Gurbandadyr-gurbanda

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzda Gurban baýramy giňden bellenildi.
Gurban, Remezan aýlary, Gadyr gijesi, juma güni, haj, sekiz uçmah... halkymyzyň dünýägaraýşynda möhüm orun alan düşünjelerdir. Sogaplara baý aýda gurbanlyk etmek, gurbanlyga niýetlenen malyň etinden milli tagamlarymyzy taýýarlap, hödür-kerem etmek ajaýyp däp-dessurlarymyzdandyr. Il içinde «Gurbanlyk, gurbanlyk, birje çebşim dermanlyk» diýlişi ýaly, hatda gurbanlyk çalnan malyň eti derman hasaplanypdyr.
«Ajaýyplyklaryň düründe» Gurban aýynyň sogaplary beýan edilýär. Onda nygtalyşy ýaly, Zülhiçjäniň sogaply günlerinde on gün oraza tutmak, ybadat etmek ömrüňi uzaldyp, ähli maşgalaňy indiki ýyl gelýänçä dürli belalardan aman saklar. Ol bendäniň günäleri geçilip, ybadatlary iki hasap ediler. Her kim Zülhiçje güni bir teňňe sadaka berse, pygamberleriň sogabyny tapar. Her kim ol on günde hassanyň halyny sorasa, jemi öwlüýäleriň halyny soran dek sogap tapar. Kim bir myhmanyň orazasyny açdyrsa ýa-da ol bendä bir mömin myhman bolsa, jemi pygamberleri myhman alanyň sogabyny tapar. Her kim bu on günüň içinde ýetimleriň başyny sypasa, olary hoşwagt etse, Haktagala ol bendä arşyň saýasyndan jaý berer.
Her kim Zülhiçjäniň on güni alymlara zyýarat etse, Resul Hudany zyýarat edeniň sogabyny berer. Ýene-de hemme pygamberler bilen oturanyň sogabyny tapar.
Resul aleýhissalam: «Günleriň iň oňady gurban günüdir» diýipdir.
Bu aýyň her bir güni sogaba, haýyr-sahawata beslenendir. Hezreti Ybraýym Gurban aýynyň birinji gijesi jahana gelipdir. Ýunus pygamber Gurban aýynyň ikinji güni balygyň garnyndan çykypdyr. Zekeriýa pygamberiň dilegi Gurban aýynyň üçünji güni kabul bolupdyr. Isa aleýhissalam Gurban aýynyň dördünji güni eneden doglupdyr. Gurban aýynyň sekizinji güni Nuh aleýhissalama wahyý (Hudaýtagala tarapyndan iberilen habar) gelipdir. Gurban aýynyň dokuzynjy güni Ysmaýyl aleýhissalama goç iberilipdir...
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda hem bu mübärek aýyň sogaplary, onuň bilen bagly wakalar çeper beýan edilýär:
Aýyl, aşygym, aýyl,
Mejnun bol, halka ýaýyl,
Halyl ogly Ysmaýyl
Gurbandadyr-gurbanda.
                                                    * * *
Halyl geldi tyg çekmäge,
Ogluny gurban etmäge,
Goýmagan ganyn dökmäge,
Jebraýylyň ýelegidir.
                                                    * * *
Otlaýyp-suwlagan arşy-aglada,
Goçgarlar gönderip, kyldyň azada,
Ysmaýyl gurbanyň boldy Minada,
Ýa, Ybraýym Halylulla haky çün.
                                                    * * *
Hökm eýlediň Ybraýyma sen ki gurban isteýip.
                                                    * * *
Magtymguly, haýrat etseň,
Garyplar göwnün şat etseň,
Pul-Syratdan ötenden soň,
Munda beren gurban geler.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine, däp-dessurlaryna hormatyň nyşany hökmünde Gurban baýramy uly dabaralar bilen bellenildi. Mübärek günlerde Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamynyň Daşoguz topragyna düşmegi, il-ýurt bähbitli tutumlary bu baýramyň ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň toýy bolup, milli jebisligimizi, agzybirligimizi has-da pugtalandyrýandygyna şaýatlyk etdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Gurban baýramy adamzadyň ahlak-edep ýörelgelerini, dogruçyllygy, hoşniýetliligi we päkligi ündeýär. Ol Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň asyrlarboýy kämilleşdirip, nesilden-nesle geçirip gelen medeni-ruhy mirasyny, ahlak ýörelgelerini, ynsanperwerlik we dostluk hakyndaky dünýägaraýyşlaryny, däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny özünde jemleýän, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan ajaýyp baýramdyr.
Şu ýyl tomsuň örküjinde toýlanan Gurban baýramy rysgal-döwletliligiň toýudyr. Ýurdumyzyň oba hojalykçylarynyň, önüm öndürijileriniň yhlasy bilen baýramçylyk günlerinde bazarlarymyzyň bolçulygy üpjün edildi. Baýramyň öňüsyrasynda Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Täze hasylyň unundan taýýarlanan çörek we çörek önümleri, gök-bakja önümleridir dürli-dümen naz-nygmatlar toý saçaklaryny bezedi.
Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».