BIZIŇ BAŞ ŞÄHERIMIZ

Gadym zamanlarda däl-de, bagtyýarlyk zamanynda «Aşgabat» diýen bir şäher bar eken. Ol şäheri görenler oňa aşyk diýýär.
Aşgabadyň görkanalygyny ertekilerdäki hyýaly keşplere deňäsiň gelýär. 
Aşgabat bagtyýarlyk eýýamynda hyýaly pikirleriň wysaly keşbine öwrüldi!
Ýogsa-da, siz gowy pursatlary, owadanlyklary diňe suratlarda synlap oňýaňyzmy?!
...Aslynda, fotosuratçylar owadanlygy ebedileşdirmek üçin fotosuratçylygy saýlap alýarlarmyka?! Onçasyny-ha biljek däl. Ýöne owadanlyklar seni fotosuratçy etjek.
...Agşam düşüberipdi. Ýokarky gatdan düşüp barşyma, balahananyň deňinden geçiberenimde, biygtyýar aýak çekdim. Durdum. Yzyma dolandym. Gözel zatlaryň deňinden geçip gidip bolarmy?! Ynha, gözellik! Ynha, owadanlyk! Her gezek geçenimde, balahanadaky bu görnüşler gözüme kaklyşýar. Gözellik bolar-da, heý-de, gözüňe ilmezmi diýsene?! Şäheriň bu reňňi-roýy dogup gelýän Gün kibi ýaldyrana döndi. Aşgabadyň asuda agşamynyň bu keşbi gözelligiň gaýmagydy. 

Bu görnüş kollaž suratlaryny ýatlatdy.
Kollaž — sazlaşygyň jemlenmesi. Bu görnüşler bolsa tebigy kollaž, şäheriň binagärlik we tebigy gözellikleriniň sazlaşygy! Gül nähili owadan?! Şäheriň bu owadanlygy edil bir çemene meňzeýärdi.
Asman asudalyk! Howa-da ýakymly, taryplamaz ýaly däl. Hanha, «Ýyldyz» görünýär. «Oguzkent» oteliniň binasynyň yşyklary-da simfoniki sazlaşygy döredýär. Bu myhmanhanalar türkmen döwletiniň myhmansöýerliginiň binasy bolup, halkymyzyň dost-doganlygyny, parahatçylyk söýüjiligini, döwletliligini alamatlandyrýar. Hatar-hatar binalar Köpetdag bilen bäs edýär. Belent binalar ýurdumyzyň ýeten belentlikleriniň durmuş ýüzündäki şöhlelenmesidir.
Hol dagyň gujagyndaky binasynyň esasyny Oguz hanyň sekizburçluk ýyldyzynyň şekili düzýän «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi asmandan düşen ýyldyzmyka diýdirýär. Ol hamana, jarçy ýaly çete, beýige çykyp, paýtagta hoş habarlary buşlaýan kysmy bolup didäňe ilýär. Ol dünýäde uly ýyldyzyň şekili, binagärlik sungatynyň iň uly sekizburçlugy.
Ynha, basym Köpetdagyň eteginde Magtymguly atamyzyň 300 ýyllygynyň hormatyna akyldar şahyrymyzyň ýadygärligi-de seleňläp görner. Onsoň Magtymgulynyň islän «berkarar döwletine» guwanyşyny görmek neneňsi ajap, neneňsi ebedilik bolar. Ata-babalarymyzyň nazary bilen seretsek, ýurdumyzyň bu gülleýşi, bu ösüşi görlüp-eşidilen zat däldir, elbetde! Paýtagtymyzyň binalary dünýä derejesindäki täsinlikleriň hatarynda! Dünýäniň täsinliklerini synlaýyn diýseň, şäherimize gezelenje çykaýmaly. Aýdylyşy ýaly, Aşgabat — rekordlaryň şäheri.
Belli žurnalist Kakaly Berdiýew: «..könesi bilen deňeşdirilende, her bir täze zat has göze doly görünýär hem hakydaňa mäkäm ornaşýar» diýýär. Bu söz taryh bilen şu günüň arasyndaky baglanyşygy döredýär, geçmişiňe düşünmäge, sapaly günlerimize gadyr goýmaga iterýär. Elbetde, mundan 73 ýyl öň, Aşgabat ýer bilen ýegsan bolupdyr. O waka Aşgabadyň ykbalynda agyr ýatlama öwrüldi. Şol wagt aşgabatlylar şäherimiziň häzirki sepgitleri hakynda pikir etdilermikä beri?! Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky «Mahabat» binasyna seredenimde, birwagtlar şeýle köçeler bolar öýdüp, oý-hyýallaryna getirdilermikä diýýärin. Şäherimiziň diňe edara-kärhanalary däl, indi aýlawly ýollaram sanly ulgam bilen. Dogrusy, öňler telewizoryň gytçylygy diýilýän döwürler telewizor görmekligiň özi hyllallamyş. Kimiň öýünde telewizor bar bolsa, şolarda üýşülip görlermiş. Indi şäherimiziň ýol ýakalaryna çenli telewizor kemi ýok. Çünki döwrümiz, döwletimiz dünýäniň innowasion ösüşi bilen deň gadam urýar.
...Balahanada ajaýyp görnüşleri synlap, ýakymly pikirlere berlipdirin. Gözüň ýagyny iýip barýan gözellikler ak ertirlerimize buýsanç duýgulary bolup, kalbyňa syrygýardy. Gözellik gözellik bolýar. Ondan doýma ýok.

«Gözel şäher sen, Aşgabat!»
Aşgabadyň gündizlerem owadan, gijelerem. Hatda howanyň her hili pursatlarynda-da şäherimiziň nuranalygy bar. Goýy ümürde-de giden birgeňsi pelsepe ýatandyr. Ýöne Aşgabadyň gijeleri diýenimde, şu pursatlar ýadyma düşdi.
Okuwymyzyň 1-nji ýyl talybydym. Surat sapagynda mugallymymyz Ahmet Sähetgylyjow talyplara indiki surat taslamasynyň erkin temadandygyny aýtdy. Talyplar «Näme çeksemkäm?» diýip oýlanýardylar. Men welin temany daşdan gözlemändim. «Üstünlik gapdalyňda» diýleni boldy. Gepiň keltesi, Aşgabat temasyny saýladym. Ýok, Aşgabadyň gündizlerini däl, gijelerini.
Şeýdibem, öňden bäri çekeýin diýip ýören şäherimiziň ýagty gijeligini suratlandyrmaga başladym. Gijelikdäki şäheriň dürli öwüşginli reňklerini kagyza geçirmegiň ýakymly lezzeti bardy. Şol duýgulary söýgüläp, sünnäläp, kagyza siňdirýärdim. Sebäbi Aşgabadyň gijeleriniň täsin hem täsirli bolşy deýin, onuň suratyny çekmegem gyzyklydy. Emma reňk gutujugymdaky 24 reňkli reňbe-reň boýaglar bilen onuň şugla saçýan owadanlygyny beýan etmek ýeterlik däldi. Mahlasy, söz bilen beýan edip bolmajak zada, asyl, reňkem azlyk eder eken.
Aşgabadyň agşamlary, Täze ýyl arçasy deý, bir gyldan bezemen bolýar. Şeýle hem çüwdürimlerem reňke boýalýar. Onsoň, olar reňkli suwlar ýaly, süýjüligi ýada salýar. Aýtsaň, aýdyp oturmaly: älemgoşar öwüşginli çyralar Gijegözel bolup öwşün atýar. Onuň ýagtylygy tüýs merjen şäheriň dür-merjenleriniň ýalkymyna öwrülip, Asman-Zemine görk berýär. Aşgabat — göýä ulugyz ýaly owadan! Onsoň, şeýle gözellikleri görüp, aýdymçynyň: «Gijeleriň seň owadan, gözel şäher sen, Aşgabat!» diýenine öz ýanyňdan hiňlenip gideniňi duýman galýarsyň.

Güller kimin görkana
Şäherde galapyn heýkelleriň ýa-da binalaryň öňünde surata düşülegen bolýar. Aşgabadyň seýilbaglarynda biri-birinden üýtgeşik gülleri göreniňde, onuň ýanynda-da surata düşesiň gelip dur. Seýilbaglar güller sergisini ýatladýar. Asyl, gülleriň ysy-da bir başgadyr. 
Güller diňe şäheriň seýilbaglaryna däl, giň köçelerinden başlap hemme ýerine ýaraşyk berýär. Ýoluň ýakasyndaky al-elwan güller türkmen zenanlarynyň keşde ýakasy kimin owadan. Özem şäherimize görk berýän bezegler millilik bilen keşdelenendir. Bu däp ýaly bolup, keçelerimizden köçelerimize çenli millilikden nusga alyp gelýär. Hatda ýollaryň gyrasyndaky yşyklandyryş sütünleri milli nagyşlar bilen haşamlanandyr. Şeýle hem şäheriň aýna ýaly tekiz, tämiz ýollarynda ýüzüň görnüp dur. «Elýaglygyňy köçä sürtseň, hapa ýokmaz arassa» diýleni — şäherimiziň şo derejede pamyk ýaly päkizediginiň delili.
Aşgabat aklyga deňelýär. Aşgabat päklige deňelýär. Ak mermerli paýtagtymyz gözelligiň mesgen-mekanydyr. 
Paýtagta peýwagtyna pyýada ýöremäge çykanyňda, barmaly ýeriňe nädip ýeteniňi-de bilmeýärsiň. «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy bolup işleýärkäk, baýramçylyk çärelerinde daşary ýurtlardan Aşgabada gelen sungat ussatlary bilenem söhbetdeş bolunýardy. Ençeme ýurtlarda döredijilik saparlarynda bolanlar köpügören bolýarlar. Şonda myhmanlar interwýu berenlerinde, Aşgabat hakynda-da aýtman geçmeýärdiler. «...Biz köp ýurtlarda bolduk. Aşgabat owadanlygy bilen ajaýyp sungat sazlaşygyny döredýär. Şäheriň mermer binalarynyň aklygy özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Aşgabat — ak şäher, arassa şäher» diýip, 170-den gowrak ýurtdur şäherleri gören beýik britaniýaly meşhur aýdymçy Joslin Stouker aýdypdy. Myhmanlaryň şular ýaly sözleri biziň şäherimiz üçin uly mertebedir. Bu sözleriň aňyrsynda döwlet Baştutanymyzyň ýurt üçin, halk üçin, nesiller üçin edýän derejeli, döredijilikli işleri bardyr. Parahatçylygyň paýtagty, Aziýanyň merjeni Aşgabat hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan dörän eserdir, gözelligi bilen giň äleme nuruny çaýýan taýsyz sungatdyr. O sungatyň jemalyna diňe il-günümiz däl, tutuş dünýä aşyk.
Guwanç MÄMIÝEW. 
Aşgabat şäheri.