Ilkinji medal — baş baýrama sowgat

Türkmenistanly türgen Olimpiýa medalyna mynasyp boldy! Ynha, bu arzyly medal biziň türgenlerimize-de miýesser etdi. Gutly bolsun! Höwri köp bolsun!

Şa sözi keramat
Hormatly Prezidentimiziň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna wekilçilik etjek Türkmenistanyň sport wekiliýetine Ýüzlenmesinden şu setirleri okalyň: «Mähriban türgenlerimiziň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ajaýyp ýeňişleri gazanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna toý sowgatlary bilen geljekdiklerine, sportda «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk» şygaryny öňe sürýän eziz Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ülkesi hökmünde halkara derejedäki abraýyny has-da belende göterjekdiklerine, şeýle-de türkmen sportuny Ýer ýüzünde şöhratlandyrjakdyklaryna uly ynam bildirýärin».
Bu sözler biziň türgenlerimiziň Olimpiýa oýunlaryndaky ylham çeşmesine öwrüldi. Dünýäniň iň iri sport baýramçylygynyň birnäçe güni yzda galdy. Biziň türgenlerimiziň käbiri bolsa Oýunlardaky ýaryşlaryny tamamladylar. Ýöne düýnki gün diňe bir şu ýyla däl-de, Garaşsyz döwletimiziň tutuş taryhyna aýratyn öwüşgin berjek güne öwrüldi. Türkmenistanly agyr atletikaçy türgen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Polina Gurýewa 59 kilograma çenli agram derejesinde Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi boldy!
Ýurdumyz Garaşsyzlygyny gazanaly bäri soňky sözlemi okamak ýa-da buýsanç bilen aýtmak üçin Olimpiýa oýunlarynyň altysyny deňimizden geçirmeli bolduk. Ýedinji Olimpiadada bolsa muny başardyk.

Gadamy düşümli agyr atletika
Umuman-a, soňky ýyllarda türkmen agyr atletikaçylarynyň halkara ýaryşlarda diýseň üstünlikli çykyş edip başlandyklaryny nygtamak gerek. 2018-nji ýylda sportuň bu görnüşi boýunça dünýä çempionatyny kabul eden Türkmenistan ýokary guramaçylygy bilen hem, türgenleriniň fiziki taýýarlygy bilen hem iri halkara guramalaryň ünsüni çekdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda bolsa bize iň düşümli sport görnüşi agyr atletika boldy diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Ýylyň başynda başga bir ildeşimize — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uçurymy Ýulduz Jumabaýewa dünýä çempionatynyň altyn medaly gowşurylypdy. Ýurdumyzyň sport taryhyndaky ilkinji zenan çempionymyzy Olimpiýa şäherçesinde hormatly Prezidentimiziň hut özüniň mübäreklän pursatlary hemmeleriň ýadyndadyr. Aprel aýynda bolsa türkmenistanly agyr atletikaçylar Daşkentde (Özbegistan Respublikasy) geçirilen Aziýa çempionatynda medallaryň dördüsine mynasyp boldular. Ine, düýn bolsa Polina Gurýewa ähli watandaşlarymyzy taryhymyzdaky ilkinji Olimpiýa medaly bilen begendirdi. Höwri köp bolsun!

«Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler»
Belki, Polina Gurýewany sport janköýerlerine tanyşdyrmak üçin söz uzaldyp oturmagyň hajaty hem ýokdur. Ýöne onuň taryha giren üstünligi gazanan günlerinde sport ýolundaky ýeňişli we käbir ahmyrly pursatlaryny ýatlap geçmek ýerlikli bolar. Çünki üstünlik öz-özünden gelmeýär.
1999-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda dünýä inen Polina ilki gimnastikaçy bolaryn öýdýärdi. Ýöne agyr atletika boýunça tälimçi bolup işleýän kakasynyň göreldesine eýerip, 2011-nji ýylda, heniz 12 ýaşyndaka agyr atletika bilen meşgullanyp başlady. Onuň bu sporta gadam goýan günlerinde türkmenistanly agyr atletikaçylar Olimpiýa oýunlarynda heniz ilkinji altylyga-da girmändiler. Elbetde, Olimpiýa medaly Polinanyň hem iň esasy arzuwlarynyň biridi.
Tiz kämilleşýändigini subut eden Polina ilkinji halkara ýaryşa 14 ýaşynda gatnaşdy. Şol ýyl ol ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda 53 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 23-nji orny eýeledi. Resmi maglumatlarda Polinanyň şol ýaryşda ştangany götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 116 kilogram agyrlyga hötde gelendigi ýazylýar. Ýene-de şol ýyl ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda 10-njy orny eýelän ýaş agyr atletikaçy bu gezek 113 kilogramlyk netije görkezdi.
Polina Gurýewa ilkinji halkara üstünligini 2014-nji ýylda geçirilen Aziýanyň kubogynda gazandy. Şol ýaryşda iki görnüşiň jemi boýunça 141 kilogramlyk sepgide ýetip bilen türkmenistanly türgen kümüş medala mynasyp boldy.
Ýeňiş her ýaryşda nesip edýän sepgit däl. Aziýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazanan hem bolsa, Polina 2015-nji we 2016-njy ýyllardaky yklym çempionatlarynda diňe ýedinji we on birinji orunlary eýeläp bildi.
Polina 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Aziýa çempionatyny hem ýakymly täsirler bilen ýatlaýan agyr atletikaçylaryň biri. Çünki ol şol ýaryşda baýrakly orna düşmese-de, 196 kilogramlyk netije bilen şahsy rekordyny täzeledi. Bir ýaryşda 196 kilogramlyk netije baýrak üçin ýeterlik bolman biler, ýöne başga bir ýaryşda ondan 3 kilogramy az göterseň hem baýraga mynasyp bolarsyň. Bu ýagdaý Polinada hem şeýle boldy. Şol ýyl Yslam Raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşan türgen iki görnüşiň jeminde 193 kilogram agyrlygy göterip, bu Oýunlaryň altyn medalynyň eýesi boldy. Ýene-de şol ýyl paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda dördünji orny eýelän türgen şahsy rekordyny 202 kilograma çenli ýokarlandyrdy.
Polina Gurýewanyň üçünji halkara medaly hem uzak garaşdyrmady. 2018-nji ýylda geçirilen ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionaty oňa bürünç medaly bagyşlady. Ol şol ýaryşda 193 kilogramlyk sepgide ýetip bilipdi. Ýöne ýene şol ýylyň özünde ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda bu netijäni 2 kilogram ýokarlandyrandygyna garamazdan, ilkinji ýedilige girip bildi.
Az salymlyk 64 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türgen bu agramda 2019-njy ýylda Aziýa çempionatyna gatnaşyp, sekizinji orny eýeledi. Ýöne şol ýaryşda onuň şahsy rekordyny 211 kilograma çykarandygyny hem aýtmak gerek. Şol ýyl ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda 209 kilogram agyrlygy göteren Polina hormat münberine ýekeje basgançak ýetip bilmän, dördünji orny eýeledi. Ýene şol ýyl ulularyň arasynda geçirilen dünýä çempionaty bolsa Olimpiýa oýunlarynyň geljekki wise-çempiony üçin şowsuz tamamlandy. Ol 198 kilogramlyk netije bilen 28-nji orny eýeledi.
Polina Gurýewanyň Olimpiýa oýunlaryndan öň iň soňky gatnaşan halkara ýaryşy şu ýylyň aprelinde Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatydyr. Yklym ýaryşynda ýene-de 59 kilograma çenli agram derejesine gaýdyp gelen türgen 211 kilogram agyrlygy göterip, dördünji orny eýeledi. Şeýlelikde, ol öz agram derejesindäki bäsdeşleriniň arasynda dünýäniň iň güýçli ýediliginde orun alyp, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyny gazandy.

Polina nädip başardy?
Tejribeli tälimçiler Ahmet Saryýewiň we Artur Emirýanyň şägirdiniň Olimpiýa oýunlaryndaky düýnki çykyşy türkmenistanly janköýerleriň ählisini tolgundyrdy. Ştangany silterläp götermekde ilkinji synanyşygynda 93 kilogram agyrlyga hötde gelen Polina, ikinji synanyşykda agyrlygy 96 kilograma çykardy. Ýöne bu agyrlyk oňa birbada eýgertmedi. Şeýlelikde, öňde diňe üçünji synanyşyk galdy. Maksada okgunly türgen bu gezek 96 kilogramlyk ştangany bir silkende galdyryp, türkmenistanly gyzyň güýjüni bütin dünýä jar etdi. Silterläp götermekde diňe taiwanly türgen Hsing-Çun Kuo 103 kilogram agyrlyga hötde gelip, Olimpiýa rekordyny täzeledi hem-de fransiýaly Dora Meiriama Tçakonte Polina bilen deň netijäni gazandy diýäýmeseň, galan bäsdeşleriniň ählisi biziň ildeşimizden pes netije görkezdi.
Taryhymyzdaky ilkinji Olimpiýa medalymyza ýakyn gelen Polina ştangany itekläp götermekdäki sargytlarynyň üçüsinem ussatlyk bilen başardy. Has takygy, ol degişlilikde, 116, 119 we 121 kilogram agyrlyklary göterip, iki görnüşiň jemi boýunça 217 kilogramlyk sepgide ýetdi. Şeýlelikde, Polina Gurýewa hem-ä Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazandy, hem-de şahsy rekordyny 217 kilograma çenli artdyrdy. Ýokarda onuň ilkinji halkara ýaryşlarda 113 kilogramlyk netije görkezendigini belläpdik. Häzir, 217! 10 ýyldan hem az wagtyň içinde beýle ýokary ösüş her türgene başardýan sepgit däl. Berekella, Polina!

Ýeňiş gutly bolsun!
Dogry, türkmenistanly sport janköýeri hökmünde ilkinji Olimpiýa medalymyzy ýüze syldyk. Indi bizde-de Olimpiýa medaly bar. Bu medal dünýäniň we Ýewropanyň üç gezek çempiony Altymyrat Orazdurdyýewiň hem esasy arzuwydy. Ol arzuw dünýä çempionyny dünýä beren pasylda, ýöne ol aramyzda ýokka amala aşdy. Biziň türgenlerimiz alynmajak galanyň, ýetilmejek sepgidiň ýokdugyny subut etdiler.
Sport wekiliýetimiz Ýaponiýa ugramazyndan öňürti Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi, Olimpiýa oýunlarynyň agyr atletika ýaryşlarynyň taryhyndaky ilkinji türkmenistanly tehniki wekil Çarygeldi Mämmedow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol biziň agyr atletikaçylarymyzyň aglabasynyň öz agram derejesinde dünýäniň iň güýçli türgenleriniň bäşligine girýändigini aýdypdy. Ine, şol güýç düýn ýene özüni görkezdi. Şol güýjüň kuwwatyny, belki, ýene görüp bileris. Çünki ýaryşlar dowam edýär. Şu gün suwda ýüzüji Merdan Ataýew 200 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça ýaryşlara gatnaşar, 31-nji iýulda Rejepbaý Rejebowyň (agyr atletika, 81 kilograma çenli), 2 — 4-nji awgust aralygynda Mergen Mämmedowyň (ýeňil atletika, ýekedaban zyňmak), 3-nji awgustda Öwez Öwezowyň (agyr atletika, 109 kilograma çenli), 4-nji awgustda bolsa Hojamuhammet Toýçyýewiň (agyr atletika, 109 kilogramdan ýokary) çykyşlaryna tomaşa ederis. Diýmek, medalymyz goşalanyp ýa has köpelip biler. Belki, şeýle bolsun!
Polina Gurýewanyň düýnki gazanan kümüş medalynyň şuglasy hem ýüreklerimizi artykmajy bilen ýagtyldýar. Bu medal türkmenistanly türgenleriň Olimpiýa oýunlarynda gazanjak 10-njy, 50-nji, 100-nji... medallarynyň ilkinji basgançagy hökmünde taryha girer. Esasy zat bolsa, hormatly Prezidentimiziň Ýüzlenmesinde öňdengörüjilik bilen nygtaýşy ýaly, türkmenistanly türgeniň Olimpiýa medaly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna ajaýyp sowgat boldy!
Ýeňiş gutly bolsun, Polina!
Ýeňiş gutly bolsun, eziz ildeşler!
Ýeňiş gutly bolsun, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan!
Ýeňiş gutly bolsun, Gahryman Arkadagymyz!
Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».