YNAMYŇYZ ÜÇIN SAG BOLUŇ, ARKADAGYMYZ!

Ynamy ödemek, oňa ygrarly bolmak bu örän uly zat. Ynam – yhlasyň açary diýsek hem ýalňyşmarys...
«Hormatly ýolagçylar, biziň howa gämimiz aşaklap başlady...» diýen sesi eşidenimden, uçaryň aýnasyna golaýladym-da, Zemin üstünde käýarym birlen-ikilen görnüp gidýän çyra yşklaryny synladym. Esasy islegim toý dabarasy dag aşjak, hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şanyna türkmen halkyna peşgeş berjek «Türkmeniň ak öýüniň» aýly agşamda öwşün atýan merjen durkuny asman belentliginden görmekdi.
Az salymdan uçarymyz bulutlaryň arasyndan saýlanyp, barha we barha ýere golaýlamak bilen boldy. Şol seredip durşuma, birdenem, «Hon-ha, türkmeniň gudraty görünýär» diýenimem bilmändirin. Bu bolşuma ýanymda oturan kärdeşim Ýagmyr Nuryýew maňa tarap üşerildi. Guşuçar belentlikden nazaryma ilen türkmeniň ajaýyp ak öýi Daşoguz welaýatynyň şäher merkezine şeýle bir ýaraşyk berýärdi welin, synladygyňça, owadan ýagty çyralary bilen özüne maýyl edýärdi. Şeýle uzak aralykdan oňa syn edýärsiň welin, göýä, giňden gujagyny gerip, myhmany mähir-muhabbet bilen garşylaýan halkymyzyň döwletli ojagyny ýada salýar. Öz ýanyňdan özboluşlylygy bilen saýlanyp duran binanyň täsinligine, gözelligine, gurluşygyna yhlas siňdiren gurluşykçylara «Berekella!» diýýärsiň. Şeýle gurluşykçylaryň biri «Röwşen» hususy kärhanasynyň gurluşyk hiline gözegçisi Perhat Kasymowdyr. Biz onuň bilen toý gününde, ýagny 21-nji iýulda duşuşdyk. Gazet üçin söhbetdeş boljakdygymyzy aýdanymyzda, ol gürrüňini şeýle buýsançly sözler bilen başlady:

− Ömrümde öň hiç şeýle şatlanmadym. Gahryman Arkadagymyzyň Gurban baýramynyň toýlanýan günlerinde Daşoguz topragyna mübärek gadamy düşdi. Tutuş halkymyza «Türkmeniň ak öýüniň» toý bagyny kesip, açyp berdi. Indi, ähli welaýatymyzda «Türkmeniň ak öýleri» bar. Welaýat merkezlerini bezän, halkymyzyň göwün guşuny al-asmana uçuran bu milliligimizi görüp, gadymdan gelýän öý gurmak, bina salmak däplerimiziň häzirki günde döwrebap görnüşde janlanýadygyna şaýat bolýarsyň. Arkadag Prezidentimiziň ynamy bilen şeýle milli gymmatlygymyzy biz − «Röwşen» hususy kärhanasynyň gurluşykçylaryna gurmaga berilmegi başymyzy göge ýetirdi.
Toýumyz goşa-goşadan geldi. Taryhy günde hormatly Prezidentimiz 368 öýli 15 sany 4 gatdan ybarat bolan ýaşaýyş jaýlaryny açyp berdi. Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümi üçin täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny sowgat etdi. Neneň şeýle eşretli eýýamymyza buýsanmajak?!   
− Perhat, şu wagt bizem siziň bagtyňyzyň şaýady bolduk. Aslynda, Arkadag Prezidentimiziň saýasynda bagt bu gün hemmämizi gurşap aldy. Taryhy işlere dahyllylygyňyz hökmünde «Türkmeniň ak öýüniň» gurluşygy barada aýdyp beräýseňiz?
− Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylda başladyk. «Türkmeniň ak öýi» binasyny we onuň golaýyndaky görýän ähli ajaýyplyklaryňyzy gurmak üçin bölünip berlen ýeriň umumy meýdany 11 gektara golaý. Ak öýi 3 tapgyrda kodlar esasynda gurduk. Şu wagt syn edýän bolsaňyz, boýy ep-esli uludyr, has takyklap aýtsam, ýeriň üstünden beýikligi 40 metrden gowrakdyr. Onuň 4 gaty hem-de ýerzemini bar. Içine tomaşaçylar sygymy bolsa, 3000 orunlykdyr. Şonça orunlykda golaýynda, hon-ha, sadaka jaýy hem bar. 
− Gürrüňiziň arasynda binany kodlar esasynda gurduk diýdiňiz welin, bu barada has içgin duraýsaňyz!
− Biziň Halypamyz, Türkmenistanyň at gazan arhitektory Arkadag Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmeniň ak öýüniň» her gatyna ýörite kodlar berildi. Şol kodlarda binanyň gatlarynyň ilik-düwme ähli künjegine, ýagny bir gurluşyk ýerinden beýleki bir gurluşyk ýerine çenli metr-santimetrine görä, çyzgylarda ýerleşdirilen sanlary bar. Bu sanlardan ugur alyp, binany boýma-boý galdyrdyk.
− Perhat, ak öýüň gurluşygynda näçeräk adam zähmet çekdi?
− 2000 adam iki çalşykda iş alyp bardy.
− Adaty jaýlara garanyňda, halka görnüşinde, ýagny aýlawly bina gurmak çylşyrymly bolsa gerek!
− Siz mamla! Inedördül, ähli burçy deň desgalara seredeniňde, aýlaw görnüşindäki binanyň gurluşygy örän hysyrdyly bolýar. Bärde esasy ýalňyşmazlyk bolup durýar. Çala säwlige, ünsüzlige ýol berdigiň, aýlawyň egrem-bugram boluberýär. Edil, Aýyň tegelegi ýaly, tekiz, dürs gurmak üçin biz egin-egne berip, bir-biregi goldap, ýiti göz bilen seredip, tejribämize daýanyp, kodlara görä gurluşygyny alyp bardyk. Işimizi ýokary derejede guramak üçin iş gurallarymyzdan başlap zerur gurluşyk serişdeleriň hemmesi bar. Ähli mümkinçilikler döredilen. 
− Diýmek, tejribäňiz bu ugurda ýetik. Näçe ýyl bäri siz gurluşykçy!
− 7-8 ýyl. 
− «Türkmeniň ak öýüne» sanly ulgamyň aýratynlyklary hem ornaşdyryldymy?
− Elbetde. Binanyň esasy daýanjy 32 sütün bolup gidýär. Şol sütünlere görä-de aýlaw bolýar. Sütünleriň täriminden ýokarlygyna gidýän uklaryň öýüň çür depesinde birigýän ýerinde ýörite awtomatik usulda açylyp-ýapylýan aýna bar. Bu howa çalşygy üçin zerur. Türkmeniň gadymdan bäri gelýän ak öýüniň ähli ýanlary söwüt agaçlary biri-birine atanaklaýyn birikdirilip ýasalýar-da, tärimde pişme şekilli gözenekler emele gelýär. Ine, syn edýän bolsaňyz, şol pişme gözenekleri, halkymyzyň şeýle inçelik bilen döreden ýiti sungatyny biz bu gün döwrebap röwüşde polatdan ýerleşdirdik. Gözenegiň aňyrsyndaky bölek aýnalar bolsa, 2500 sanydyr. 
Ýeri gelende aýtsak, tomaşaçylar üçin sahnadaky oturdylan iň kämil mawy ekeranlar internet toruna birikdirilen. Olarda islendik şekiliňi berip bolýar. Atlar üçin aýlaw hem awtomatik usulda bolup, ony münberlere görä, biraz ýere düşürip ýa-da galdyryp bolýar. Örän amatly. Ýogsa-da, döwrebap binanyň ýene-de bir aýratynlygyny belläýin. Bu gurlan «Türkmeniň  ak öýüni»  welaýatlardaky beýleki «Türkmeniň ak öýleri» bilen özara baglanyşdyryp, aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik bar. Ajaýyplygyň daş-töweregi bagy-bossanlyga  bürelip, ulaglar üçin 600-a golaý orunlyk duralganyň bardygyny hem aýtmak buýsançly.  
− Siziň gürrüňleriňizden, görýän inçeliklerimizden bu görlüp-eşidilmedik ajaýyp desgany gurmagyň özeninde ýadawsyz zähmetiň, irginsiz yhlasyň bardygyna göz ýetirmek kyn däl. Öňem şular ýaly desgalary gurup gördüňizmi?
− Hawa, golaýda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde gurlup, ulanylmaga berlen «Türkmeniň ak öýüniň» gurluşygyny hem «Röwşen» hususy kärhanamyz alyp bardy. Bu hormatly Prezidentimiziň bize bolan uly ynamydyr, telekeçilige giň ýol açyp, döredip  beren ägirt uly mümkinçilikleridir. Şeýle beýik ynamy ödemek biziň üçin mertebedir. 
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyza Şa sowgadyny ýapan Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, ussat binagär, telekeçileriň Hak Howandary milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak  bolsun, beýik tutumlary üstünliklere beslensin. Toýlarymyz toýlara ulaşsyn!
− Perhat, arzuwlaryňyz hasyl bolsun. Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň. «Türkmeniň ak öýüniň» gurluşygynyň aýratynlyklary barada köp maglumatlar bilen bizi tanyşdyrdyňyz. Şeýle asylly kesbiňizden kemal tapyň. Elmydama şular ýaly ajaýyp pursatlarda, toýly günlerde didarlaşyp duralyň. 
− Sag boluň!
Söhbetdeş bolan Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory.