Öý diýilýän keramatdyr...

Döwlet gurmagyň ussady bolan, «Döwlet gurmak isleseň, türkmeni çagyr» diýdirip bilen halkymyz öý gurmagy sungat derejesine ýetiripdir. Türkmen üçin öý — keramat. Türkmen üçin öý — döwletlilik.
Bu gün döwrebap öýlerde ýaşaýan türkmen gadymy öýüni hem ýatdan çykarmaýar. Şindiki beýik döwletliliginiň derejesinde guran bu binalaryny “Türkmeniň ak öýi” diýip atlandyrýar. Şeýdip, gadymyýeti bilen şu gününi birleşdirýär. Gadymyýetini şu güni bilen beýik geljegine alyp barýar. Millet hökmünde taryhy hakydasyny, ruhy bitewüligini saklaýar. Görnüşi ýaly, bu iş milli döwletliligi goramagyň, berkitmegiň, döwre görä ösdürmegiň bir binýadyna öwrülendir.
Öý, dogrudan-da, keramatdyr, onda mukaddes bir güýç bar.
Öý döwletlilikdir, onda maşgala döwleti ýerleşýär. Maşgalanyň ary-namysy, mertebesi ähli zatdan ýokarda tutulýan ýerde öý-ojak hakynyň nähili uly boljakdygy düşnüklidir.
Öý çem gelen ýerden tutulmaýar. Hertaraplaýyn arassa, amatly, göwün söýen ýerde, ölçelip-çenelip tutulýar. Halkymyz öýüň guruljak ýerini “ýurt” diýip atlandyrýar, watan saýýar. Öý tutup oturan ýeri — her kimiň ýurdy. Täze öýe barlanda: “Ýurt garşy alsyn!” diýlip, ýagşy dilegiň edilmegi şu uly düşünje bilen baglanyşyklydyr. Şu düşünje bilen, onsoň ýene käbir zatlar bilen baglanyşyklydyr. Hawa, ýurduň garşy almagy, ýagny öý tutan ýeriňden, öýüňden-ojagyňdan oňmagyň üçin ýene kän zat gerek, ilkinji nobatda, mynasyplygyň gerek. Adamyň öz eden işine, öz ýeten myradyna hem, hatda geljegi baradaky arzuw-hyýallaryna hem mynasyplygy gerek! Şu bolmazdan, özüňe-de, nesliňe-de ar getirersiň. “Aldym” diýeniň eliňden gider. Öýüňi abraýly, toýly edip bilmersiň. Öý diýlen bolsa döwlet ahyryn! Diýmek, döwletiňi yralarsyň, onuň köküni gowşadarsyň. Döwlet diýen zat: “Ine, gurdum, içine girdim” diýeniň bilen döwlet bolmaýar. Oňa birsyhly serenjam gerek. Maddy hem ruhy serenjam, köňül serenjamy! Şonda ol seni saklar, sen ony saklarsyň. Ol seni gorar, sen ony gorarsyň. Öýüň keramaty artar. Döwletlilik berkär.
Diýmek, öýi öý etmek gerek! Öýüň diregi hem, bezegi hem — onuň eýeleri. Öýüň päkizeligi, gözelligi — onuň eýelerine bagly. Öýüň abadanlygy, rahatlygy — onuň eýelerine bagly. Öýde agzybirligiň, rowaçlygyň bolmagy — onuň eýelerine bagly. Şonuň üçin türkmen ýagşy dileg edýär: ÝURT GARŞY ALSYN!
Tärimi hem ugy, gamşy hem gapysy, üzügi hem durlugy, serpigi hem tüýnügi... bilen öý öý şekilli gurlandyr. Onuň içinde ýaşaýyş üçin zerur zatlaryň ählisi bardyr. Ol rahat hem eşret üçindir. Onda haýsy zadyň nirede, nähili durmalydygyna, hatda kimiň ornunyň nirededigine çenli kesgitlenendir. Öýüň kem zady ýok ýalydyr, ýöne oňa ýene käbir zatlar gerekdir. Hawa, onuň gowzuny doldurmak üçin başga-da juda zerur zatlar bar: öý eýeleri şu boşlugy doldurmalydyr. Bir-birege aýdylýan ýagşy kelam bilen, haýyr-yhsan bilen, päkize ynanç-iman bilen... Sylaşyk bilen, paýhas bilen... Goňşy-golama, ile-güne ýagşylyk bilen... Bular — iň zerur zatlar. Şular bolmasa, onda öýe kemlik ýetişer. Onsoň giň öýüň dar kapasdan ibaly bolmaz. Abat jaýyň bibat çatma döner...
Öýüň abraýy seniň abraýyňa baglydyr.
Sen welin, mynasyp öý edinensiň. Indi özüň öýe mynasyp bolmalysyň.
Aýdyşlary ýaly, ak öý dünýäniň döreýşiniň özboluşly nusgasyny alamatlandyrýandyr, onuň tegelek görnüşdedigi şondandyr.
Ýene aýdyşlary ýaly, meger, munda Günüň tegelekligi bilenem bir baglanyşyk bardyr. Onuň nur saçylýan tegelek tüýnügini synlaň, gyzgyn ojagyny synlaň, mähir bereni mähir bilen dolap alşyndan many tapyň!..
Bütin durky bilen ol Adam ata zamanyndan bäri gelýän durmuş tejribesini, dury paýhasy, ruhy kämilligi, bakylygy alamatlandyryp oturan ýaly!
                                            * * *
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu gün ýurdumyzyň welaýatlarynyň her birinde gurlan “Türkmeniň ak öýi” binalary köpasyrlyk şöhratly taryhymyza, bu günki bagtly durmuşymyza, geljegimiziň nuranalygyna dikilen heýkel bolup görünýär. Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp binalaryň geljekki nesillere ýadygär boljakdygyny nygtaýar. Mizemez ynam, ýagty umyt bilen gurlan bu binalaryň döwürlere hyzmat etjekdigine şek-şübhe bolup bilmez.
Bu binalar ähli babatda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Äpet ak öýüň şekilindäki binalarda milli binagärlik däpleri hem, häzirki döwrüň tejribesi hem görnüp durandyr. Olaryň bütin durkunda, daşynda-içinde şu ajaýyp sazlaşyk bardyr. Döwrebap gurluşyk, timarlaýyş serişdeleriniň ulanylmagy, içki bezeginiň özboluşlylygy, milli öwüşginlere baýlygy, haly gölleri, milli bezeg usullary... Olar ähli ajaýyplygy bilen gadymy hem döwrebap öwüşginli, täsin merkezlerdir. Sebitleriň görküne görk goşýandyrlar. Döwletli maslahatlary, köpçülikleýin çäreleri geçirmek, şanly seneleri bellemek, baýramçylyk we toý dabaralaryny, aýdym-sazly çykyşlary, at üstündäki oýunlary guramak üçin uly mümkinçilige eýedirler. Uly tomaşa jaýlary, giň eýwanlar, otaglar...
“Türkmeniň ak öýi” uly toplumdan ybaratdyr. Köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin niýetlenen binany, açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki bölümi, beýleki desgalary hem özüne birleşdirýär.
Bu binalara ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyrylandyr, bagy-bossanlyga öwrülendir. Olara barýan täze ýollaryň gyralary gül öwüsýändir.
Bu binalar ýurdumyzyň täze binagärlik gymmatlygyna öwrüldi.
“Türkmeniň ak öýi” — döwletlilik ojagy. Abadançylygyň, gülläp ösüşiň, türkmen myhmansöýerliginiň nyşany.
                                            * * *
Gowy zadyň gadyryny bilmek — paýhaslylykdan. Geçmişde özüňe ýa-da ata-babaňa eşret beren, pena bolan, gala bolan, öý-öwzar bolan zatlaryň gadyrynyň bilinmegi, onuň islendik döwürdäki gymmatyna düşünilmegi, gör, nähili gowy!
Döwür-döwran özgerip, täze jaýlar dünýämizi bezäp duran hem bolsa, biz hiç könelmeýän könämiz bilen dünýämizi gözelleşdirýäris. Şuňa görä, her näçe artykmaç şertlerde ýaşasak hem, edil enelerimiziň egninden asyp, ýüreginiň gapdalynda saklan içi dogaly kümüş heýkelleri ýaly, ak öý mydama durmuşymyzda ornuny saklap gelýär.
Ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň gowudan-gowusy gurulýar. Adamlar eşretiň gujagynda ýaşaýarlar. Şunça mümkinçiligiň çäginde adam diýeniň islegi, talaby ýene artyp gidip otyr. Elbetde, onuň tebigaty şeýle! Emma ýaşaýyş, öý-ojak üçin neneň-niçik gowy şertler bar hem bolsa, islegler her näçe öňe gidýän hem bolsa, türkmen ak öýüni durmuşyndan aýyrmaýar. Şarňyldap duran owadan jaýynyň gapdalyndan, giň howlusynyň içinde päkize ak öý hem tutýar! Muňa oba ýerlerinde köp duş gelmek bolýar, şäher çäklerinde hem duşulýar.
Şol öýleriň içine-daşyna syn salyp görensiňiz. Olar biziň birmahalky juda arassaçyl garrylarymyzyň öý saklaýşyny ýatladýandyr, örän tertipli hem arassadyr. Mamam pahyr “ojak”, “tamdyr”, “türkmen öýi” diýilse, edil “Gurhan” diýlenine barabar görerdi. Elbetde, bularyň ýol-ýörelge, ynam-iman, mukaddeslik bilen baglylygyna söz bolup bilmez...
Akmyrat HOJANYÝAZ.
“Türkmenistan”.