Üzüm — hoşalary düzüm-düzüm

Asyl-asyl bolup duran hoşalaryndan ýaňa egrelip giden üzüm agaçlary daýhanyň azabynyň ýerine düşendiginden habar berýär. Şahasyna agram berip, Gün nuruna bulduraşyp duran üzüm salkymlary gözüňe yssy görünýär. Annadurdy aganyň üzüm agaçlaryna ideg edişi üýtgeşik bolarly.
Biz Annadurdy Baýarow bilen ekin meýdanynda duşuşdyk. Ol Gökdepe etrabynyň «Akgoňur» daýhan birleşiginde ýaşaýar. Annadurdy aga üzümçilige girmezinden öňinçä, endigine eýerip, kiriş çekilen ýaly bolup duran göni hatarlary gözden geçirdi. Ol manyly ömrüni topraga, bag ýetişdirmäge bagyşlapdyr. Iki gektar meýdandaky üzümçilik bolsa Annadurdy aganyň ýanýoldaşy Amangül eje bilen ideg edýän ýeri.
                                        * * *
Altmyş dört ýaşly üzümçi kärendeçi bol hasyl getiren üzümlerine guwanýar. Ol iş-aladalary barada bize şeýle gürrüň berdi:
— Bagbançylykda ikinji derejeli iş ýok. Il arasynda «Daýhan garda dynar» diýilýär. Onuň manysy, ak ekin ekeniňde, meýdany gar basan çagynda daýhana dynç almaga pursat bolýar. Bagban weli gar ýaganda-da öýde aýagyny uzyn salyp oturyp bilenok. Gary tokgalap, üzüm düýplerine üýşürseň, hasyly üýtgeşik bolýar. Bu usuly ýigrimi sekiz ýyllyk iş tejribämde ulanyp gelýändigim üçin tekrarlaýaryn. Hasyly ýygnarsyň, sowuk düşüp, üzümleriň ýapragyny aýaz dalap, agajy gyzyl çybyk edip goýar. Üzüm gyş ukusyna gider. Olara «jan girýänçä», bagbana dynç bolaýjak ýalydyr weli, eger-eger beýle däl. Şu döwürde sen meýdany arly tomus, güýz hyrawa gögeren ot-çöpden arassalamalysyň. Hakyky bagban gol gowşuryp oturyp bilmez, eline gaýçydyr pilini alyp, daň atandan, göz baglanýança ekiniň içinden çykmaz asyl. Hapa-haşal otlardan şol döwürde dynmasaň, bahar gelende, olar ýene köpelip gidýär.
Hatar aralarynda-da sürüm geçirmek zerur. Sebäbi gyş suwuny bermelisiň baglara. Suw ýumşadylan topraga tutulanda, siňňitli bolýar, yzgar gowy saklanýar. Uly çilleden öňki — 22-nji noýabrdan 7-nji dekabra çenli garagyşda, kiçi çilleden soňky — 8-nji fewraldan 21-nji fewrala çenli dowam edýän garagyşda üzüme suw tutulmaýar. Gyş suwy diňe uly hem-de kiçi çillede tutulýar. Halk arasynda «Çillede suw içen üzüm hiç haçan suwsamaz» diýen gürrüň bar. Tutan suwuň ekiniň içinde doňsa-ha, oňa ýetesi zat ýok. Şol ýyl üzümde kesel bolmaýar diýen ýaly. Hasyllylygy-da görnetin artýar. «Bu döwürde eliňe gaýçy almak nämä gerek?» diýmegiň-de mümkin. Bagban hasaby boýunça üzüm agajyny mart aýynyň 20-sine çenli çyrpmak kada hasaplanylýar. Öz iş tejribäme salgylanyp aýtsam, «Çaman ördek ir uçar» diýlenine eýerip, üzüm düýpleri uka gidenden soň, haýal etmän, çyrpym işine başlaýaryn. «Onuň uka gidenini nädip bilmeli?» diýilmegi mümkin. Ony bilmek kyn däl. Ýapraklar düşensoň, aradan bir hepde geçir-de, başlaber kesim işine. Şu-da bagban hasabynyň biridir. Üzümi dört-bäş bogundan çyrpmaly, oňa bagbanlaryň dilinde «pyntyk» hem diýilýär. Gysga bir bogun-pyntyk goýup çyrpýan çybyklarym-da bar. Olar geljek ýyl üçin niýetlenilip şeýdilýär. Her hataryň arasy dört metrden ybarat bolmaly. Ol hatar aralaryndan traktor ýöräp, bejergi işlerini geçirmek üçin zerur. Her düýp üzümiň arasy 2 metr, her setiriň uzynlygy 300 metre barabar bolmaly. Şonda her setire 150 düýp üzüm agajy düşýär. Sekiz ýarym setiriň bir gektar bolýar. Her düýpde 100-den 120-ä çenli bogun-pyntyk bolýar. Çybyk hasabynda aýtsam, her düýpde şolaryň 18-si bolýar, ol kada laýyk hasaplanylýar. Ana, şonda üzüm hasylly, arassa bolýar.
Çybyklar pyntyk ýaranda, olara kükürt sepýärin. Oňa traktora dakylan enjam arkaly amal edilýär. Şonda her gektara kükürdiň 75 kilogramyny harçlaýaryn. Şeýdilende, üzüm kesellemezek, sagdyn bolýar. Gülden çykandan soň, hasylsyz çybyklary çyrpyp aýryp, ýapraklary azaldýaryn. Şonda üzümiň hasyllylygy artýar. Hasyllylyk topragyň gurplulygyna-da bagly. Ýeri gurplandyrmak üçin oňa dökün dökmeli. Diňe sygryň dersini sepýärin. Sygryň dersinden başgasyny ulansaň, bir-ä hapa-haşal ot köp çykýar, ikinjiden, sary kerep emele gelip, bagbany uly alada goýýar. Her gektara azyndan 10 — 12 tonna sygyr dersini dökseň, üzüm agajynyň boý alşy-da, hasyla durşy-da göwnüňi göterýär. Üzümçilik — girdejili pudak. Onuň yrýa zady ýok. Gök çybyklary mala berseň, hezil edip iýýär. Onuň dermanlyk häsiýeti-de bar.
Annadurdy aganyň ogullary Annabaýramdyr Annasapar, agtyklary Döwletgeldidir Kerem, Aýgül, Ejegül, Bägül dagy oňa hasyl ýygmakda, tabşyrmakda ýakyndan ýardam berýärler. Ol sözüniň dowamynda ýetişen hasyldan ýanýoldaşy Amangül ejäniň kişmiş taýýarlaýandygyny hem aýtdy.
— Kişmiş taýýarlamagyň hem özüne ýetik hysyrdysy bar. Arassa ýerde Güne serlen üzüm kişmiş bolansoň, bal tagamy dahanyňdan gidenok. Güne serlen kişmiş hakyky bolmaly kaddyna ýetensoň, gury gaba salnyp goýulýar. Gaty gyzgynlyk kişmişi zaýalaýar, şonuň üçin ony boldugyndan salkynrak ýerde saklamaly.
Kişmişe ýöriteleşdirilen üzüm görnüşlerem bar. Ýöne maşgalamyz bolup terbaş, içkimar ýaly üzümleri ýetişdiremizsoň, bulardan kişmiş taýýarlamaga-da ökdeledim. Öz durmaly möwritinden soň, ony emaý bilen ýygnap almaly. Gyşda kişmiş has idelýän haryda öwrülýär — diýip, Amangül eje gürrüň berýär.
Bereket we zähmet — biri-biri bilen berk baglanyşykly düşünjeler. Hawa, alty perzentli, ýigrimi agtykly Annadurdy aga ömrüni zähmet bilen bezäp ýören hakyky daýhan.
Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.