MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGY: ÝOKARY DEREJEDÄKI GEPLEŞIKLER

Awaza Kongresler merkezinde örän şowly geçen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy uly ähmiýete eýe boldy. Duşuşygyň çäginde birnäçe ugurlar boýunça özara pikir alşyp, birnäçe wajyp bilelikdäki wezipeler kesgitlendi. Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen öňdengörüjilikli başlangyçlar öňe sürüldi. Bu başlangyçlar Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Liderleri tarapyndan gyzgyn goldanyldy. Şeýle-de duşuşygyň çäginde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona Merkezi Aziýa döwletleriň Hormatly nyşany gowşuryldy. Şunuň ýaly taryhy pursatlar bilen dost-doganlyk daragty has-da berkedi.