Haly dokar elleri...

Şanly wakalara, şatlykly hem bagtly pursatlara beslenýän ajaýyp tomus paslynda Daşoguzyň çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag etrabyndaky haly önümhanasynyň täze binasy ulanylmaga berildi. Ol howalanyp oturan belent durky, Gün nuruna öwşün atýan ýagty görki bilen etrap merkeziniň döwrebap keşbine gözellik goşdy. Umumy tutýan meýdany ýarym gektara barabar bolan haly kärhanasynyň gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň işçi-hünärmenleri alyp bardylar. Bu ýerde çeper elli halyçy gelin-gyzlaryň 150-siniň zähmet çekmegi, dynç almagy üçin oňaýly şertler döredildi. Täze binanyň giňligi 860 inedördül metre barabar eýwanynda haly ýüwürtmek, dokamak üçin iň döwrebap enjamlar oturdylypdyr. Halyçylaryň esasy işlejek ýeri bolan giň eýwanda ýylyň ähli paslynda howanyň amatly derejesi saklanar. Binanyň içinde edara jaýy, haly we haly önümleriniň muzeýi, taýýar önümleri saklamak üçin iki sany ammar, gulluk otagy, ussahana ýerleşýär. Häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan kärhana inçe sungaty bilen gözellik döredýän ussat halyçylary has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrar.
Gubadag etrabynyň haly önümhanasy welaýatda irki döwürlerden bäri hereket edip, uly göwrümli halylaryň, dürli ululykdaky haly önümleriniň has kän dokalýan, köp sanly halypa halyçylary bilen adygan kärhanalaryň biridir. Häzirki zaman binagärliginiň iň öňdebaryjy talaplaryna laýyk gelýän täze kärhana milli Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynyň nurana günlerinde etrabyň halyçylary üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Onuň ulanylmaga berilmegi mynasybetli guralan toý dabarasyny etrabyň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazlary, tans kompozisiýalary bilen bezediler. Dabara gatnaşyjylar döredijilikli işlemäge, bolelin ýaşamaga oňaýly şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini, alkyşlaryny aýtdylar.
— Täze binanyň açylmagy biziň halyçylar maşgalamyz üçin iň şatlykly waka boldy — diýip, etrabyň haly önümhanasynyň halypa halyçysy Täzegül Pürenowa guwanç bilen aýdýar. — Häzirki wagtda döwletli ojagymyzda önüp-ösen doganlarymyň, gyzlarymyň, agtyklarymyň barysyny jemlände, 50-den gowragymyz halyçy bolup işleýäris. Gyzlarym Näzikjemal, Nabat, Ejegyz, Dürli, gelinlerim Maýa, Meňli, doganlarym Oguljemal, Akjemal, Gurbansoltan, agamyň gyzlary Mähri, Maýsa, Jeren gadymdan gelýän bu asylly hünäri dowam etdirýärler. Arkadag Prezidentimiz iň inçe senetleriň biri hasaplanýan halyçylyk kärinde işleýänler barada çäksiz alada edýär, olaryň durmuş, zähmet şertlerini ýokarlandyrmak meselesine aýratyn üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallasy, çäksiz sahawaty bilen şular ýaly ajaýyp kärhananyň gurlup, ulanylmaga berilmegi bizi diýseň begendirýär.
Toýly günlerde biz, halyçylara täze kärhanany sowgat edip, has netijeli işlemäge, el işiňe guwanmaga, bolelin durmuşda ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.