DÖWREBAP ŞYPAHANALAR HALKYŇ HYZMATYNDA 

Türkmen topragy — şypaly köllere, melhem mekanlara baý ülke. Ýurdumyz tebigy mineral we şypa beriji palçykly suw çeşmelerine, bag zolaklary bolan sagaldyş we keselleriň öňüni alyş ugurly edaralara, ygtyýarlandyrylan şypahana hyzmatlarynyň toplumyna eýedir. Häzirki döwürde ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak ulgamynda şypahana kömegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanylýar. Dünýäde şypahanalarda hödürlenilýän bejergi usullarynyň ähli görnüşleri biziň ýurdumyzda hem ulanylýar. Olara tebigy klimatik, läbik bejeriji, balneologik «Berzeňňi», «Arçman», «Ýyly suw», «Farap», «Baýramaly», «Mollagara», «Awaza», «Daşoguz» , «Bagabat» ýaly şypahanalarymyz degişlidir. 
Ýurdumyzda şypahana işini ösdürmek ylmy esasda alnyp barylýar. Bu ugurda degişli ylmy-barlaglar bejeriş işini ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda guramaga mümkinçilik berýär. Türkmen alymlarynyň geçiren ylmy barlaglary arassa dag howasynyň, güneşli howada gezelenç etmegiň adamyň saglygyna, keýpiçaglygyna we ruhy ýagdaýyna oňyn täsir edýändigini tassyklady. Mundan başga-da ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we dürli keselleriň dikeldiş bejergisinde şypahana bejergisiniň uly ähmiýeti bardyr. Bu günki gün berkarar döwletimiz şypahanalar mekanyna öwrüldi. Täze we durky täzelenen binalarda anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümleri hereket edýär, olarda dynç alýanlar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şypahanalarda keselleri anyklamak we şypahana bejergisini geçirmek üçin zerur enjamlaryň ählisiniň göz öňünde tutulandygyny bellemeli. Ýurdumyzda hereket edýän şypahanalaryň hersiniň ýöriteleşen ugry, aýry-aýry bejeriş usullary bolup, «Awaza» şypahanasynda, esasan, mineral suw bilen, ýagny balneoterapiýa we palçyk bilen bejeriş agdyklyk edýär. Bu ýerde anyklaýyş-maslahat beriş, dikeldiş, fiziobejeriş bölümleri hereket edýär. Şypahananyň anyklaýyş we maslahat beriş bölüminiň rentgen anyklaýyş, ultrases barlagy, elektrokardiografiýa, barlaghana, stomatolog, aýal keselleri, iç keselleri, newrolog, kardiolog, dermatolog, göz keselleri, gulak, burun we bokurdak lukmanlarynyň otaglary bilen üpjün edilmegi raýatlary doly lukmançylyk barlaglaryndan geçirmäge, degişli maslahatlary bermäge ýardam edýär.
«Arçman» şypahanasynyň bejeriş suwunyň düzüminde kükürt, hlor, gidrokarbonatlar, natriý, kalsiý, magniý bar. Bütin ýylyň dowamynda onuň temperaturasy 28,2 — 28,5 gradus ýylylykda saklanýar. «Arçman» şypahanasy aşgazan-içege, bagryň, öt çykarýan ýollaryň kesellerini, deri kesellerini, daýanç-hereket synalarynyň, çetki nerw ulgamynyň kesellerini, ginekologik keselleri bejermekde giň meşhurlyga eýedir. 
«Ýyly suw» şypahanasy barada aýtsak, bu ýerde bäş sany suw guýulary bolup, olaryň üçüsi kükürtli-wodorodly mineral suwlar, beýleki ikisiniň biri bromly, ikinjisi bolsa ýodly mineral suwlardyr. «Ýyly suw» şypahanasy, esasan, iýmit siňdiriş ulgamynyň, daýanç-hereket, periferiki nerw, galkan şekilli mäziň kesellerini, ýokanç däl deri kesellerini, ginekologik keselleri, çaganyň dogabitdi merkezi ysmaz keselini, süýjüli diabeti, ýanykdan soňra uzaga çekýän ýaralary bejermäge ýöriteleşendir. 
«Berzeňňi» şypahanasy gatnaw şertlerindäki tebigy-bejeriş şypahanasy bolup, onuň esasy bejeriş faktory tebigy sulfatly, kalsiý-magnili mineral suwudyr. Onuň ýylylygy 36 gradus bolup, düzüminde kükürtwodorod, ujypsyz mukdarda mikrogoşundylar bolan ýod, brom, sink, marganes bar. Mineral suwy bejerişde ulanmak onuň gidroterapewtik häsiýetine esaslandyrylandyr. «Berzeňňi» şypahanasynyň mineral suwy ýokanç däl keselleriň tapgyrlaýyn dikeldişinde ulanylýar. Ýöriteleşen ion-kation düzümi, gazdoýgunlylygy we mikrogoşundylaryň bolmagy bu suwuň giň bejerijilik häsiýetini kesgitleýär. Şypahananyň bejeriji-naharhana suwy bejeriş amalynda dowamly gastritlerde, bagryň we öt çykarýan ýollaryň dowamly kesellerinde, peşew çykaryjy ýollaryň dowamly kesellerinde, ýürek-damar, dem alyş ulgamynyň, bedeniň iýmit siňdiriş agzalarynyň, nerw, bedeniň daýanç-hereket ulgamynyň kesellerinde, deri, allergiki, dürli ýanyklardan soňky ýagdaýlarda ulanylýar. 
«Farap» şypahanasynyň düzüminde üç sany guýy bolup, olaryň mineral suwlarynyň ýylylygy hemişe 39 gradusa deňdir. Suwuň düzüminde 32-den gowrak himiki mikroelementler bardyr. «Farap» şypahanasynda anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümleri hereket edip, ol iýmit siňdiriş, daýanç-hereket, gan aýlanyş ulgamlarynyň kesellerini, deri kesellerini, ginekologik keselleri bejermäge ýöriteleşendir.
«Daşoguz» şypahanasy iki bölümden, ýagny keselleri anyklaýyş we bejeriş bölüminden ybaratdyr. Anyklaýyş bölüminde, ilki bilen, näsaglara degişli barlaglar geçirilýär we keseller anyklanylýar. Döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş bölüminde suw arkaly dürli bejeriş işleri, ýagny mineral suwly wannalar, suwasty owkalama (gidromassaž), galwaniki wanna, dürli görnüşli duşlar (sirkulýar, Şarko), akwamassaž, suwasty oňurga çekiji bejeriş geçirilýär.
«Mollagara» şypahanasynyň bejeriş palçygy goýy gara palçyklar toparyna degişlidir we ol ýokary bejeriş aýratynlyklaryna eýedir. Beýleki şypahanalardan tapawutlylykda «Mollagara» şypahanasynda anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümlerinden daşary çagalar bölümi hem hereket edýär. Bu ýerde aşgazan-içege, öthaltanyň, bagryň, aşgazanasty mäziň sowuklama keselleri, böwrege çäge, duz ýygnanmasy, önelgesizlik, bil-oňurga keselleri, çaganyň dogabitdi merkezi ysmaz keselleri, süýjüli diabet, ýanykdan soňra uzaga çekýän ýaralar bejerilýär. 
«Bagabat» şypahanasynda, esasan, dem alyş ýollarynyň, nerw, daýanç-hereket ediş, endokrin, deri, peşew ýollarynyň keselleri we ginekologik keseller, iýmit siňdiriş, alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmalary bilen bagly ýüze çykýan näsazlyklar bejerilýär.
«Baýramaly» şypahanasy özboluşly mikroklimatly bolup, bu ýerde böwrek keselleriniň netijeli bejerilmegi üçin örän amatly şertler bar. Gün şöhlesiniň düşüşiniň özboluşlylygy bu ýeriň tebigy täsinligi bolup, ol dürli keselleri bejermekde uly ähmiýete eýedir. Bu ýerde raýatlarymyz ýylyň dowamynda böwrek, ýürek-damar, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň keselleri üçin bejergi alyp bilýärler.
Häzirki tomus paslynda şypahanalarda dynç almaga isleg bildirýänleriň sany barha artýar. Şypahanalarda berilýän bejergileriň has-da netijeli bolmagy üçin şahsy hem-de jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli, agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmaly. Yssy howada gyzyp gelip, sowuk suw içmekden, suwa düşmekden, sowadyjynyň öňünde derli ýa-da dürli bejergi usullaryndan soň durmakdan saklanmaly. Günüň göni şöhlesinden goranmaly. Köpräk miweleri, ter gök önümleri iýmeli. Ýeterlik mukdarda arassa agyz suwuny içmeli. 
Saglyk — ynsanyň başynyň täji. Ony gorap saklamak — her bir adamyň borjy.
Ogulmähri GELDIÝEWA, 
Türkmenistanyň Saglygy 
goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.