Ulag diplomatiýasy: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Türkmenistan geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, ulag ba-batda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işlere aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugur ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň Konsepsiýasynda hem öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň kemala gelmegi onuň ulag babatda halkara hyz-matdaşlygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrendigini görkezýär.
Döwletimiziň ulag diplomatiýasy Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň sebitlerini Ýewraziýada stra-tegik durnuklylygyň mäkäm halkasyna öwürmegi, Ýewropa we Aziýa ýurtlaryny geljegi uly yk-dysady hyzmatdaşlar hökmünde jebisleşdirmegi, yklymara ähmiýetli ulag ulgamyny döretmegi maksat edinýär. Munuň özi häzirki zamanyň birleşdirilen üstaşyr ulag düzüminiň döredilmegini talap edýär, bu bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, goňşy sebitleriň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berer. Şunuň esasynda Merkezi Aziýa-ny we Hazar sebitini Ýewropa, Orta hem Ýakyn Gündogar bilen birleşdirýän, geljekde ony Hy-taý, Hindistan, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary ýaly iri ykdysady merkezlere çykar-maga mümkinçilik berýän täze geoykdysady giňişligiň gurluşynyň binýadyny tutmak maksat edi-nilýär. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, iri halkara we sebit guramalarynyň forumlarynda eden taryhy çykyşlarynda möhüm halkara meseleleri, hususan-da, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde ulag-kommunikasiýa düzümini ösdürmäge degişli meseleler boýunça başlangyçlar bilen çykyş etdi.
Ählumumy bazaryň iri pudaklaryny has tygşytly ugurlar bilen baglanyşdyrýan yklymara ulag-kommunikasiýa geçelgelerini döretmäge gönükdirilen uly möçberli taslamalaryň yzygiderli dur-muşa geçirilmegi üstünlikli ýöredilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň iş ýüzünde amala aşyrylýan-dygyny görkezýär. Şu jähetden alanyňda, hormatly Prezidentimiziň ulag howpsuzlygyny üpjün etmek we ýokary tehnologiýaly üstaşyr ulag düzümini döretmek baradaky başlangyçlary wajyply-gy bilen öňe çykýar. Çünki köp şahaly hem-de howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmegi äh-lumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegidir.
Türkmenistanyň ulag strategiýasy ýurduň üýtgewsiz taryhy ýörelgelerine we milli aýratynlyklara esaslanýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda köpugurly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasy-nyň döredilmeginiň, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýeti maksadalaýyk ösdürmäge hem-de ahyrky netijede, halkyň eşretli ýaşaýşyny ýokarlandyrmaga, durmuş häsiýetli maksatnamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini aýratyn nygtaýar. Türkmenistan halkara geçelgeleriň çatry-gynda ýerleşmek bilen, ýurdumyzda döwrebap ýollar, köprüler, halkara howa, demir ýol menzil-leri, portlar gurulýar. Bularyň ählisi häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden di-keldilmegine ýol açýar, syýahatçylygyň, medeni hyzmatdaşlygyň, söwda-ykdysady gatnaşykla-ryň rowaçlanmagyna şert döredýär.
«Logistika» adalgasy häzirki döwürde ulaglar ulgamynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek jähetin-den örän ýörgünlidir. Halkara hyzmatdaşlykda «logistika» adalgasyna önümiň, harydyň ýa-da hyzmatyň dolandyryş ulgamyny, ulaglar bilen daşalyşyny sazlaşdyrmak, ulgamlaşdyrmak ýaly toplumlaýyn işleriň kesgitlemesi hökmünde garalýar. Şeýlelikde, logistikanyň maksady önümi tiz wagtda we ygtybarly ýagdaýda öndüriji kärhanalardan alyjylara ýetirmekden ybarat bolup dur-ýar.
Halkara ýük daşalyşy amala aşyrylanda, dürli döwletleriň çäginden geçmek zerurlygy döreýär. Ulag logistikasy amala aşyrylanda, ulag görnüşleriniň we amatly ugruň dogry saýlanyp alynmagy ýükleriň alyja çalt we arzan gowşurylmagyna täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag logistikasy bu ulgamyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän, ykdysady pudaklary baglanyşdyrýan düşünje bo-lup öňe çykýar. Ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň girewidir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ulag ulgamynyň ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenendir. Olaryň hataryn-da ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, ulag hyzmatlarynyň eksportyny, esasan-da, ýurduň üstaşyr ýük geçirijiligini ýokarlandyrmak, ul-gamda halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga niýetle-nen iri halkara hem-de sebitleýin taslamalary öňe sürmek hem-de olary durmuşa geçirmek ýaly wezipeler bar.
2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Pre-zidentleriniň gatnaşmagynda birbada halkara ähmiýetli dört desganyň — halkara demir ýol geçel-gesiniň Akina — Andhoý böleginiň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, şeýle hem Kerki şäherinden Şibirgana çenli elektrik geçi-rijileriň işe girizilmegi milli ulag diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändigini görkezdi.
Şu ýylyň 23-nji iýunynda Kerki şäherinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen Halka-ra howa menziliniň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgelerini diwersifikasi-ýalaşdyrmak we ony sebitiň ählumumy ösüşiniň bähbitlerine peýdalanmak babatda edýän alada-larynyň subutnamasydyr. Bu howa menziliniň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň köp şahaly multi-modal üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiligini has-da artdyrar.
Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän Kerki Lebap welaýatynyň we tutuş ýurdumyzyň senagat hem ulag düzümleriniň işjeň kemala gelýän merkezleriniň biridir. Gadymy döwürlerden bäri türkmen Diýaryny Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň söwda hem-de medeni ýol-laryny baglanyşdyrýan merkez diýip atlandyrypdyrlar. Ýurdumyzyň çäklerinden adamzat siwili-zasiýasynyň ösüşinde ägirt uly orun eýelän Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Şoňa görä-de, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzir ady rowaýata öwrülen bu ýoly täze görnüşde gaýtadan dikeltmek ar-kaly dost-doganlyk ýollaryny dünýäniň çar tarapyna uzadýar. Ýurdumyzyň multimodal ulag inf-rastrukturasy bu gün sebitiň parahat, asuda, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilip, ählumu-my howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň berkarar bolmagyna hyzmat edýär.
Ine, ýakynda bolsa Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbü-ni tutmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen bu howa menzili sebit we sebitara üstaşyr ulag gatnawlarynda möhüm orny eýelär. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen täze howa menzili toplumy berkarar döwletimiziň raýat awia-siýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Türkmenistan syýasy, ykdysady mümkinçiliklerini ählumumy parahatçylygy hem ösüşi pugtalan-dyrmakda halkara hyzmatdaşlygyň peýdasyna ulanýar. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli da-şary syýasatyna esaslanýan ulag we aragatnaşyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ulag hyzmatdaşlygyny, sebitiň we dünýäniň halklarynyň abadançylygyny we uzak möhletleýin ösüşini üpjün etmäge, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga möhüm goşantdyr.
Nury KÖMEKOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar bara-daky komitetiniň agzasy.