Uly gämi

özüniň “Ýol kartasy” boýunça umman içre ýüzüşine başlar
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky zähmet rugsadyndan soňky geçirilen ilkinji mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda öz işine başlajak 76-njy mejlisine hödürlemekçi bolýan meseleleri, hususan-da, «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek başlangyjy barada aýdylanlar ýaňy-ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren we soňra bu duşuşygyň jemleýji resminamasy bolan Bilelikdäki Beýannama hem özbaşyna bölüm (№24) hökmünde girizilen «Ýol kartasyny», ýagny orta möhletli döwre niýetlenen, ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça resminamany işläp düzmek babatdaky ideýasy hakynda ýene bir gezek oýlandyrdy. Hut şol «Ýol kartasy» hem milli Garaşsyzlyk ýoly bilen özleriniň arzuw edýän geljeklerine barýan Merkezi Aziýanyň döwletleriniň okgunly ösüşlerini umman içre batly ýüzýän uly gämi mysalynda göz öňüne getirmäge itergi berdi.
Erkin ýüzmek üçin, elbetde, özbaşyňa gämiň bolmaly. Özi-de şol gämi näçe uly bolsa, onuň üstündäkiler özlerini şonça-da howpsuz duýýarlar. Uly gämi uly suwda has ygtybarly bolup, onda uzaklary nazarlap bolýar. Şu nukdaýnazardan, agzalan konsultatiw duşuşykdan soň, Merkezi Aziýanyň döwletlerini uly ýüzüşe çykýan uly gämi hökmünde kabul edýärsiň. Bu gäminiň dokuzy düzüw, onda ähli amatlyklar bar hem-de özüňi erkin duýmak üçin giňişlik ýeterlik.
Türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň: “Ýetmiş iki millet bölek-bölekdir, Bir bölekden goşma özge bölege” diýşi ýaly, biziň sebitimiziň halklary-da şol ýetmiş iki millet diýilýänlerdendir. Olaryň asly bir milletden gaýdýar, halklarymyzyň meňzeşligi hut şundan gözbaş alýar. Dillerimiziň aýratynlygy — türki hem parsy bolsa bizi üzňeleşdirmän, gaýtam, gatnaşyklarymyza aýratyn gözellik hem şirinlik çaýýar, birek-biregi gowy tanamaga höwesi we ahyrky netijede, birek-birege hormaty has artdyrýar. Merkezi Aziýa sebitiniň halklary bir bitewülikde göz öňüne getirilmelidir we dünýä jemgyýetçiliginde hut şeýle hem edilýär. Bu ýagdaý, biziňçe, sebitimiziň halklary üçin diýseň utuşly ýagdaýdyr. Biz, Merkezi Aziýanyň halklary hem-de döwletleri, özara düşünişip bilýändigimizi, zerur ýerinde umumy dil tapýandygymyzy kimdir birine düşündirjek ýa ynandyrjak bolmaly däl. Ähli zat öz-özünden, adaty bir ýagdaýda bolup geçýär welin, munuň şeýle bolýandygyna özüňem haýran galýarsyň. Mundan kyrk ýyl öň Moskwada bile okanymyzda, munuň şeýle bolýandygyna özümem şaýat bolupdum. Diliň aýratynlygy ynsanlaryň arasyndaky gatnaşyklara ýaramaz täsir etmeýär, biziň ýaşaýan sebitimiziň halklary babatda-ha asylam. Sebäbi biziň terbiýämiz, dinimiz, däbimiz-dessurlarymyz birdir, taryhymyz birdir, dünýägaraýşymyz birdir. Bir halkyň eý görýän gymmatlyklary beýleki doganlyk halklarda hem ileri tutulýan gymmatlyklardyr. Biziň geljegimiz hem bir bolmalydyr. Muny tebigatyň özi biziň halklarymyzy bir çäkde ýerleşdirmek arkaly öňünden kesgitläpdir, bize bir ykbal, bir geljek garaşýar. Şuňa düşünip, şu boýunça-da hereketlerimizi sazlamagymyz, utgaşdyrmagymyz zerur. Bu zerurlyga biziň döwlet Baştutanlarymyz has gowy göz ýetirdiler we munuň, hakykatdan-da, şeýle ediljekdigini agzalan konsultatiw duşuşykda-da aýan etdiler. Şol duşuşykda döwlet Baştutanlarynyň hersiniň aýratynlykda öňe süren başlangyçlaryny (olar döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynda orun tapdy) ýatlalyň! Ol başlangyçlar, alyp görseň, sebitiň hemme döwletleri üçin juda ähmiýetli wezipeler. Birini alyp, beýlekisini goýar ýaly däl: hemmesi gerek, hemmesi zerur. Şeýle bolansoň, olary bileleşip çözmek has amatly we ýeňil. Ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralaryna ýakyn wagtda işläp düzmegi tabşyrylan “Ýol kartasy” sebitiň döwletleriniň bilelikdäki hereketini — bileleşigini şöhlelendirer.
Hereketleriň sazlaşygy, başgaça, “Ýol kartasy” diýseň ähmiýetli bolar. Sebäbi “Akyl akyldan sowaşyk” diýen bir gürrüň bar. Biriniň bärden gaýdan ýerini beýlekisi doldurjak, netijede, hemmeler utuşda boljak.
Hormatly Prezidentimiz garaşsyz ýaşalan ýyllara baha berip, şeýle diýdi: «Türkmenistan üçin bu ýyllar gurmagyň, halkymyzyň ägirt uly mümkinçiligini açmagyň, ýurdumyzy geljekde toplumlaýyn ösdürmäge berk maddy we ruhy binýady döretmegiň döwri boldy diýip, ynamly aýdyp bolar”. Şu sözleri sebitimiziň beýleki döwletleri babatda-da aýtmak bolar. Olaryň hersi ösüşiň beýik sepgitlerine eýe boldular. Ýöne durmuş hemişe hereket etmegi, gowy netijeleri gazanmagy talap edýär. Türkmenistanyň başlangyjy we dünýäniň, ilkinji nobatda-da sebitiň döwletleriniň goldamagynda BMG tarapyndan yglan edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda biziň döwletlerimiziň Baştutanlary mundan beýläk bileleşip hereket etmegi makul bildiler. Bu Merkezi Aziýa halklarynyň arzuwy, ýürekleriniň töründe saklap ýören niýetleri. «Agzybire Taňry biýr..” diýýän türkmen nakylyna kybap ajaýyp nakyllar doganlyk halklarymyzyň hemmesinde bar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalan mejlisine dolanalyň. Bu mejlisde, umuman, ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda bitirilmeli işler dogrusynda gürrüň edildi. Dogrusy, şu günler Merkezi Aziýa döwletleriniň her biri ýurt Garaşsyzlygyny dabaralandyrmagyň aladasy bilen ýaşaýar, ony zähmet üstünligine besleýär. Dogry hem edilýär, çünki Garaşsyzlyk — uly zat, ol biziň halklarymyza hemme zatlary berdi, şol sanda biziň döwletlerimize sebitiň halklarynyň ýagty geljeginiň hatyrasyna güýçlerini birikdirip, deň gadam urmak mümkinçiligini-de berdi. Halklarymyza bitewüleşmäge, jebisleşmäge ajaýyp şertleri döretdi.
Hawa, ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy barha ýakynlaşyp gelýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda kän işler edildi, şolar ýaly beýik işler geljekde ýene-de ediler. Özi-de şeýle işleriň hatarynda diňe bir aýry-aýry ýurtlaryň çäginde däl, eýsem, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ylalaşyklary esasynda sebit ähmiýetli işler hem bar. Şol işleriň hiç birini gözden salmazlyk, ünsden düşürmezlik üçin “Ýol kartasyny” düzmek teklip edildi.
Hökümet mejlisi diňe bir öz ýurdumyz üçin däl, eýsem, sebit ähmiýetli meseleleri çözmekde-de haýal-ýagallyga ýol berilmeýändigini ýene bir gezek görkezdi. Üns beren bolsaňyz, hökümet mejlisinde garalan meseleler konsultatiw duşuşykda ýokary derejede gürrüňi edilen meseleler bilen sazlaşykda, utgaşyklylykda çözülmelidir diýilýänlerden boldy.
Konsultatiw duşuşygyň Hazaryň türkmen kenaryndaky Awazada geçen tapgyryny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikde, bir uly gämide ýüzüşe çykandyklarynyň buşlukçysy hökmünde häsiýetlendirip bolar. Öňde edilmeli işler, ýetilmeli sepgitler az däl. Olar dogrusynda Bilelikdäki Beýannamada hem aýdyldy. Biziň döwletlerimiz şol sepgitlere ýetmek üçin ymykly ugur aldylar. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň garamagyna “Merkezi Aziýa — Hazar sebiti” diýen at bilen pugta parahatçylygy üpjün etmek babatda hödürleýän başlangyjyny, bir döwletiň mysalynda, sebitiň şol beýik işleri amal etmäge girişendigini aýdyp bolar. Şol beýik işleriň hatarynda mundan birnäçe gün öň Mary welaýatyndaky “Galkynyş” gaz käninde üç sany täze guýynyň gurluşygyna badalga berlendigini, olaryň gurluşygyna bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň meşhur kompaniýasynyň gatnaşýandygyny görkezip bolar.
Ýapon kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan, Çärjew etrabynda ýakyn günlerde ulanmaga beriljek gazturbinaly elektrik bekedini hem şol işlerden hasaplap bolar. Şu iki mysal hem Merkezi Aziýanyň halklarynyň bitewüleşmek, döwletleriniň bolsa içgin hyzmatdaşlyk hereketine uzakdaky hem ýakyndaky dostlarymyzyň işjeň goşulyşýandyklaryny aýdyp bolar.
Adamzadyň geljegi ajap eýýamdyr, şol ajap eýýam-da, ilkinji nobatda, biziň sebitimiziň halklaryna nesip eder, enşalla! Sebäbi biziň halklarymyz diňe bize bolsun diýip ýaşanoklar, hemmämize bolsun diýip, külli adamzady göz öňünde tutýarlar.
Seýitguly GELDIÝEW.
“Türkmenistan”.