *
Geýim-gejimiň diňe egin örtgüsi däldigi belli. Ol ruhuň hem ýaraşygy. Asyl-ha, adamyň içki dün-ýäsiniň daşky dünýä bilen gatnaşygy, öňi bilen, onuň lybasynda açylýar. “Lybaslar ýalan sözle-mez, eýesi hakda ähli zady sessiz gür berer” hem diýýärler. Göze gelüwli lybas bir gowy saz, bir datly tagam, bir gowy film ýaly lezzet berýär. Ilçilik bu, çagalyk, ýaşlyk, toý lybaslaryny gym-matly ýadygärlik hökmünde bütin ömrüne arzylap ýörenlere duşanyňda, lybasyň diňe mata parça-sy däldigine, durmuşyň bir bölegidigine has magat göz ýetirýärsiň.
Adamyň rahat eşige zerurlygyny onuň rahat öýe zerurlygyna barabar hasaplaýarlar. Hakykatdan-da, eşikler adamyň ilkinji hem özboluşly öýi ahyry! Şoňa görä, tikinçiligi, dokma dizaýnerligini binagärlik sungaty bilen bir orunda goýýanlara ikirjiňsiz hä beresiň gelýär.
Hawa, egin-eşik, lybas işi özbaşyna bir medeniýet, özbaşyna uly sungat. Şeýle bolmanlygynda, dünýä ýaşly, dünýä paýhasly halkymyz: “Gözellik ondur, dokuzysy dondur” diýäýip goýbermez-di. Türkmen diňe şeýle diýmek bilenem oňman, geýinmegi sungat derejesine ýetiren, onuň nusgalyk mekdebini döreden halk. Asyrlaryň dowamynda sünnälenen milli lybaslarymyzyň inçe-ligine, nepisligine, ýerlikliligine jahan halky moda sungatynyň ösüp-örňäp, arşa çykan şindiki çag-tynda-da haýran galyp ýör.
Ýurdumyzda häzirki döwürde öndürilýän egin-eşiklerde-de milli äheňlerdir döwrebap öwüşgin-ler, biçüwler sazlaşýar, «dil tapyşýar». Özüňize belli, soňky wagtlarda diňe paýtagtymyzda däl, eýsem, sebitlerde hem Dokma senagaty ministrliginiň ýöriteleşdirilen dükanlarynyň ençemesi açyldy. Ine, şol dükanlara ýoluň düşende, gyzgalaňynyň hemişe ýetikdigini görmek bolýar. Dün-ýä inen bäbejigi ýaşuzynlajaklaram şol ýerdedir, toý sähedi bellenen juwanlaram. Talyp bolup, şaý-esbabyny tükelläp ýörenlerem, sportsöýer ýaşlaram şol ýerde egin-eşik saýlamak bilen gümra-dyr. Myhman gelen gaýry ýurtlulara-da duşaýmak geň däl. Ine, onsoň, dürli ýaşly, dürli kespli adamlaryň islegine, talabyna hötde gelip bilşini türkmen dokma pudagynyň döwrebap ösüşine ki-reňsiz misil saýýarsyň. Özi-de bu dükanlarda elýeterli bahalardan başgapdan aýakgaba çenli öz ýurdumyzyň önümlerinden “dokuzyňy düzläp” bolýar. Birmahallar, aýdylyşy ýaly, “at münüp, atam gomlap”, alys ýurtdan gyzyl pula getirilen panbarhat, ştapel matalar gyz-gelinleri daşynda egele eýlese, önümçiligi soňky dört-bäş ýyllykda ýola goýlan örme žemperlerdir gaýry önümler köpdürlüligi, köpöwüşginliligi bilen özüne çekýär...
Gadymy döwürleriň lukmanlary nähoş üçin, öňi bilen, öz topragynda ýetişýän miwelerdir önüm-leriň bire-bir melhemdigini ýanjapdyrlar. Öz ýurduňda öndürilen lybaslary geýmegiň-de hem mel-hemlik, hem ylhamlyk täsiriniň bardygyny kim inkär eder?!
Onsoňam, diňe geýim-gejimlermi näme?! Toýpaýlyk elýaglyklardan başlap, düýeýüň saçaklara çenli dürli durmuş hajatlary bilen bagly önümleriň bolelinligini göreý diýseň, ýurdumyzyň dokma kärhanalaryna, olaryň dükanlaryna barmaly. Ine, indi şolaryň üstüni Kaka dokma toplumynda ön-düriljek ýokary hilli önümler ýetirer. Täze dokma toplumynyň açylyşy wagtynda taýýar önümle-riň sergisini synlap, gözüň guwanyp, göwnüň dokunýar.
Pederlerimiz: “Toýa barsaň, doýup bar, toý donuňy geýip bar!” diýipdirler. Bu gün döwletli hal-kymyz öz eken pagtasyndan öz tiken toý donuny geýip, baş baýramyny — beýik Garaşsyzly-gynyň şanly 30 ýyllygyny garşylaýar.
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.