Bagtyýar şu günüň hem-de ýagty geljegiň aýnasy

Göwnümize ýylymyz ýaňy başlan ýaly, emma «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň eýýäm alty aýyny yzymyzda galdyrdyk. Geçen ýarym ýyllyga nazar aýlasaň, onda şu ýylyň alty aýynda ençeme desgalaryň açylandygyny nygtamak bolýar. Gör, näçe ýürekleri heýjana salan, göwünlere şatlyk paýlan, ömür manylylygyny artdyran pursatlar ýakymly ýatlamalara öwrüldi, taryhyň altyn sahypalaryna ýazyldy.
Bu Arkadag Prezidentimiziň yhlasydyr!
Bu şanly Garaşsyzlygymyzyň miwesidir!
Bu bir başa bakýan halkyň jebisliginiň, agzybirliginiň güwäsidir!
Şeýle bitewiligiň şuglasy häli-häzirem dowamat-dowam edýär. Muňa geçen hepdäniň çarşenbe günündäki wakalar hem aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmenler gurmak, döretmek hem-de parahatçylygy gorap saklamak üçin ýaradylan halk. Halkymyzda her bir ýagşy işiň başy tutulsa, birinjiden-ä, soňlanylman goýulmaýar, ikinjidenem, ol işiň örän oýlanyşykly, parasatlylyk bilen çözülmegi gazanylýar. Munuň aňyrsynda-da diňe bir halkyň däl, umumadamzadyň bähbidi aralýar. TOPH — nähili uly taslama! Asyryň taslamasy diýsek hem bärden gaýdýar. Birnäçe döwletiň, ýok, milliardlarça adamyň ykbalyna nur çaýýan taslama. Ol döwletiň ykdysady kuwwatyna, ösüşine, halkyň maddy-durmuş üpjünçiligine uly täsirini ýetirýän iň iri desgadyr. Özüňiz pikir edip görüň, «TOPH-nyň saýasynda» häzirki wagtda nijeme adamyň durmuşy gülleýär, öz ojagyna mähir alýar, ýylylyk alýar. Eýsem, şunuň özi öňdengörüjilikli, parasatly syýasatyň özeni dälmi?! Gürrüňimiz entek diňe bir taslamanyň mysalynda. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda şeýle taslamalaryň sany uçursyz köp.
Ine, ýaňy-ýakynda, has takyklap aýtsak, 14-nji iýulda ýene-de bir täze taslamanyň — Balkanabat Halkara howa menziliniň düýbi tutuldy. Doly maglumatlara geçmezden ozal, taryhy taslamanyň umumadamzat üçin ähmiýetli aýratynlyklarynyň birini belläp geçeýin. Ýolagçy gatnatmak hakynda-ha gürrüň ýok, Balkanabat Halkara howa menziliniň Ýük terminalynyň her ýylky ýük geçirijiligi 200 tonnadyr. Bu ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň täze geçelgesiniň emele gelmegi diýmegi aňladýar.
Sagatda ýüz ýolagça hyzmat etjek, söwda gatnaşyklarynda ýük akymlarynyň täze ugry boljak taryhy taslamynyň geljekde işe girizilmegi bilen, Türkmenistan ykdysady babatda möhüm çatryk hökmündäki ornuny hasam pugtalandyrar. Munuň özi bu ýene-de döwletleriň, halklaryň ösüşi babatdaky ilerlemeleriň, köptaraplaýyn bähbitleriň öňe çykmasydyr.
Umumy tutýan meýdany 275 gektara deň boljak Halkara howa menzilinde 200-e golaý işgär işlär. Onuň 3 müň 200 metr bolan döwrebap uçuş-gonuş zolagy bolar. Bu sanlar taslamanyň kuwwatlylygyny, döwrebaplygyny delillendirýär.
Ulag ulgamynyň islendik ugruny alsaň, hormatly Prezidentimiziň saýasynda Türkmenistan deňhukukly halkara gatnaşyklara elmydama taýýar. Bu ugurda edilen we edilýän işleriň käbirine ýüzlensek, awtomobil ulaglaryň gatnawynda «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtoban, otlularyň gatnawynda Serhetabat — Turgundy demir ýoly, gämileriň gatnawynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, howa gämileriniň gatnawynda Aşgabat Halkara howa menzili, mahlasy, ulag infrastrukturasynyň ýurdumyzda kämil we kuwwatly düzümleri döredildi. Balkanabat Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy hem bu düzümleriň üstüni ýetirer. Ykdysadyýetde has-da öňegidişlikler gazanylar.
«Agzybirlik bagtyň gönezligidir»
Il arasynda aýdylýan gürrüňlerden köpimiziň gulagymyzyň ganan jümleleriniň biri hem — «Bäş welaýat — bäş dogan» diýen ganatly jümledir. Munuň hikmeti taryhdan gaýtsaňam, halkymyz şu güne çenli jebisligi, agzybirligi, birek-birege sylag-hormat goýmak sarpasyny saklap gelen, ebedileşdiren halkdyr. Dosta dogan diýip bilýän milletdir. Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda «Agzybirlik bagtyň gönezligidir» diýip belleýär. Hawa, bagta barylýan menziliň ilkinji ädimleri agzybirlikden başlanýar. Her tutumyň başy agzybirlikden gözbaş alýar.
Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýüniň» açylyş dabarasy hem agzybirligiň toýuna öwrüldi. Bu toýuň ilkinji şatlyk-şowhuny «Küşt, küşt, küştdepdi» diýen toý aýdymlary bilen badalga aldy. Söze, saza görä milli tansymyz ýaýbaňlandyryldy. Soňra Hazaryň tolkunlary deý, ýüregi joşgunly ildeşlerimiz halk saz gurallaryna geçip, toýy bezediler. Açylýan döwrebap desganyň sol tarapynda hatar-hatar türkmeniň ak öýleri gurlan bolsa, olaryň arasyndaky hiňňildiklerden ýaşlaryň şadyýan sesleri eşidilýärdi. Bu pursatlary tolgunman synlamazlyk, eşitmezlik asla mümkin däldi. Öz ýanymdan bile duran kärdeşlerime «Görsene muny, guýmagursak zehinli halkymyzyň gory egsilmeýän baý ruhy gymmatlygy bar» diýenimi hem duýman galypdyryn. «Türkmeniň ak öýüniň» içindäki toý barada aýtsam, megerem, döredijilik işgäri bolmasaň-da, döwrebap münberlerden tomaşa eden her bir ildeşimiz üçin ajaýyp görnüşler ylham çeşmesi bolan bolsa gerek. Şeýle toýlaryň «Höwri köp bolsun!». Toýuň dowamynda bir-birege aýdylan hoş sözler, gutlaglar, ýagşy niýetler — Arkadag Prezidentimiziň agzybirlik taglymatynyň rowaçlanýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Şol gün Balkan daglarynyň toýhana öwrülen goýny goja Zeminiň bu künjegine ýaraşyk berdi.
Maglumatlara salgylansak, «Türkmeniň ak öýi» dört gatly bolup, onuň umumy tutýan meýdany 11 gektara golaýdyr. 3000 orunlyk sadaka jaýy hem-de 3000 orunlyk tomaşaçylar üçin niýetlenen münberleri bar. Binanyň tutuş süňňi milli öwüşginlere beslenipdir. Göreniň gözüni dokundyrjak altynsow bilen ak reňkiň utgaşmagynda emele gelen bezeg sazlaşygy ak öýi has-da öwüşginli görkezýär. Binanyň aýlawynda ýerleşdirilen täsin göller, girelgesindäki çog gyzyl haly — «ýagşyny görmek — jennet» diýen nakylyň güwäsine öwrülýär. Hakykatdanam, «adam eli — gyzyl gül» diýleni! Bu milli Liderimiziň binagärlik ussatlygynyň, oý-pikiriniň, pähim-paýhasynyň, maksat-myradynyň şöhlelenmesidir. «Türkmeniň ak öýi» — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şanyna halkymyza berlen Şa serpaýydyr.
                                                    * * *
Ýogsa-da, goşa toý goşa bagty buşlady. Bu bagta dahylly bolmaklyk döwletlilikdir. Şanly günde hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny sowgat berdi. Ýadyňyzda bolsa, şeýle Şa serpaýyna lebaply ildeşlerimiz hem miýesser bolupdy. Şeýle taryhy pursatlar hakda çuňňur oýlanýarsyň welin, munuň ägirt uly ähmiýetli işlerdigine, halkyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna, şu gün hem-de eşretli geljek üçindigine magat göz ýetirýärsiň. Il-ýurt bähbitli, taryhy ähmiýetli beýik işleri bilen halkymyzy begendirýän Gahryman Arkadagymyza yzy üzülmeýän alkyşlar aýdýarys, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!
Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak».