Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Orazmyradowiç Ataýew oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.
                                                ***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merdan Öwezowiç Annadurdyýew Halkara Pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy.
                                                ***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merkezi bankyň başlygy Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikow Halkara Pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.
                                                ***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa Ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary toplumyna gözegçilik etmek tabşyryldy.
                                                ***
Ministrler Kabinetiniň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şol bir wagtda Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy bolup durýan orunbasarynyň wezipesi ýapyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleriň bir aý möhletde taýýarlanylmagyny we Ministrler Kabinetine berilmegini üpjün etmäge borçly edildi.
                                                ***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşine Türkmenistandan wekilliginden boşadyldy.
                                                ***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşine Türkmenistandan wekil hökmünde bellenildi.
                                                ***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 134-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysadyýete geçmegi bilen bagly, ýerine ýetiriji häkimiýetiň we döwlet edaralarynyň gurluşyny amatly ýagdaýa getirmek, olaryň artykmaç wezipelerini aradan aýyrmak, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we kommunikasiýa toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesi ýapyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasarynyň garamagyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bölümleriniň düzümi we işgär sany tassyklanyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasaryna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleriň bir aý möhletde taýýarlanylmagyny we Ministrler Kabinetine berilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
                                                ***
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine:
Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi hakyndaky Düzgünnamanyň, agentligiň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny hem-de Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek;
“Türkmendemirýollary” agentligi, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi, “Türkmenawtoulaglary” agentligi, “Türkmenhowaýollary” agentligi hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi hakyndaky düzgünnamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.
                                                ***
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Baýramowiç Gylyjow Ahal welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Balkan welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmetmyrat Geldinyýazow Daşoguz welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Lebap welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew Mary welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekow Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi.
                                                ***
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek hem-de maliýe ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony guramaçylyk-hukuk görnüşi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankyna bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.
“Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankyny esaslandyryjylar hökmünde Maliýe we ykdysadyýet ministrligine — esaslyk maýadaky paýy 99 göterim hem-de Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna — esaslyk maýadaky paýy 1 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.
                                                ***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady, medeni, ylmy we tehnologik ösüşlerini mundan beýläk hem çaltlandyrmak, bilim ulgamynyň binýatlyk ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini hem-de dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, tölegli esasda bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, Bilim ministrliginiň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny, Türkmen döwlet maliýe institutyny, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek bellenildi.
                                                ***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim babatda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurluşy tassyklanyldy.
Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi, Ýaş diplomatlaryň mekdebini hem-de sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümini açmak bellenildi.
Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ulgamynda administratiw-tehniki işgärler boýunça ätiýaçlyk düzüminiň döredilendigi göz öňünde tutulyp, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkeziniň işi wagtlaýyn togtadyldy.
                                                ***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary Myratdurdy Orazdurdyýewe käýinç yglan edildi.
                                                ***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Atamyradow Azat Silapowiçe berk käýinç yglan edildi.
                                                ***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurt pulunda serişdeleriň gelip gowuşmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, maliýe we ykdysadyýet ministri Serdarow Muhammetgeldi Nurgeldiýewiçe duýduryş yglan edildi.
                                                ***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurt pulunda serişdeleriň gelip gowuşmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Amanow Batyr Amangeldiýewiçe duýduryş yglan edildi.
                                                ***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurt pulunda serişdeleriň gelip gowuşmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory Nurmuhammedow Guwanç Halberdiýewiçe duýduryş yglan edildi.
                                                ***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurt pulunda serişdeleriň gelip gowuşmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Saburow Döwran Reimbaýewiçe duýduryş yglan edildi.
                                                ***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.
                                                ***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine:
— okuwa kabul etmegi 2021-nji ýylyň 12-nji iýuly — 27-nji awgusty aralygynda guramak;
— okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçirmek tabşyryldy.
                                                ***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän döwlet ýolbaşçylaryny we gullukçylaryny, şeýle hem magistrleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki okuw ýyly) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;
2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti bäş aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;
2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täjirçilik arbitražy boýunça döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti dört aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;
2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;
2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna magistrleri taýýarlamak ugry boýunça okuwa (okuwyň möhleti bir okuw ýylyndan iki okuw ýylyna çenli) tölegli esasda kabul etmegiň meýilnamasy;
2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna diňleýjileri we talyplary kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibi tassyklanyldy.
(TDH).