Salam, Olimpiýa oýunlary!

Ýurdumyzyň wekilçilikli toparlary XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
Düýn Tokionyň Milli Olimpiýa stadionynda XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu dabara we Oýunlaryň çäklerindäki ýaryşlara biziň ýurdumyzyň hem wekilçilikli topary gatnaşýar.
Olimpiýa oýunlarynyň özi bilen bir hatarda olaryň açylyş dabaralaryna hem sabyrsyz garaşylýar. Çünki bu dabaralarda öwüşginliligiň we reňbe-reňligiň iň ýokary derejesine ýetilýär. Şu gezek hem şeýle boldy. Milli Olimpiýa stadionyny gurşap alan açylyş dabarasy tutuş şäheri müň bir dürli öwüşgine besledi.
Tokio — 2020 Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar hem hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň agzalary ajaýyp şüweleňe hormatly myhmanlar üçin niýetlenen orunlarda tomaşa etdiler.
Şu gezekki Oýunlara sportuň 33 görnüşi boýunça 11 müň 300-den gowrak türgen gatnaşýar. Olaryň arasynda türkmenistanly türgenler hem bar. Bu Olimpiýa oýunlarynda dokuz türgenimiz sportuň dört görnüşi boýunça güýç synanyşyp, Olimpiýa medaly üçin göreşer. Açylyş dabarasynda olar Döwlet baýdagymyzy buýsançly göterip, dabaraly ýörişe gatnaşdylar. Goý, olara ýaşyl Tugumyzy ýeňişler bilen hem belende götermek miýesser etsin!
Eýýäm şu gün — 24-nji iýulda biziň türgenlerimiziň wekilçilik edýän sport görnüşleriniň käbiri boýunça ýaryşlara badalga berler. Has takygy, şu gün Olimpiýa oýunlarynyň çägindäki suwda ýüzmek boýunça ýaryşlar başlanar. Bu ýaryşlarda biziň ýurdumyza Merdan Ataýew bilen Darýa Semýonowa wekilçilik eder.
Halkara ýaryşlaryň ençemesiniň ýeňijisi Merdan Ataýew 100 we 200 metr aralykda arkanlygyna ýüzmek boýunça ýaryşlara gatnaşar. Tokio — 2020 Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna görä, 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça deslapky ýaryşlar 25-nji iýulda günüň ikinji ýarymynda geçiriler. 26-njy iýulda bolsa şu görnüş boýunça ýarym final ýüzüşleri geçiriler. Ýeňijiler 27-nji iýulda, günüň birinji ýarymynda belli bolar.
M.Ataýew 28-nji iýulda 200 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça ýaryşlara goşular. 29-njy iýulda bu ýaryşlaryň ýarym final, 30-njy iýulda final ýüzüşleri geçiriler.
100 metr aralykda brass usulynda ýüzmek boýunça ýaryşlara gatnaşjak Darýa Semýonowa hem Olimpiýa synagyna ertir çykar. Günüň ikinji ýarymynda deslapky ýaryşlar geçirilip, olaryň ýeňijileri 26-njy iýulda boljak ýarym final ýaryşlaryna gatnaşar. 27-nji iýulda bolsa ýeňijiler belli bolar.
Ertir — 25-nji iýulda bolsa dzýudo boýunça halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamuratowa ýaryş düşekçesine çykar.
Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».