Gadymy topragyň täze keşbi

Milli Liderimiziň Mary welaýatyna iş saparyndan soňky oýlanmalar
Eger nirededir bir ýerde, toprak astynda hazyna-hum bar bolsa, onuň owsunjy-täsiri şonuň üstünde oturana hem geçermiş diýýärler. Biziň jahan hazynasyny özünde jemlän topragymyz bar. Ol, özümiz aňşyrsagam-aňşyrmasagam, bize hemişe buýsanç berýär. Ýöne biz ýurdumyzyň baýlygyndan söz açanymyzda, diňe onuň ýerasty hazynalaryny göz öňünde tutmaýarys, elbetde. Halkyň ruhundan syzylyp, müňýyllyklarda süzülen milli gymmatlyklar, halkyň parahat, abadan durmuşy, iň esasysy-da, adam we onuň saglygy türkmende «baş baýlyk» diýen düşünjäniň özenini düzýär. Diýmek, hormatly Prezidentimiziň öňňin Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň şu düşünjäniň ähli jähetlerini özünde birleşdiren sapar bolandygyny, turuwbaşdan, ynamly nygtap bileris.
Iri “Galkynyş” gaz käninde täze guýularyň gurluşygyna badalga berilmegi!
Mary şäherinde, “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmek üçin niýetlenen täze binanyň düýbüniň tutulmagy!
“Türkmeniň ak öýünde” dabaraly konsertiň guralmagy!
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Mary welaýatynyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin niýetlenen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-synyň berilmegi!
Milli Liderimiziň saparyna gabatlanyp, şol gün Mary şäheriniň Magtymguly köçesiniň ugrunda ýedi gatly, 188 öýli ýaşaýyş jaý toplumynyň, Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly haly önümhanasynyň açylmagy!
Bu wakalar biri-biriniň üstüni ýetirip, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 23-nji awgustyny gadymy taryhyň altyn sahypasyna öwürdi. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny derejeli döwlet, bagtyýar halk bolup garşylaýandygymyzy ýene bir gezek çar ýana ýaýdy.
                                                        * * *
Bir öý-ojagyň rysgalynyň maşgalabaşyda bolşy ýaly, bir ýurduň rysgaly-da onuň keşigini öz egnine alan döwlet Baştutany bilen baglanyşdyrylýar. Halkymyz Mary welaýatynyň günortasynda, 4 müň inedördül kilometrden gowrak meýdanda “Galkynyş” gaz käniniň açylmagyny-da milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda başy başlanan täze döwrüň boldan berlen berekedine ýorupdy. Eýse näme?! “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde, gorlary 27 trillion kub metr bolan “Galkynyş” dünýäde iň iri gaz känleriniň hatarynda durýar. Ol Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen geologlarynyň iň uly açyşlarynyň biridir.
“Galkynyş” gaz käni! Türkmenistanyň iri energetika döwleti hökmündäki abraýynyň täze belentligi hut şu ýerden başlanýar. Ägirt uly gaz käniniň açylmagy ýurdumyzy tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orna çykardy.
Gaz känini senagat taýdan özleşdirmek yzygiderli alnyp barylýar. Birinji tapgyrda gaz guýularynydyr önümçilik desgalaryny gurmakda uly işler ýerine ýetirildi. Dürli ýyllarda bu ýerde umumy kuwwaty ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kub metrine barabar bolan gaýtadan işleýän toplumlaryň üçüsiniň işe giriziliş dabaralaryna şaýat bolupdyk. “Galkynyş” gaz käniniň ulanyş gorunda häzirki wagtda guýularyň 45-si bolup, olaryň hersi bir gije-gündizde ortaça iki million kub metre çenli tebigy gaz berýär...
Parasatly pederler guýy gazmagyň sogaply, döwletli işdigini nygtapdyrlar. Munuň özi gaz guýularyna-da gürrüňsiz dahyllydyr. Çünki gaz guýularynyň gurluşygy çylşyrymlylygy bilen tapawutlanyp, ahyrky netijede, halkyň rysgal çeşmeleriniň arçalmagyna, durmuş rowaçlygyna hyzmat edýär.
Asyl-ha, adamzat durmuşynyň ähli jähetleriniň energiýa serişdeleri bilen aýrylmaz baglydygyny hünärmenler anyk sanlar, maglumatlar arkaly delillendirýärler. Siwilizasiýanyň bütin taryhynyň özi-de gadym döwürlerde oduň “eldekileşdirilmeginden” başlap, energiýany ulanmagyň, häzirki wagtda bolsa ony senagat derejesinde gaýtadan işlemegiň, täze çeşmeleri özleşdirmegiň we energiýanyň sarp edilişini artdyrmagyň, durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyň usullaryny oýlap tapmagyň ýyl ýazgysydyr.
Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň strategik merkezi hökmünde ornuny barha berkidýär. Munuň özi diňe ýurdumyzyň çig mal gorlarynyň ummasyzlygy babatda däl-de, eýsem, şonuň bilen bir hatarda, degişli düzüme ýokary tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlyga giň gerim berilmegi, daşary ýurtly maýadarlar üçin amatly şertleriň döredilmegi bilen hem baglydyr.
Parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýän, taraplaryň bähbitlerini nazara alýan gatnaşyklary ösdürmäge taýýar ýurt hökmünde Bitarap Türkmenistan öz geosyýasy ýagdaýyny we ykdysady mümkinçiliklerini durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirýär. Ýurdumyzyň Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy hem bu hakykaty aýdyň tassyklaýar.
Gysga wagtda — 1 ýyl 8 aýyň dowamynda Türkmenistandan Hytaýa çenli 7 müň kilometr uzynlykdaky gaz geçirijiniň gurulmagy, dostlukly ýurduň çäginde ýene onuň 2 müň kilometriniň çekilmegi, 2009-njy ýylda “Asyryň gurluşygy” adyny alan bu ägirt uly gaz geçirijiniň ulanmaga berilmegi, şondan bäri hem bu ugur boýunça 300 milliard kub metrden gowrak türkmen tebigy gazynyň Çyn-Maçyna ýetirilmegi guwandyryjy mysallardyr. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal çeşmeleriniň biri bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmekde-de dostlukly ýurt bilen netijeli işler bitirildi.
Ine-de, täze ädimler. “Galkynyş” gaz käninde täze gaz guýularynyň üçüsiniň gurluşygyna başlanylýar. Bu işler “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hytaýyň “СNPС” kompaniýasynyň arasyndaky şertnama laýyklykda ýerine ýetiriler. Özi-de şunda ekologik abadançylygy üpjün etmekdäki üýtgewsiz talapdan ugur alnar. Döwletli işler oň bolsun!
Ýeri gelende, şu ýylyň başynda Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylandygyny-da ýatlap, bu ugurdaky işleriň yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýedigini bellemelidiris.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» «Türkmengaz» döwlet konserni boýunça öz güýçleri bilen çykarylýan tebigy gazyň möçberi geljek ýedi ýylda 1,5 esseden gowrak artdyrmak, konsern boýunça tebigy gazyň eksport edilýän möçberlerini 1,6 esse ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Maksatnamada nebitgaz pudagynda sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmegi netijesinde, «akylly» guýulary we «sanly ýataklary» emele getirmek barada-da bellenilýär. Munuň özi, bilermenleriň çaklamalaryna görä, ýataklary ulanmak boýunça harajatlaryň 20 göterim peselmegini üpjün eder.
                                                        * * *
Mary! Ýurdumyzyň günorta sebiti! Taryhyň dürli döwürlerinde Merw, Maru, Marguş, Margiana, Maru-Şahu-Jahan diýlip atlandyrylan mekan. Nähili atlandyrylsa-da, Murgap derýasynyň adyny özünde saklap gelen bereketli ülke. Ilkinji dünýä dini bolan otparazçylygyň dörän, ýaýran ýeri. Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm menzili. Senetçiligiň, demir ussaçylygynyň, küýzegärçiligiň, dokmaçylygyň, zergärçiligiň örän kämil derejelere ýetirilen mekany...
Gadymy Marguşdan tapylan tapyndylar dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde Mesopotamiýa, Müsür, Hindistan we Çyn-Maçyn bilen bir hatarda, türkmen topragynyň Gadymy Gündogar medeniýetiniň bäşinji ojagy hökmünde ykrar edilmegine getirdi.
Şöhratly Merwiň mirasdüşeri bolan Mary şäheri 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty, 2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni merkezi diýlip yglan edildi. Şol mynasybetli guralan dabaralaryň birinde türkiýeli kärdeşimiz: “Adatça, Merw hakda gürrüň edilende, onuň täsin binagärliginden söz açyp, geçmişde bu şäherde dabarasy dag aşan köşkleriň, kümmetleriň, kitaphanalaryň, obserwatoriýalaryň, galalaryň... dünýä ýaň salandygyny belleýärler. Aslynda, bu şäher, bu toprak diňe taryhylygy bilen däl, şu günki derejesi, döwrebap keşbi bilenem myhmanlary haýrana goýýar” diýipdi.
Ine, Mary şäherinde, “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen 3 müň orunlyk täze binanyň düýbüniň tutulyşyna gatnaşyp durkak, şol sözler ýene-de aňymda gaýtalandy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzyň ähli sebitleri babatda bolşy ýaly, Mary şäheri-de täze keşbe girýär. Şäheriň ýollary bilen barşymyza ser salýaryn: welaýat kitaphanasy, “Bagt köşgi”, köpugurly bazar, atçylyk-sport toplumy, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, bilim ojaklary... ählisi-de soňky onýyllykda açylyp, ulanmaga berlen binalar...
Milli Liderimiziň gatnaşmagynda “Türkmeniň ak öýi” binasynda medeniýet we sungat işgärleriniň guran konserti bolsa geçmişe buýsanjyň, şu güne guwanjyň, ertire mizemez ynamyň belent owazyny özünde jemledi.
...Oý-hyýallar meni 2015-nji ýylyň 27-nji noýabryna alyp gidýär. Şol gün bu nurana binanyň — “Türkmeniň ak öýüniň” açylyşyna gatnaşypdyk. Bu ýerde dört müňden gowrak adamyň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan Gahryman Arkadagymyzyň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” aýdymy dünýäde iň köpçülikleýin ýerine ýetirilen aýdym hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi. Elbetde, bu ýerde dört müň — şertli görkeziji. Aslynda, ol aýdym birbada müňlerçe däl, millionlarça ýüreklerde — ähli türkmenistanlylaryň kalbynda ýaňlanyp dur ahyry! Diňe ýaňlanmak hem däl, döwrüň beýik çagyryşy bolup, ulus-ilimizi rowaçlygyň ak ýolunda öňe, diňe öňe ruhlandyrýar.
Parahatlyk — ýürek baýdagy!
Älem-jahan — mähir mukamy!
Türkmenistan — bahar baýramy!
Türkmenistan — dostluk mekany!
Öňe, öňe, diňe öňe!
Jan Watanym Türkmenistanym!..
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.