Dogan dogana — gala (Garaşsyzlyk we türkmençilik ýörelgeleri)

«Nesil terbiýesinde türkmençilik ýoly» atly makalalar toplumyndan
Ata, ene, dogan, gelneje, giýew, doganoglan, dolanan, daýy, ýegen, ýegençi, gaýynata, gaýynene, gaýynaga, gaýynekeji, elti... bular maşgala gatnaşyklarynda biziň her birimize iň ýakyn hasaplanýan adamlar. Toý-tomaşamyzyň eýeleri, sadaka-märekämiziň janköýerleri, şatlyk-begenjimiziň şärikleri, gaýgy-gussamyzyň hemaýatkärleri. Biz durmuşda her günde, her ädimde, her minutda şular bilen berk gatnaşykda. Ýaýrawlary bilen agzybirligi, hormat-sylagy saklap bilýän maşgalalar ilimizde ýüze sylynýar, höwes edilýär. Göreldäniň gözbaşy, ýörelgäniň ýoldaşy hasaplanýar. Bularyň arasynda ata-eneden soň, iň ýakyn ezizleriň dogandyr. Halkymyz «Dogandyr ýüregiň başy, galany garyn daşy» diýmeýärmi näme?! Dogan — biziň bir jandan, bir tenden dörän mähribanymyz. Dogan — gadyryny bilip ýaşana arkadag hem howandar. «Doganyň dogana bahasy bolmaz» diýen dana Magtymgulynyň il içiniň göwher gaşy bolan ýörelgeleri özüne çelgi edinmegi bu günki günüň hakykaty.
Halkymyzyň alabaý itlerini sarpalaýşy ýöne ýerden däl. It: «Eýämiň ogly-gyzy köp bolsun, eýlä geçende biri bir omaça süňk oklar, beýlä geçende ýene biri bir döwüm çörek» diýermiş. Şeýle ýagşy doga-dilegler türkmeniň köp çagalylyk ýörelgelerine syrygýandygy üçinem ýadyňda galýar. Köp çagaly maşgalada önüp-ösmegiň höziri başga. Aga ýerinde agalaryň, gyz doganlaryň, iniň, uýaň seniň elmydama halyňdan habar alyp, ýagdaýyňy sorap, arzyňy diňläp ýörendir. Doganlaryň köp bolsa, çynar ýaly agalaryň egin deňläp dursalar, leýli ýaly gyz doganlaryň mähir bilen gurşasalar seniň durmuşa gadam basyşyňam, özüňe bolan ynam-ygtykadyňam başgadyr. Sebäbi uly doganlar ata-eneden soň, kiçileriň terbiýeçileri we hossarlarydyr. Umuman aýdylanda-ha, halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän şu köp çagalylyk ýörelgeleriniň terbiýeçilik ähmiýeti gaty uludyr. Käwagt gürrüňdeşlikde 10-11 doganly adamlar: «Wah, ata-enemiz görgüli bizi nädip ösdürip ýetişdirdikä? Nähili ýagdaýda bizi beýle durnukly, pespäl, adamkärçilikli terbiýeläp bildilerkä?» diýişýärler. Ýöne hakykatyň gözüne bakyp, oýlanyp oturanyňda welin, türkmeniň maşgala gatnaşyklarynyň, döwletli ýörelgeleriniň düýbünde şeýle asylly kada-kanunlaryň duranyna akyl ýetirýärsiň. Geçen pederlerimiziň, ilkinji nobatda, uly çagalaryna aýratyn üns bilen terbiýe berip, hünär öwredendiklerine düşünýärsiň. Soňra uly doganlaryň ýetişip, kiçilere hem göz-gulak bolup, ýykylmaz-sürüşmez, sögüşip-uruşmaz ýaly derejede terbiýe berip, hünäre ugrukdyrandygyna näçe diýseň mysal tapyp bolýar. Ylym-bilimde, hünär ussatlygynda ýokary derejä ýeten adamlar bilen söhbet edilende, olaryň köpüsiniň uly doganlarynyň goldaw-göreldesi bilen hünär saýlandyklaryny eşidýärsiň.

ULY DOGANYŇ ORNY
Ýaňky belleýşimiz ýaly, halkymyz çaga terbiýesinde nowbahar ogul-gyzlaryna aýratyn baha berip, kiçileriň terbiýesinde olary borçly edip goýupdyr. Ynam ýaly uly zat ýok. Özüne ynam bildirilen agalar we uýalar kiçi jigilerine elmydama çagalar bagyndan, mekdepden başlap, tä özbaşyna hojalyk bolup gidýänçä göz-gulak bolup, maslahat berip, uly doganlyk borjuny ýerine ýetirýärler. Şol sebäpli hem onuň agalyk borjuny doly ýerine ýetirmegi üçin, öýlenensoň dessine öý tutup, mal-garasyndan ýetdik paýyny berip, özbaşdak maşgala edip goýmagyň özboluşly manysy bar. Agzybir maşgala bolanda, är-aýal ýerli-ýerden zähmet çekip, öz aýaklarynyň üstünde durup biler ýaly derejede jan edýärler. Sebäbi yzyndan ýetip gelýän jigilerine hem öz ýerinde kömek etmek, maslahat bermek olaryň paýyna düşýär. Şeýlelikde, uly doganyň sylag-sarpasy artýar. Agzybirligiň maşgalanyň abraýyny artdyrýandygyna irgözinden düşünmek, ilkinji nobatda, ulularyň borjudyr. Sebäbi yzly-yzyna ogul öýerip, gyz çykarmak, ählisini ylymly-hünärli etmek ata-enä hem aňsat däl. Haçan-da ýetişip, öýli-işikli bolan doganlar öz aralarynda düşünişip, agzybir hereket edende, ata-enäniň hem ýüki ýeňleýär. Durmuşda şeýle sagdyn pikirlere gulluk edýän, maşgala abraýyny hemme zatdan ýokary goýýan adamlara gabat geleniňde, alkyşlanyňy duýman galýarsyň. Şeýle merdemsi, zähmetsöýer, mertebeli uly doganlar öz ýanýoldaşlaryna-da, ogul-gyzlaryna-da şular ýaly ýerlikli terbiýe berip bilýärler. Uly dogan öz borjuna düşünende, onuň aýaly kiçilere gelneje, ýeri gelende eje bolmagy başarýar. Gaýynenäniň ornuny tutup, baldyzlarynyň, ýüwürjileriniň maňlaýyny sypap, müň bir arzuw bilen ýola salýan gelnejelerem döwlet tapýandyr. Ýöne ilçilik-dä, «Bir goýundan agam dogar, gara-da» diýlişi ýaly, hemmeleriň häsiýeti deň bolmaýar. Öýli-işikli bolansoň, jigileriniň goltugyndan göterenden geçen, sähel zady bahana edip, gatnaşygy kesip ýören uly doganlar-da ýek-tük bolsa-da tapylaýýar. «Iş etjek ýol gözlär, göwnemeýän bahana» diýenleri-dä. Şeýle doganlaryň käbirine öýke-kine bahana bolsa, käbirlerine aýallarynyň täsiri güýçli bolýar. Ýa-da olaryň dessine eden kömekleriniň öwezini dolasy gelýär. Şeýle ýagdaýlarda olar ata-enesiniň hiç bir muzdsuz, gaýtargysyz özlerini dogrup, terbiýeläp ýetişdirip, iýdirip-geýdirip adam edendiklerini ýatlasalar kalplary köşeşerdi. Ata-ene gaýyp bolansoň, dogan ýeke-täk olaryň ornuny tutýan adam ahbetin.

KIÇI BOLMA, KIŞI BOL!
Inilerini-uýalaryny okadyp, öýli-işikli edip, är işini bitirýän ençeme agalary tanaýarys. Olar aýalyny, çagalaryny hem söýýärler, hor-zar etmeýärler. Şonuň bilen birlikde kiçi doganlaryny hem dogry ýola gönükdirýärler. Kiçiler bir ýetişensoň, olara hemaýat edip, öz ýüklerini özlerine ýükläp bilseň, ugrugyp gidýärler. Tüweleme, ylym-hünärde, döwletde-kuwwatda agalaryndan has uly rysgal-berekede eýe bolýan iniler tutuş maşgalasyny guwandyrýarlar. Uly doganlar hem jigileriniň şeýle derejä ýetip, gurplanyp gidişine tüýs ýürekden begenýärler. Sebäbi indi onuňam goltugyndan göterere, ýene-de öýli-işikli bolmaly jigilerine kömek bermäge ýardamçysy bar. «El eli ýuwar, iki el birigip — ýüzi» diýipdirler pederlerimiz. Öz hakyky inilik borjuna düşünýän adam şeýle dogry hereketi saýlap hem alýar. Doganlary bilen agzybir hereket edip, kömegini gysganman ata-enäni guwandyrýar. Jigileri öýlenip-çykanda, toý-märekede bir gädikde durup bilýär. Sebäbi akylly adam ýene-de birnäçe ýyldan öz ogul-gyzlarynyň hem ýetişjekdigine, hünärli, öýli-jaýly etmelidigine düşünýär. Şeýlelikde, doganlaryň agzybirliginde ähli işler aňsatlaşýar. Ýöne, arzuw etmek gowy bolsa-da, hemme zat oňa tabyn bolup durmaýar. Käteler kiçileriň öz durmuşynyň gadyryny bilýänden bolup, gyra çykýan ýagdaýlary hem ýek-tükrägem bolsa bolaýýar. Olar döwletiniň zyýadadygyna seretmezden, doganlaryna ýa-da kiçilere kömek edenden geçen, goşa-goşadan maşyn, jaý edinmegiň kül-külüne düşýärler. Ylahym, her kime päk zähmeti bilen şeýle derejelere ýetmek nesip etsin! Ýöne haçan-da, seni gara zähmeti bilen okadyp, öýlendirip hemaýat eden doganyňa kömek gerek bolanda, gyra çekilmek namartlyk saýylýar. Ýa-da «Agasy bar-la» diýip kiçileriň ykbalyna biperwaý seretmek, geljegiňe atanak çekmekdir. Sebäbi doganlaryň abraýy bilen maşgalanyň abraýy kesgitlenýändir. Ogul-gyz ýetişip gelýändir. Soralyp-idelende: «Pylanyýewler gaty gowy adamlardyr. Adam çykýan ýerlerdir» diýilmeginiň özi nämä degmeýär?! Şol sebäpli-de: «Şu-ýä agram göterip bilýär-ow» diýip, ähli ýüki agalaryň gerdenine atmak olary hatardan çykarmakdyr. Her bir zadyň, her bir adamyň öz çekip biljek ýüki bardyr. Haçan-da, üstüň agyr ýükli ýegşerip barýarkaň, gapdalyňdan göterişseler, şol ynsanperwer adam hiç mahal ýadyňdan çykmaýar. Onuň ýagşylygyny gaýtaryp bilmeseňem, ýüregiň bir burçunda gymmatly miras hökmünde durýar. Eliň uzap, agzyň aşa ýetende, onuň kömegini bir esse däl, esseläp gaýtarmak hakynda mydam oýlanyp gezýäň. Alla jandan doga-dileg edeniňde, edil özüňkileri ýagşy niýetlere besleýşiň ýaly, oňa-da uzak ýaş, egsilmez rysgal dileýärsiň. Ine, şonuň üçinem halkymyzda: «Toýuňda gaýtsyn!», «Biriň müň bolsun!», «Maňa eden ýagşylyklaryňyzy Allatagala iki esse edip, yzyna gaýtarsyn!» diýilýändir. Diýmek, jaý ýerinde ýat adamlar kömek edip, haýyşyňy bitirýän bolsalar, doganlaryň biri-birine hemaýat bermegi jana-jan borjy bolup durýar.
Bir garry goja ogul-gyzlaryna elmydama şol bir jümläni sargyt eder ekeni: «Dogan dogana galadyr, gadyryny bilmedige beladyr» diýip. Bela-beterden, howp-hatardan beýik Alla hemmämizi aman saklasyn! Birek-birege gala, dillerimize sena, üstümize pena bolmakdan ýetirsin!
Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».