Türkmeniň bitewülik binýady

Daşoguz şäherinde ýaşaýyş jaý toplumynyň we “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryndan soňky oýlanmalar
Elkyssa, habary kimden al, üç ýüz altmyş pir-erenler mekany gadymy Daşoguzdan al! Ulus-il Gahryman Arkadagymyzyň daşyna jem bolup, mukaddes toprakda öý tutar, toý tutar boldy. Bagşylar dessan aýdyp, şahyrlar nama gaýryp, uly toýuň çawuny çar ýana ýaýdylar...
Ak şäherimiz Aşgabatda kaşaňdan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň tapgyr-tapgyr açylmagy döwrümiziň aýratynlygyna öwrüldi. Biz indi oňa öwrenişibem gidipdiris. Paýtagtda başy başlanan iş, ýola goýlan ýörelge ýurdumyzyň ähli giňişliklerine ýaýylýar. Öňňin, 21-nji iýulda Daşoguz şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 15-siniň açylmagy, şäher içre şäheri ýatladyp duran bu toplumda 368 hojalygyň öýli bolmagy — döwletlilikden, bagtyýarlykdan nyşan.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli ýaşdaky, dürli kärdäki ýönekeý raýatlar bilen ýürekdeş söhbetlerine şaýat bolmakdan çeper eser okan deý, çäksiz lezzet alýarsyň. Uly ýurdy birleşdirip duran bitewülik şeýle pursatlarda has aýdyň açylýar. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze jaýa göçüp baran, tüweleme, 13 çagaly — sekiz ogul, bäş gyzly maşgalada myhman boldy.
Diňe öz-özleri saçak başyna geçende hem toý döwresini ýatladyp duran köp çagaly maşgalany, jedir-jedir goşgy okap, milli Liderimize hoşallyk bildirýän körpeleri synlamak, gör, nähili ýakymlydy! Munuň özi türkmeniň öz bagtyny nesil dowamatynda görýändiginiň guwandyryjy güwäsi!
Köpügören ýaşulularyň biri: “Türkmende doganlar şol bir eşigi geýip ulalýarlar. Bu ýeter-ýetmezlikden däl, munuň manysy dogany dogana mähriban etmekdedir. Doganlar şeýdip göwündeş doganlar bolup ýetişýärler” diýip düşündiripdi. Onsoňam, köp çagaly maşgalalarda doganlaryň ulularynyň kiçileri terbiýeläp, ata-enä el-aýak bolýandygyny hem aýtmak gerek. Şeýle maşgalalarda ýetişen çagalaryň jemgyýete goşulyşmak, köpçülik bilen dil tapyşmak ukyby-da ösen bolýar.
Iň esasy zat bolsa, ýurtda köp çagaly maşgalalaryň barha artmagy döwrüň abadançylygynyň, döwletiň kuwwatlylygynyň hem möhüm görkezijisidir. Hormatly Prezidentimiziň bu maşgalanyň agzalary bilen gürrüňdeşliginde: “Arkaňyzda döwletimiz dag ýaly bolup durandyr!” diýen sözleri tutuş halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy.
Maşgalany goldamak, ýaş nesliň röwşen geljegini üpjün etmek — “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgäni ynsanperwer syýasatynyň düýp özeni hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyzyň baş aladalarynyň biri. Ýeri gelende aýtsak, Daşoguz welaýatyny 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda ýeňillikli ipoteka karzlaryny bermegi peýdalanmak bilen, ýokary amatlykly öýleri bolan ýaşaýyş jaýlaryny we hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam etdirmek, degişli döwürde ilatyň ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany bilen üpjünçiliginiň bir adama düşýän möçberini 27,1 inedördül metre ýetirmek bellenilendir.
Şol gün asylly däbiň dowam etdirilip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň çagalar hassahanalary üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-synyň berilmegi hem ynsanperwerligiň belent nusgasyna öwrüldi.
                                        ***
Kaşaň ýaşaýyş jaýlary we “Türkmeniň ak öýi” binasy. Olar, göräýmäge, parhly desgalar bolsa-da, gelip-gelip, öý-ojak mukaddesliginde birleşýär. Türkmen “Öý — öwlüýä” diýýär. Hut öýüň keramat hasaplanandygy üçin-de türkmende diňe kaşaň köşkleriň gümmezleri däl, eýsem, kümmetlerdir türbetler hem ak öýe meňzedilip gurlupdyr.
Türkmeniň öý-ojak medeniýeti — milletiň ruhy-ahlak ýaşaýşynda ýeten belent derejesiniň aýnasy. Köptaraply we çylşyrymly gatnaşyklar ulgamynyň kemala gelýän ýeri. Türkmen ruhunyň beýikligi öý-ojak mukaddesliginde äşgär ýüze çykýar. Birmahallar türkmen topragyna duz nesibi çeken gaýry ýurtlularyň biri türkmeniň öýe salam berip girmek, sag aýagyň bilen ätlemek, işige basmazlyk, diňe öz ornuňda oturmak ýaly edim-gylymlaryny, salamlaşmak, çörek iýmek bilen bagly birgiden inçeden-inçe düzgün-kadalaryny görüp-synlap: “Asyl, türkmen bolmak ymgyr ylym, özbaşyna sungat oguşýa” diýip, bu ýagdaýa haýran galypdyr.
Gadymy dessura görä, oguzlarda öýlenýän ýigit meýdana çykyp ok atypdyr, okuň düşen ýerinde bolsa öý dikipdirler. Ýaş çatynjalar üçin öý gurlan ýer olaryň mülk ýeri bolup, soňlugy bilen, ol täze maşgalanyň nesilleriniň dogduk mekanyna, ata ýerine öwrülip galypdyr. Asyl-ha, çagarygynyň, uklarydyr täriminiň özara utgaşygy bilen, ak öý mizemez maşgala durmuşynyň tymsaly hasaplanypdyr. Türkmen öz öýüne älemiň nusgasy hökmünde garapdyr.
Öý — Watan, ýurt düşünjesiniň hem başlangyjy. Manyly, şireli türkmen dilinde “ýurt” sözüniň esasy iki manysy bardyr: birinjisinde ýurt — milletiň öýi, ikinjisinde bolsa ýurt maşgalanyň, neberäniň öýüdir. Hut şu düşünjeden ugur alnyp, ak öýüň “ýurt” diýlip atlandyrylmagy türki dillerde häzirem ýörgünli.
Halkymyzyň gadymy ak öýüniň Watanymyza gelýän syýahatçylarda hem uly gyzyklanma döredýändigine iki ýyl ozal, “Garagum ýalkymynyň” — giň sähranyň gujagyndaky täsin alawyň degresinde bolanymyzda ýene bir gezek göz ýetiripdim. Hususy syýahatçylyk kärhanasy bu ýerde ak öýleri gurnap, ony-da milli ruhda kemsiz bezäp-besläpdir. Gaýnap duran tüňçe çaýy, gyzyp duran tamdyr, aga-ýana gezip ýören düýeler, alabaý itleri... bu künjege özboluşly röwüş berýär. Bu ýeriň mähellesini görüp, şeýle sowal sere dolýar: “Adamlary, bir pursatlygam bolsa, kaşaň jaýlaryny terk edip, özlerini sähranyň gujagyna, türkmeniň ak öýüne atmaga, suw ýaly ulaglaryny gaýra goýup, düýä münüp, ata atlanmaga, döwrebap restoranlaryň müňde bir naz-nygmatyndan ýüz öwrüp, bu ýerde sähra tagamyny dadyp, tüňçe çaýyndan içip görmäge iterýän zat nämekä?”. Munuň jogabyny Ýaponiýa, Italiýa, Germaniýa ýaly dürli ýurtlardan gelen myhmanlaryň beren gürrüňlerinden tapdyk. Görüp otursak, giň sähradaky ak öýler diňe ildeşlerimize däl, gaýry ýurtlulara hem gözbaşlara dolanmaga, adamyň ýaradylmyş asyl-arassalygyna gaýdyp barmaga, tebigat bilen sazlaşygy tapmaga mümkinçilik berýän eken.
                                        ***
Ynsan üçin ata ýurdundan, garry öýden eziz ýer barmy?! Oňa ata didary, ene mähri siňendir, arka-arka peder ruhy ornandyr. Ine, “Türkmeniň ak öýi” binasynyň işiginden ätläniňde hem uzak ýyllardan soň, alyslarda galan garry öýüňe salama baranyňdaky deý, täsin duýgyny başdan geçirýärsiň.
Arheologlar ýerasty şäheriň, gymmatly zatlaryň üstüni açanlarynda, gör, nähili begenýärler! Geologlar ýerasty baýlyklaryň, täze gorlaryň üstüni açanlarynda, yhlasynyň myrat tapanyna, gör, nähili şatlanýarlar! Ýurdumyzyň sebitlerinde “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň açylyşynyň bize bagyşlaýan täsiri-de şondan birjik-de kem däl. Çünki ol halkymyzyň heňňamasty hakydasynyň açylyşyna barabar. Biz onda asyrlaryň gatynda baslygyp ýatan ruhy hazynalaryň üstünden barýarys.
Döwletli maslahatlarydyr dürli halkara çäreleri, toý dabaralaryny, at üstündäki oýunlary geçirmäge niýetlenip, welaýatlarda gurlan “Ak öýleriň” ählisi, göräýmäge, birmeňzeş keşpdedir, gerimi-gabarasy, tutumy-dabarasy babatda-da bir kysymly ýalydyr. Ýöne bu diňe göräýmäge şeýle. Içgin tanşanyňda, her biriniň iňňän inçe sungatdygyna, reňk aýratynlyklaryndan başlap, haly göllerine, nagyşlaryna çenli, hatda iň owunjak zatlaryň hem gözden salynmandygyna, şeýlelikde, olaryň degişli sebitiň täk özüne mahsus ruhy howasyny, aýratynlyklaryny durkunda jemländigine aň ýetirýärsiň.
Dünýe ýaly giň ýurdumyzyň her bir welaýaty medeni taýdan-da, tebigy taýdan-da gaýtalanmajak, özboluşly baý mirasa eýe. Şol özboluşlylyklar biri-biriniň üstüni ýetirip, türkmeniň älemgoşar öwüşginli bitewi ruhy dünýäsini hasyl edýär. Munuň şeýledigini, binalaryň gurluşynda bolşy ýaly, olarda guralýan sergilerdir konsertler arkaly hem aýan-oraşan görmek bolýar.
Biz bir sözde “Türkmeniň ak öýi” binasy” diýip goýberýäris. Aslynda welin, ol üç müň orunlyk tomaşa zaly, sergi zaly, üç sany kafedir çaýhana, 600 orunlyk awtomobil duralgasy, tehniki toplum, sadaka jaýy, medeni-köpçülik çärelerini guramak üçin açyk meýdança ýaly birgiden düzümlerden ybarat uly bir toplum! Daşoguz şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň gurluşygyna üç ýyllap nähili yhlas, neneňsi azap siňdirilendigini bu ýerde iki müň çemesi adamyň iki, zerur bolsa, üç çalşykda iş alyp barandygy, dürli kysymly tehnikalaryň 60-a golaýynyň sazlaşykly işledilendigi hem görkezýändir.
Binanyň gurluşygyny amala aşyran “Röwşen” hususy kärhanasy oňa röwşenlik eçilmekde-de tagalla edipdir. Ýerde dogan ýyldyz deý, her demde müň bir öwsüp, öwşün atyp duran “Ak öýüň” kemsiz yşyklandyrylyşynyň özi nämä degmeýär?! Onda sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylandygyny, beýleki welaýatlardaky “Ak öýler” bilen göni wideoaragatnaşygy hem ýola goýup bolýandygyny-da bellemelidiris.
Pederler adamyň başarnygyny, zehin-zähmetini onuň howlusynyň bag-bakjasyna garap hem ölçerip-kesgitläp bilipdirler. “Türkmeniň ak öýüniň” tüýs döwletlilik ojagydygy degre-daşynyň pürli-gyrymsy agaçlaradyr dürli güllere çümüp oturyşyndan-da belli. Onuň bag ekilen ýerleri 35 müň 418 inedördül metre barabar.
Hawa, bu gün ýurdumyzyň welaýatlarynyň her biriniň merkezinde “Türkmeniň ak öýi” seleňläp dur. Eýsem, hormatly Prezidentimiziň bu döwletli başlangyjy, öňi bilen, nämäni aňladýar?! Elbetde, ulug ýurdumyzyň bir öý, bir ojak, ulus-ilimiziň bir maşgala deýin jebisligini, bitewüligini aňladýar. Bir supranyň başyndaky jemligi alamatlandyrýar. Ýurduň ähli sebitiniň deň derejede ösdürilýändigini görkezýär. Dünýä derejeli ösüşiň milli ruhdan gözbaş alýandygyny Zemine ýaýýar. Munuň özi Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram edýän berkarar döwletimiziň ähli gazananlarynyň özeninde, binýadynda duran gymmatlykdyr, ýeneki ösüşlere badalgadyr.
                                        ***
Gurban baýramy — agzybirligiň, köňli jemligiň, ynsanperwerligiň baýramy. Onuň hormatyna täze lybas geýmek, bolmanda, bagjygyňy täzelemek — baýramyň asylly däbi. Biz bu gezek Gurban baýramynda diňe adamlaryň däl, asyl, mähriban ýurdumyzyň toý donuny geýip, täze keşbe girişine şaýat bolduk.
Ýurdumyzyň sebitlerinde yzly-yzyna açylýan-u-düýbi tutulýan kaşaň desgalarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy baradaky çynlakaý aladalar ör-boýuna galýar.
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.