Baýramçylykda düzgünleri berjaý etmeli

Azyk önümleriniň, gap-gaçlaryň saklanylýan we nahar bişirilýän ýerler hemişe arassa bolmaly. Hapalar we iýmit galyndylary öz wagtynda aýrylmaly. Nahar bişirilýän otagy ýygy-ýygydan arassalap, penjireleri açyp, howasyny yzygiderli täzeläp durmaly. Hapa taşlanýan ýörite gaplaryň agzy ýapyk bolmaly. Mundan başga-da, ýaşaýyş jaýlarynda yzygiderli arassaçylyk işlerini geçirip durmaly.
Baýramçylyk mynasybetli konserwirlenen miwelerdir gök önümler saçakda goýulýar ýa-da işdäaçarlara garylýar. Şunda konserwirlenen önümleriň çüýşe gabynyň gapagyna üns bermeli. Eger-de, gabyň gapagy çişen bolsa hem-de içi bulanyk görünse, çüýşe gabyň içindäki önümleriň zäherleýji täsire eýe bolýandygyny unutmaly däldiris. Olar hökmany suratda zyňylmalydyr!
Baýramçylyk günlerinde ýagly nahary aşa köp ýa-da garym-gatym edip iýmek, içiň geçmegine ýa-da gatamagyna, gan basyşyň ýokarlanmagyna, ýürek-damar ulgamynyň näsazlyklaryna getirip biler. Adamyň bedeniniň belli bir iýmite öwrenişip, naharyň birdenkä üýtgedilmeginiň saglyk ýagdaýyna zeper ýetirmek ähtimallygynyň bardygyny hem unutmaly däldiris. Baýramçylyk tagamlary taýýarlanylanda adamyň saglyk ýagdaýyny ýa-da berhiz tutýandygyny nazara alyp, olara aýratyn naharlary hödürlemeli.
Şeýle-de, allergiýa döretmäge ukyby bolan önümleri iýmit sanawyndan aýyrmaly. Olaryň deregine bedeni derwaýys maddalar bilen doly üpjün edip biljek önümleri goşmak göz öňünde tutulmaly.
Naharlanmazdan öň we soň eller sabyn bilen akar suwuň aşagynda gowy ýuwulmaly ýa-da eller üçin ýörite niýetlenen zyýansyzlandyryjy erginler bilen tämizlenmelidir. Iýlen tagamlar gowy siňer ýaly, daşarda arassa howada gezim etmegi we agyz-burun örtügini dakynmagy, köpçülik ýerlerine barlanda hem-de jemgyýetçilik awtoulaglaryndan peýdalanylanda howpsuz 2 metr araçägi saklamaklygy unutmaň! Bu düzgünleri öz maşgala agzalaryňyza-da ýatladyp duruň!
Günüň ýiti şöhleleriniň aşagynda adamlara, ylaýta-da, çagalara uzak durmak, gezmek, oýnamak howpludyr. Gezelenç üçin ir säher bilen sagat 10:00-a çenli we 18:00-dan soň iň amatly wagt bolup durýar.
Çagalar bilen arassa howada seýilgählerde, dynç alyş merkezlerinde gezelenç edilende olaryň başy hökman ýeňiljek başgaply, çaga hereketlerine päsgel döretmeýän rahat, nah matadan tikilen eşikli bolmalydygyny ata-eneler ünsden düşürmeli däldir. Gezelenje çykylanda hökmany ýanlaryna arassa agyz suwuny, gaýnadylyp sowadylan suwy ýa-da dürli görnüşli miweleriň we ir-iýmişleriň gaýnatmasyny, bir gezeklik elsüpürgiçleri almagy unutmaly däldir.
Ajaýyp döwrümizde erkana ýaşaýan halkymyz Gurban baýramyny asuda asmanyň astynda belläp geçmäge ähli mümkinçilikleri döredendigi üçin ýurt Baştutanymyzyň adyny alkyş sözlerine besleýär.
Gurbanjemal ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany.