Merkezi Aziýa — bäş millet, bäş döwlet: bir medeniýet, bir taglymat — bagtly geljek

Ine, žurnalistleriň köpden bäri: «Taryhy gün bolar” diýip atlandyran güni — 6-njy awgust hem gelip ýetdi. Bu gün dünýäniň ýüzi Ýewraziýa giňişligindäki gojaman Hazaryň türkmen kenaryna gönükdi. Dünýäniň iri tele-radio ýaýlymlarynyň kameralary hem mikrofonlary Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda boljak wakalary gyzgyny bilen alyp görkezmäge we eşitdirmäge taýýar bolup durlar. Bu gün bu ýerde Merkezi Aziýa sebitiniň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we onuň bilen utgaşyklylykda bellenilen çäreler geçiriler. Ol çäreler, atlaryndan hem belli bolşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlaryny nazarlaýar. Hut şu sebäpli-de, ýagny Merkezi Aziýany nazarlaýandygy üçin hem şu günüň wakalary dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Bu, biziň pikirimizçe, juda üns berilmeli ýagdaýdyr. Sebäbimi?! Sebäbi şu günki wakalaryň bir günde, toplumlaýyn, özi-de sebitiň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilmegi Merkezi Aziýa döwletleriniň ösüşiň täze basgançagyna aýak goýýandyklaryny, bu gadamyň hem biziň döwletlerimiziň her birine şowlulyk getirjekdigini, sebit üçin örän ähmiýetli boljakdygyny aýdyp bolar.
Basgançak bilen ýokary galdygyňça, uzaklary görüp bolýar... hem-de özüňi görkezip bolýar. Biziň ýaşaýan sebitimiz bolsa şeýledir: bu ýerde ýaşaýan halklaryň-milletleriň meňzeş taraplary örän kändir. Biziň bilimimiz, işbaşarjaňlygymyz, zähmetsöýerligimiz, Watana, halka, maşgalamyza wepadarlygymyz, durmuşda ileri tutýan ahlak gymmatlyklarymyz, taryhymyz, medeniýetimiz... umuman meňzeşdir, hatda birdir, bitewüdir. Ösüş basgançagyndakak, daşymyzdan synlaýan başga döwletler, halklar bizi hut şeýle şekilde kabul edýärler. Biz — Merkezi Aziýa sebitiniň halklary birek-birekden milliligimiz boýunça tapawutlanýandygymyzy bilýänem bolsak, beýleki döwletleriň, halklaryň bizi bitewülikde kabul edýändiklerinden ýerlikli peýdalanmagy başarmalydyrys. Has öňe gidip aýdanyňda, bu biziň halklarymyz üçin ajaýyp bir mümkinçilikdir.
Eýsem-de bolsa, ozal, aýdaly, bäş-on ýyl mundan öň biziň döwletlerimiziň, diýmek, halklarymyzyň gatnaşyklary, näme, gowy dälmidi?! Gowudy, elbetde, gowudy. Ýöne şol gatnaşyklary öňkülerden has gowy etmäge täze mümkinçilikler açylýar, gürrüň şol mümkinçilikleri başarnykly peýdalanmalydygymyz, halklarymyzyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlygy giňişleýin, hormatly Prezidentimiziň iş usulyna görä aýdanymyzda, toplumlaýyn ösdürmelidigimiz baradadyr.
Aslynda, sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýaly forum halkara syýasatda täzeçillikdir, ol indi üçünji gezek geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, oňa sebitiň döwlet ýolbaşçylarynyň isleg bildirip gatnaýandyklary we onuň gapdaly bilen sebit ähmiýetli başga çäreleriň utgaşykly geçirilmegi juda gutlarlyklydyr. Hut şu ýagdaý hem biziň sözbaşyda nygtaýan pikirimiz dogrusynda buýsanç bilen gürrüň etmäge esas berýär. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolanymyzdan soň, Türkmenistanda işläp ýören türkiýeli kärdeşimden soradym: “Aziýa diýýäris, Ýewropa diýýäris, eýsem-de, aýt, aziýaly bilen ýewropalynyň tapawudy barmy, bar bolsa, ol tapawut nämede ýüze çykýar?”. Bu sowaly hut türk kärdeşime bermegimiň sebäbi bardy: ol birküç ýyllap Ýewropa ýurtlarynyň birinde işläp, ýaşap gelipdir. Meniň pikirimçe, bu babatda onuň garaýşyna bil baglasaň boljakdy. Az-kem oýlanyp oturandan soň, ol şeýle jogap beripdi: “Aziýaly nämede bolsa bir zady (wakany) ýüregi-kalby bilen, ýagny duýgusy esasynda kabul edýär, ýewropaly bolsa aňy-pikiri esasynda kabul edýär”. Bu jogaby her kim, elbetde, özüçe kabul eder, kimsi oňlar, kimsi oňlamaz. Ýöne meniň maksadym, şu jogaby ýatlamak bilen, Merkezi Aziýa sebitiniň halklarynyň nähili aýratynlygynyň, has dogrusy, nähili umumylygynyň bardygy hakynda okyjylaryň hem oýlanmagyny gazanmak boldy. Dünýäniň halklarynyň hemmesine mahsus bolan häsiýetleriň biziň sebitimizdäki halklara-da mahsusdygyny aýtmak bilen, gazaklara-da, gyrgyzlara-da, özbeklere-de, täjiklere-de we elbetde, türkmenlere-de, ilki bilen, rehimlilik, geçirimlilik, raýdaşlyk, ýürekdeşlik we adalatlylyk häsiýetleriniň has mahsusdygyny aýtmakçy bolýaryn. Elbetde, bu biziň öz şahsy pikirimiz, ýöne onuň talyplyk ýyllarymda, mundan kyrk ýyl öň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde okan döwrümizde gören, eşiden, synlan zatlarymyza esaslanýandygyny aýtmalydyrys. Şular hem, biziňçe, merkezi aziýalylaryň bir siwilizasiýanyň perzentleridigini, olaryň medeniýetleriniň birdigini, bitewüdigini görkezýän aýratynlykdyr. Içgin oýlanyberseň, munuň özi biziň halklarymyzyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr. Bu bize durmuşda gabat gelýän islendik çylşyrymly meselelerden abraý bilen çykalga tapyp biljekdigimizi we hut şeýle-de etmelidigimizi salgy berip duran ajaýyp bir mümkinçilikdir.
Şulary göz öňünde tutup, biziň halklarymyza bir umumy taglymat esasynda ýaşamaga hiç hili päsgelçiligiň ýokdugyna göz ýetirmek kyn däldir. Merkezi Aziýa sammitiniň gezekleşikli usulda geçirilip durulmagyny hem-de onuň şu gezek edilişi ýaly, dürli çäreler bilen baýlaşdyrylmagyny diňe gowulykdan nyşan hökmünde görkezmek bolar.
Taglymat birligi — agzybirlik, agzybirlik bolsa bagtly geljekdir. Ol hakynda buýsanç bilen oýlanmagy her kimiň özüne goýup, şu gün öz işine başlaýan Awaza çärelerine üstünlik arzuw edýäris.
Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.