Gurbanlyk — barlyga şükranalyk

Adamyň durmuşynda şeýle bir pursatlar bolýar, olar ýyllaryň geçmegi bilen unudylaýjak ýaly welin, gaýtam, tersine, ýadyňda has beter berçinlenýär eken. Özgeleri-hä biljek däl, özümde welin, oglan wagtymdan bäri Gurban baýramy bilen bagly käbir pursatlar şu günki ýaly ýadymda. Her ýyl Gurban baýramy gelýär welin, şolar aňymda janlanyp ugraýar. Men şonda az-kem bolsa-da, oglanlyk ýyllaryma dolanyp barýan. Şonda-da men ejemi-kakamy, enemi, doganlarymy-jigilerimi — on bir baş maşgalamyzyň ählisiniň bir saçagyň başynda jem bolup oturyşymyzy görýärin. Enemiz biziň üçin iň uly şahsyýetdi, geçen asyryň tutha-tutlugynda tutulyp giden atamyzyň ýerini tutup oturan maşgalabaşymyzdy. Sowatsyzam bolsa, biziň üçin, häzirki dile geçirip aýdanyňda, janly ensiklopediýady, näme sorasaň, jogabyňy nagt berip duran mähribanymyzdy. Gurbanlygyň gelip çykyşy baradaky gürrüňleri-de biz birinji gezek enemizden eşidipdik. Ol gürrüň bize örän uly täsir edipdi. Atasy pyçagyny syhajak bolup duran wagty oglunyň deregine gurban kesilmek üçin ýokardan ak goýnuň indirilişi biziň göz öňüne getirip bilşimizden has aňyrdady. Ganatsyz, persiz goýnuň ýokardan nädip aman-esen gelip, hut şol ýere düşüşi hakda biziň her birimiz akylymyzyň kesdigiçe netije çykarýardyk, emma anygyna welin, ýetip bilmezdik. Enem pahyr bolsa: «Bular Hudaýyň gudraty bilen bolýandyr» diýip, bize öňümizdäki nahary sowatmazlygy ündärdi. Gurbanlyk janlynyň gowrulan bagyr-öýkeniniň tagamyny welin, söz bilen aýdyp-düşündirip bilmersiň, edil bal gatylan ýalydyr. Biz muny şol goýnuň hut Hudaý tarapyndan iberilen bolandygy üçin şeýle süýji bolýar diýip kabul ederdik. Ýene-de Gurbanlyk bilen bagly ýatlamalaryň biri — şol gün irden namaz wagty gurbanşor edip, akja köýnek geýmekdi...
Gurban baýramynyň bu dessurlary biziň döwrümizde-de amal edilýän, häzire-bu güne çenli saklanyp galan we belki, geljekde-de dowam etjek dessurlardyr.
Şu ýerde bir ýagdaýy aýratyn nygtamaly. Gurban baýramy musulman baýramy hökmünde köp halklarda bellenilip gelinýär. Bu biziň halkymyzda-da şeýle. Ol türkmenleriňem ata-baba dowam edip gelýän we geljekde-de dowam etdirjek asylly baýramlarynyň biri. Sebäbi ol esasy gymmatlyklary — parahatçylygy, agzybirligi, asudalygy, abadançylygy, oňşuklylygy, hormaty, goldawy, zähmeti, gysgaldyp aýdanyňda, adam bu dünýä gelensoň, berlen ömründe ýerine ýetirmeli ähli gowulyklaryny salgy berýän, ynsan üçin ýaradylan dünýä gözellikleriniň gadyryny bilmegi ündeýän baýramdyr. Gurban baýramy barlyga şükranalyk baýramydyr. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, onuň bir diniň çäginden çykyp, umumadamzat gymmatlygyna öwrülendigini aýdyp bolar.
Gurban baýramy Garaşsyz ýurdumyzda milli baýram hökmünde döwlet derejesinde bellenilip gelinýär. Millilik derejesine göterilmek beýiklikden, mertebelilikden nyşan. Döwletimiz bu baýramy milli baýram hökmünde ykrar edip, onuň arzysyny artdyrdy. Öňki döwürleri gören adamlar häzirki döwrümizde Gurban baýramynyň bütin ýurdumyzda aç-açanlykda, uly dabara, şatlyk-şagalaň bilen bellenilişini görmegiň uly bagtdygyny nygtaýarlar hem-de şunuň gadyryny bilmelidigini aýdýarlar. Gurban baýramynyň ykrar edilmegi — bu halkyň däbine-dessuryna, diýmek, halkyň özüne-de döwlet derejesinde hormat goýmakdyr.
Şuny aýratyn nygtamaly: Gurban baýramy tutuş jemgyýetde agzybirligi saklamakda we ündemekde, halkyň ruhuny götermekde şeýle bir ähmiýetli welin, bu babatda ol beýleki milli baýramlarymyzyň deňesine ýüzugra çykýar oturyberýär. Aslynda-da, milli baýramlarymyzyň hemmesiniň esasy ündeýän zady parahatçylyk we agzybirlik. Munuň şeýledigine biziň her birimiz Gurban baýramyny belleýän günlerimizde-de göz ýetirip bilýäris. Bu baýramda saçak giňden ýazylýar. Çakylyga seslenip, kabul bolsuna gelenler bolsa, adatça, şol adamyň ozaldan gatnaşyk edip ýören adamlary, goňşy-golamlar. Ýurdumyzyň halky bolsa köpmilletli halk. Ol dürli milletiň, dürli medeniýetiň wekillerinden ybarat. Olaryň dili-de üýtgeşik, medeniýeti-de, hatda başga dine uýýanlary-da bar. Ýöne bu aýratynlyklar bize agzybir ýaşamaga, baýramlarymyzy bilelikde bellemäge hiç hili päsgelçilik döretmeýär. Gaýtam, gatnaşyklarymyza täze öwüşgin, özüne çekijilik, gyzyk berýär. Adamlar, ylla, dogan ýaly bolup, baýramy bilelikde belleýärler. Şunuň özüni-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bir ajaýyplygy hökmünde görkezip bolar. Gurbanlyk ynsanlary ýakynlaşdyrýar, bitewüleşdirýär, çünki onuň ideýasynyň özenini parahatçylyk we agzybirlik taglymlary düzýär. Hut şu ideýa — parahatçylyk we agzybirlik bu baýramyň ýurdumyzda milli baýram hökmünde bellenilmegine doly esas döredýär. Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjiligi bilen birlikde onuň parahatçylyk dörediji halkdygyny bolsa bu gün bütin dünýä bilýär.
Eýsem, beýik barlygy biziň häzirki döwrümiz bilen baglanyşdyryp, nämeleri aýtmak bolar?! Beýik Taňrynyň eradasy bilen halkymyzyň bina eden häzirki zaman barlyklary «bir», «iki» diýip sanardan-a köp, bu belli. Önümçilik toplumlarymyz, saglyk desgalarymyz, ýollarymyz, şol sanda awtoulag, demir ýol, howa, suw ýollarymyz, elektrik hem gaz geçirijilerimiz, ýaşaýyş jaýlarymyz, mekdeplerimiz, täze-täze obalarymyzdyr şäherçelerimiz, ylmymyz, medeniýetimiz, parahatçylyk taglymatymyz, baky Bitaraplygymyz we elbetde, häzirki zaman türkmen döwletliliginiň gözbaşynda duran ýurt Garaşsyzlygymyz — bularyň hemmesi türkmeni dünýä tanadýan barlyklardyr. Biz şeýle barlygyň içinde ýaşaýandygymyz üçin hemişe şükür etmelidiris hem-de bizi şeýle işleri amal etmek üçin kemala getiren, terbiýelän, ýol görkezen ata-babalarymyzyň ruhuny ynjytmazlyga çalyşmalydyrys, geljekde Garaşsyz ýaşalan 30 ýylyň dowamynda agzybirlik bilen, bir başa uýmak bilen ýeten sepgitlerimizden hem ýokary sepgitlere ýetmelidiris, has kän işleri etmelidiris, hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýdanymyzda, gurmagyň, döretmegiň ýoly bilen gidip, has ýokary netijeleri gazanmalydyrys.
Beýik barlyga külli adamzat bolup şükür etmek bolsa halklaryň arasynda agzybirligi hem jebisligi terbiýeleýär. Şu ikisiniň jem bolan ýerinde-de hökman ýene bir arzyly isleg — parahatçylyk emele gelýär. Parahatçylygyň üpjün edilýän ýerinde-de eşret bar, bagtly günler bar, şatlyk-şagalaň, ýaşaýşa-durmuşa höwes bar, edil biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzdaky ýaly.
Biz şu ýyl, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, iýul aýynyň 20-21-22-sine — üç günläp Gurban baýramyny belleýäris. Şu günem onuň ilkinji güni. Nähili gowy!
...Enem pahyr Gurbanlyk tagamyndan soň, süýji-süýji doga-dilegler ederdi. Şonda-da: «Ýeneki ýyllarda ýeneki Gurbanlyklara özüň ýetir, Allam!» diýerdi. Ine, ýene-de Gurbanlyk geldi. Ýene-de gurbanşor edýäris, ýene-de akja köýnekler geýýäris. Gurban kesilen janlynyňam eti şo-ol öňki süýjüligi, birjigem üýtgemändir. Bular halkymyzyň ýagşy däp-dessurlarynyň häzirki günlerimizde-de dowamat-dowamlygyny görkezýär. Bir aýratynlygy — Gurbanlykda ýazylan saçaklarymyz öňkülerden has baý, dürli-dümen nygmatlar gözüňi dokundyrýar hem-de halkymyzyň eliniň uzadan ýerine ýetýändigini görkezýär.
Saçagyň başynda bizem enem pahyryň gurbanlyk üçin asmandan ak goýnuň indirilişi hakyndaky gürrüňini başardygymyzdan agtyklarymyza gürrüň berýäris.
Gurban baýramyňyz gutly bolsun, hormatly adamlar! Ýeneki ýyllarda ýeneki Gurban baýramlaryna Beýik Allanyň özi ýetirsin!
Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.